Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

26 Oktýabr 2024

40

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellene we ýurduň halkyna Awstriýa Respublikasynyň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Aleksandr Wan der Bellene tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Awstriýa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Beýleki bildirişler