Bildirişler

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarowy, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Nepaldaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Nýu-Deli şäheri) wezipesine bellemeli.

Resmi habarlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny täze, kämil eserler bilen baýlaşdyrmak, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürmek, döredijilik işgärlerini täze eserleri döretmäge ruhlandyrmak, halkymyza medeni taýdan ýokary hilli we döwrebap hyzmat etmek, şeýle-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýurdumyzda Medeniýet hepdeliklerini türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň baýramy görnüşinde geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2025-nji ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek bellenildi. Resminama bilen, Medeniýet hepdeligini geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Medeniýet ministrligine, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine, Türkmen döwlet neşirýat gullugyna, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine hem-de Ahal welaýatynyň häkimligine Medeniýet hepdeliginde sungatyň, çeper döredijiligiň görnüşleri boýunça medeni çäreleriň geçirilmegini we olaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy ýollamak mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa we Premýer-ministri Narendra Modä ýurduň Uttar-Pradeş ştatyndaky dini ýygnanyşykda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelere getiren pajygaly basa-baslyk zerarly gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jozef Baýdene ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz hatynda Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky özara hormat goýmak, düşünişmek, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklary has-da ösdürmäge ygrarlydygyny beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko we dostlukly ýurduň ähli halkyna Belarus Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-belarus gatnaşyklarynyň biziň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Kanadanyň General-gubernatoryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kanadanyň General-gubernatory hanym Meri Saýmona we ýurduň ähli halkyna Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýurduň milli baýramy — Kanadanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, hanym Meri Saýmona tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, ýurduň halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli köp sanly gutlag hatlary we telegrammalar gelip gowuşýar. Hatlarda ýurdumyzda we sebitde ilkinji «akylly» şäheriň Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehini, pähim-paýhasy netijesinde bina bolandygy bellenilýär. Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher hukuk derejesine eýe bolan bu şäher Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň nyşany bolup durýar. Sanly, öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa we «ýaşyl» tehnologiýalara esaslanýan «akylly» şäheriň aýdyň nusgasy bolan bu taslamada ekologik abadançylyga, tebigatyň we adamyň özara baglanyşygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyzy bu şanly waka mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýarlyk, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatlaryna ýetmekde täze üstünlikleri arzuw edýärler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

E.M.Aýdogdyýew hakynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Muhammedowiç Aýdogdyýewi, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Bolgariýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) wezipesine bellemeli.

Arkadag şäheriniň hormatly ýaşaýjylaryna

Hormatly adamlar! Eziz watandaşlar!