Aşgabat, 29-njy iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Dostluky ýurduň baştutany milli Liderimizi 63 ýaşynyň dolmagy — yslam dünýäsinde Muhammet pygamberiň ýaşy hökmünde belent sarpa goýulýan sene bilen gutlap, berk jan saglyk, abadançylyk hem-de ýokary döwlet wezipesinde, jogapkärli we köpugurly işlerinde üstünlikler arzuw etdi.