Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

14 Maý 2024

91

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Gutlag hatlarynda we telegrammalarda türkmenistanlylaryň beýleki halklaryň wekilleri bilen bilelikde söweş meýdanlarynda mertligiň, gahrymançylygyň nusgasyny görkezendikleri, tylda tutanýerli zähmet çekendikleri bellenilýär. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, diplomatlar bu baýram mynasybetli döwlet Baştutanymyzy tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine durmuşa geçirýän asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärler.

Hormatly Prezidentimize Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi I.Wolynkin, Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Tažibaýew, Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi R.Harazýan, Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory A.Beglow, Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň kollegiýasynyň başlygy B.Sagintaýew iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Beýleki bildirişler