Bildirişler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Gutlag hatlarynda hem-de telegrammalarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň ýaşyl tugunyň halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, onuň parahatçylyk, ynsanperwerlik, döredijilik ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýandygy nygtalýar. Bu üýtgewsiz gymmatlyklar raýatlaryň hukuklarynyň we azatlygynyň ygtybarly kepili, giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleriň berk binýady bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilendir. Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine gönükdirilen giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärler. Döwlet Baştutanymyza Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa Çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç!

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, medeniýet ministrleri derejesinde geçirilýän halkara maslahata gatnaşyjylara

Hormatly halkara maslahata gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar!

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

O.A.Çaryýew hakynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Orazmuhammet Atajanowiç Çaryýewi, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Bahreýn Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Er-Riýad şäheri) wezipesine bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Norwegiýanyň Patyşasy Harald V-ä Norwegiýanyň milli baýramy — Konstitusiýa güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Harald V-ä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Norwegiýa Patyşalygynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisine gatnaşyjylara

Hormatly sergä gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar!

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Gutlag hatlarynda we telegrammalarda türkmenistanlylaryň beýleki halklaryň wekilleri bilen bilelikde söweş meýdanlarynda mertligiň, gahrymançylygyň nusgasyny görkezendikleri, tylda tutanýerli zähmet çekendikleri bellenilýär. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, diplomatlar bu baýram mynasybetli döwlet Baştutanymyzy tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine durmuşa geçirýän asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärler. Hormatly Prezidentimize Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi I.Wolynkin, Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Tažibaýew, Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi R.Harazýan, Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory A.Beglow, Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň kollegiýasynyň başlygy B.Sagintaýew iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Resmi habarlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, halkymyzyň berekedi we azyk garaşsyzlygymyzyň kepili bolan bugdaýyň öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrmak, ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnamak, ammarlara, elewatorlara bökdençsiz daşamak hem-de däne öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda, ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2024-nji ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigine ýerlerde däne kombaýnlaryna tehniki hyzmat etmek işlerini talabalaýyk guramak arkaly orak möwsüminde olaryň öndürijilikli we bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi bilen şertnama baglaşmak esasynda ýygnalan bugdaý hasylynyň meýdanlardan kabul ediş nokatlaryna, şeýle hem ammarlara we elewatorlara wagtynda, ýitgisiz daşalmagyny, ulag serişdeleriniň bökdençsiz, ýokary netijeli işledilmegini üpjün etmäge borçly edildi. “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigine bugdaýy kabul ediş nokatlaryna, ammarlara, elewatorlara daşamakda beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem hususy eýeçilikdäki awtoulag serişdelerini şertnama esasynda