Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Gutlag hatlarynda we telegrammalarda behişdi ahalteke bedewlerimiz, ajaýyp halylarymyz ýaly halkymyzyň köpasyrlyk taryhynyň dowamynda döreden gymmatlyklarynyň hatarynda türkmen alabaýlarynyň hem aýratyn orun eýeleýändigi nygtalýar. Batyrlyk, düşbülik, çydamlylyk, eýesine wepalylyk türkmen alabaýynyň häsiýetli aýratynlyklarydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda alabaýlaryň tohum arassalygyny gorap saklamaga we olary dünýäde giňden wagyz etmäge uly ähmiýet berilýär. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hormatly Prezidentimizi şanly baýram bilen mähirli gutlaýarlar hem-de tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan giň möçberli işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärler. Döwlet Baştutanymyza Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa iň gowy arzuwlaryny iberdi.