Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli köp sanly gutlag hatlary we telegrammalar gelip gowuşýar. Döwlet, jemgyýetçilik işgärleri, diplomatlar, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hatlarynda türkmen halkynyň Beýik Ýeňşi mukaddes hasaplaýandygyny belleýärler. Mertligiň, gaýduwsyzlygyň, mähriban topraga söýginiň belent nusgasyny görkezip, söweş meýdanlarynda wepat bolan gerçekleriň ýagty ýadygärliginiň ebedileşdirilmegine ýurdumyzda aýratyn ähmiýet berilýär. Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyzy bu baýram bilen mähirli gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez güýç-kuwwat, Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärler.
Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň işgärleriniň adyndan M.Çakyýew, G.Akmämmedow, A.Atamyradow, B.Annaýew, H.Hudaýgulyýew, D.Saburow tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.