Bildirişler

Onuň Aly­hez­re­ti, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti je­nap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Dog­lan gü­nü­ňiz my­na­sy­bet­li Si­ziň Aly­hez­re­ti­ňi­ze tüýs ýü­rek­den çyk­ýan gut­lag­la­ry­my be­ýan et­mek me­niň üçin uly şat­lyk­dyr we hor­mat­dyr. Si­ziň Aly­hez­re­ti­ňi­ze tüýs ýü­rek­den bil­dir­ýän dost­lu­gy­my, hor­ma­ty­my hem-de berk jan sag­lyk, bag­ty­ýar­lyk we uly üs­tün­lik­le­ri ga­zan­mak ba­ra­da­ky ar­zuw­la­ry­my ka­bul ediň!

Onuň Aly­hez­re­ti, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti je­nap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Dog­lan gü­nü­ňiz my­na­sy­bet­li Si­ziň Aly­hez­re­ti­ňi­ze tüýs ýü­rek­den çyk­ýan gut­lag­la­ry­my be­ýan et­mek me­niň üçin uly şat­lyk­dyr we hor­mat­dyr. Si­ziň Aly­hez­re­ti­ňi­ze tüýs ýü­rek­den bil­dir­ýän dost­lu­gy­my, hor­ma­ty­my hem-de berk jan sag­lyk, bag­ty­ýar­lyk we uly üs­tün­lik­le­ri ga­zan­mak ba­ra­da­ky ar­zuw­la­ry­my ka­bul ediň!

Onuň Aly­hez­re­ti, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti je­nap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hor­mat­ly Gurbanguly Mä­lik­gu­ly­ýe­wiç! Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Fe­de­ral Ýyg­na­gy­nyň Döw­let Du­ma­syn­da LDPR frak­si­ýa­sy­nyň de­pu­tat­la­ry­nyň adyn­dan we hut öz adym­dan Si­zi dog­lan gü­nü­ňiz my­na­sy­bet­li tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn.

Onuň Aly­hez­re­ti, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti je­nap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hor­mat­ly Gurbanguly Mä­lik­gu­ly­ýe­wiç! Si­ziň dog­lan gü­nü­ňiz my­na­sy­bet­li tüýs ýü­rek­den çyk­ýan gut­lag­la­ry­my hem-de berk jan sag­lyk, aba­dan­çy­lyk, eg­sil­mez güýç-kuw­wat, ru­hu­be­lent­lik, kal­by joş­gun­ly­lyk we jo­gap­kär­li işi­ňiz­de üs­tün­lik­le­ri ga­zan­ma­gy­ňyz ba­ra­da­ky ar­zuw­la­ry­my ka­bul ediň!

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlarynyň we telegrammalaryň yzygiderli gelmegi dowam edýär. Hatlary iberenler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň öňe tarap okgunly hereket edip, dünýäniň depginli ösýän ýurtlarynyň arasynda öňdäki orunlarda pugta orun alandygyny nygtaýarlar. Döwlet hem-de jemgyýetçilik işgärleri, diplomatlar, işewürler, kärhanalaryň, guramalaryň we edaralaryň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň raýatlary döwlet Baştutanymyzy ajaýyp waka bilen gutlap, milli Liderimize tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk hem-de ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärler.

Resmi habar

Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň in­no­wa­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dü­ri­lip, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de, ýur­duň eks­port kuw­wa­ty­nyň bar­ha ýo­kar­lan­ýan döw­rün­de ýo­ka­ry hil­li, bäs­deş­li­ge ukyp­ly ha­ryt­la­ry­my­zyň da­şa­ry ýurt ba­zar­la­ryn­da ýer­le­nil­ýän möç­ber­le­ri­ni art­dyr­ma­ga ýar­dam ber­mek hem-de «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­syn­da», «Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry yk­dy­sa­dy işi­ni ös­dür­me­giň 2020 — 2025-nji ýyl­lar üçin Mak­sat­na­ma­syn­da» göz öňün­de tu­tu­lan we­zi­pe­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti de­giş­li Ka­ra­ra gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň ser­gi­le­ri, ýyg­nak­la­ry we mas­la­hat­la­ry gu­ra­mak işi­ni kä­mil­leş­dir­me­giň 2020 — 2025-nji ýyl­lar üçin stra­te­gi­ýa­sy hem-de ony ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça çä­re­le­riň me­ýil­na­ma­sy tas­syk­la­nyl­dy. (TDH).

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine gutlag hatyny iberdi. Onda 29-njy iýunda bolan telefon arkaly söhbetdeşligi we onuň dowamynda Konstitusiýa üýtgetmeler girizmek boýunça umumyrussiýa ses bermegi üstünlikli geçirmegi arzuw edendigi mähir bilen ýatlanylýar. «Ses bermegiň dowamynda Russiýanyň halky öz saýlap alan ýoluny kesgitledi. Mümkinçilikden peýdalanyp, Sizi bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlamak isleýärin. Ses bermegiň netijeleri russiýalylaryň Siziň döwlet gurluşyny berkitmäge we ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen ýoluňyza ýokary ynamynyň we goldawynyň şaýady bolup durýar. Bu möhüm wakanyň Russiýanyň mundan beýläk-de ösmegine we onuň raýatlarynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna ýardam etjekdigine ynanýaryn» diýip, milli Liderimiz gutlagynda belleýär.

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň doglan günüňiz mynasybetli meniň tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň! 63 ýaş — pygamber ýaşy, geçilen durmuş ýolunyň esasy döwrüdir. Syýasatçy Prezident üçin munuň özi taryhy taýdan, bu wezipede öz halky we döwleti üçin amala aşyran işine baha bermekde möhüm tapgyr hem bolup durýandyr.

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek hakynda

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlarynyň we telegrammalaryň gelmegi dowam edýär. Hatlarda milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda daşary we içeri syýasatda Türkmenistanyň ägirt uly üstünlikleri gazanandygy hem-de sebit we dünýä derejesinde strategik we ykdysady hyzmatdaş hökmünde ykrar edilendigi nygtalýar.