Bildirişler

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary

Öri meýdanlaryny rejeli peýdalanmak, gowulandyrmak we gorap saklamak bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirmek, şeýle hem peýdalanylýan öri meýdan ýerlerini peýdalanyjylaryň we kärendeçileriň hukuklaryny goramak babatda ýer gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, öri meýdanlaryny peýdalanmaga we kärendesine bermegiň Tertibi, öri meýdanlarynyň peýdalanylandygy üçin tölegiň möçberi hem-de tölegi almagyň Tertibi tassyklanyldy. Welaýatlaryň häkimlikleri öri meýdanlarynyň peýdalanylandygy üçin tölegleriň doly möçberde we öz wagtynda alnyşyna gözegçilik etmäge borçly edildi.

Türkmenistanyň Kanuny

Adatdan daşary ýagdaýda halkara ynsanperwer kömegi hakynda Şu Kanun adatdan daşary ýagdaýda halkara ynsanperwer kömeginiň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny belleýär.

Türkmenistanyň Kanuny

Hukuk bozulmalarynyň öňüni almak hakynda Şu Kanun hukuk bozulmalarynyň öňüni alyş ulgamynyň hukuk we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär we onuň işleýşiniň umumy kadalaryny, hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň ýörelgelerini, esasy ugurlaryny, görnüşlerini we öňüni alyş taýdan täsir etmegiň usullaryny belleýär.

Türkmenistanyň Kanuny

«Türkmenistanyň Döwlet serhedi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda I. 2013-nji ýylyň 4-nji maýynda kabul edilen «Türkmenistanyň Döwlet serhedi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 19-njy madda; 2014 ý., № 4, 164-nji madda; 2016 ý., № 2, 98-nji we 103-nji maddalar; 2019 ý., № 1, 10-njy madda; 2020 ý., № 2, 23-nji madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçany girizmeli:

Türkmenistanyň Kanuny

Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda I. Türkmenistanyň şu kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri girizmeli:

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmenistanda pasport ulgamynyň işini kämilleşdirmek hakynda «Migrasiýa hakynda» hem-de «Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlaryna pasportlary resmileşdirmegiň we bermegiň, olary ýaşaýan ýeri boýunça ýazga almagyň hem-de ýazgydan çykarmagyň tertibini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:

Türkmenistanyň Kanuny

Bedenterbiýe we sport hakynda Şu Kanun Türkmenistanyň raýatlarynyň sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge gönükdirilip, Türkmenistanda bedenterbiýe we sport babatda esasy ýörelgeleri kesgitleýär, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär hem-de işiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny belleýär.

Türkmenistanyň Kanuny

«Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda I. 2013-nji ýylyň 4-nji maýynda kabul edilen «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 21-nji madda; 2014 ý., № 4, 153-nji madda; 2017 ý., № 1, 36-njy madda; 2018 ý., № 2, 55-nji madda) şu üýtgetmeleri girizmeli:

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň, talyp ýaşlarynyň, mugallymlarynyň we bilim işgärleriniň ýüzlenmesi

Çuňňur hormatlanylýan belent mertebeli Prezidentimiz! Siziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygyňyzda parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň — eziz Watanymyzyň her bir güni berkarar döwletimiziň syýasy, ykdysady, medeni kuwwatyny pugtalandyrýan, jebisligimizi we agzybirligimizi has-da rowaçlandyrýan şanly wakalara beslenýär. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň bereketli güýz paslynyň ilkinji gününde — 2020-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2020-2021-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine Gutlagyňyz bilen ýüzlenmegiňiz eziz Watanymyza, Gahryman Arkadagymyz, Size bolan belent buýsanjymyzy we söýgimizi joşdurýan şanly waka öwrüldi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine

Hormatly bilim işgärleri! Eziz ýaşlar!