Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň doganlyk halkyna milli baýram — Respublika güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdi.
«Häzirki döwürde türkmen-gazak gatnaşyklary örän giň ugurlar boýunça depginli ösdürilýär. Ýokary döwlet derejesinde emele gelen açyk, aýan we dostlukly gatnaşyklar, gürrüňsiz, bu ýagdaýyň esasy şerti bolup durýar. Siziň bilen geçirýän, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, sebit we halkara ýagdaýlaryň meseleleri ara alyp maslahatlaşylýan yzygiderli duşuşyklarymyz Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky we beýleki möhüm ugurlardaky gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de ösdürmek üçin berk syýasy esasa öwrüldi» diýip, hormatly Prezidentimiz hatynda belleýär.