Bildirişler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Gurban baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinden köp sanly gutlag hatlarynyň gelmegi dowam edýär. Döwlet hem-de jemgyýetçilik işgärleri, edaralaryň hem-de kärhanalaryň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň raýatlary döwlet Baştutanymyzy belent ruhy-ahlak gymmatlyklary, ynsanperwerligi we rehim-şepagatlylygy alamatlandyrýan baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlaýarlar hem-de milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, mähriban halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi tüýs ýürekden gutlamak mende ägirt uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Gurban baýramy mynasybetli köp sanly gutlag hatlarynyň gelmegi dowam edýär. Döwlet hem-de jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, diplomatlar, işewürler hatlarynda hem-de telegrammalarynda gadymy döwürlerden bäri parahatçylygy, agzybirligi we ruhy taýdan tämizligi alamatlandyrýan bu nurana baýramyň türkmen halkyna mahsus bolan hoşniýetlilik we ylalaşyklylyk ýörelgelerine ygrarlylygyň nyşanydygyny nygtaýarlar. Hatlary we telegrammalary iberenler döwlet Baştutanymyzy musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biri bilen tüýs ýürekden gutlaýarlar hem-de milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmak boýunça ägirt uly meýilnamalary amala aşyrmagyň, mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň bähbidine egsilmez güýç-gaýrat arzuw edýärler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow, zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri M.Sylapow, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow, sport we ýaşlar syýasaty ministri G.Agamyradow, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýew, Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy B.Amanow, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýew, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy G.Baýjanow, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy M.Rozyýe

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Hormatly Prezident, gadyrly doganym!

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine minnetdarlyk hatyny iberdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana iberen hatynda türk Liderine iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge berýän aýratyn ünsi we goşýan şahsy goşandy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz iberen hatynda Türkiýe Respublikasy bilen köpugurly we dost-doganlyk hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny gyşarnyksyz berkitmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň hemişe ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa

Bismillähir-rahmanir-rahim!Çuňňur hormatlanylýan belent mertebeli Prezidentimiz! Sizi ynsanperwerligi, hoşniýetliligi we ruhy päkligi dabaralandyrýan mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Gahryman hajy Arkadagymyz, Siziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, dünýäde parahatçylyk, dostluk, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen parasatly içeri we daşary syýasatyňyzyň, eziz Watanymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da beýgeldýän beýik başlangyçlaryňyzyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna mukaddes Gurban baýramy mynasybetli köp sanly gutlag hatlarynyň we telegrammalarynyň gelmegi dowam edýär. Gutlag hatlarynda ynsanperwerlik we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan, ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny alamatlandyrýan bu mukaddes baýramyň asylly maksatlara — halklaryň arasynda dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna çagyrýandygy nygtalýar. Döwlet hem-de jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary milli Liderimizi Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarlar hem-de hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagynyň bähbidine giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärler. Hormatly Prezidentimize gutlaglaryny Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary P.Agamyradow, Ç.Amanow, Ş.Durdylyýew, Ç.Gylyjow, M.Meredow, R.Meredow, M.Mämmedowa, G.Müşşikow, E.Orazgeldiýew, B.Öwezow iberdiler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Gurban baýramyny bellemek hakynda Türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek, sahawatlylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerimizden ugur alyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe merdana, ruhubelent halkymyzyň agzybirligini we jebisligini hasda berkitmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:

Türkmenistanyň Kanuny

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly adyny döretmek hakynda

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ka­ra­ry

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ka­ra­ry bi­len, Döw­ran Gur­ban­gel­di­ýe­wiç Çi­şi­ýew Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­my­nyň baş di­rek­to­ry we­zi­pe­si­ne bel­le­nil­di. (TDH).