HABARLAR

Bilim — adamzadyň bezegi

Täze 2024 — 2025-nji okuw ýylynyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Bu şanly güne çagalar baglaryna gatnaýan körpejelerden başlap, okuwçylardyr talyplar, ylym-bilim edaralarynyň işgärleri, mugallymlardyr terbiýeçiler, ata-eneler sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Gahryman Arkadagymyzyň ylym-bilimiň ösüşleri babatda aýdan çuň manyly jümleleri her bir bilim işgäri üçin ýol görkezijidir: «Ylym hem-de bilim adamzadyň bezegidir. Ähli döwürlerde beýik işler, beýik özgerişler ylmyň we bilimiň güýji bilen amala aşyrylypdyr. Ylma, döredijilige, zehine üns berilýän ýurt elmydama ösüşde, özgerişde, galkynyşda bolupdyr». Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň pähim-parasatynyň, taýsyz tagallalarynyň netijesinde berkarar Diýarymyz ylymlar we bilimler mekanydyr. Paýtagtymyzyň we Arkadag şäheriniň özboluşly binagärliginde, giň gerimli özgertmelerinde berkarar Diýarymyzyň durmuş-ykdysady, ylym-bilim taýdan beýik ösüşleri, ýokary ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligi aýdyň duýulýar. Geçen sanlyja ýylyň içinde ýurdumyzda ençeme täze döwrebap çagalar baglary, orta we ýörite orta, ýokary okuw mekdepleri, kitaphanalar guruldy, öňden bar bolanlary döwrebaplaşdyryldy, kämil tehniki enjamlar, kompýuterler we kitaplardyr gollanmalar bilen üpjün edildi. Şu günler bolsa ýurdum

Arzyly güne arzuwlar bilen

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň 2024 — 2025-nji okuw ýyly hem barha golaýlaýar. Sapaly tomus paslynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde dynç alýan çagalar bosagada duran täze okuw ýylyna uly hyjuw bilen başlamagy maksat edinýärler. Täze okuw möwsüminiň golaýlamagy bilen ähli bazarlarda, söwda merkezlerinde adamlaryň hereketi köpelip, bazaryň şowhuny has-da artýar. Okuw esbaplary satylýan dükanlardyr göçme bazarlaryň töweregi hemişe köp adamly. Ýurdumyzyň ähli welaýatlary bilen bir hatarda, gözel paýtagtymyzyň dürli künjeklerinde hem mekdep bazarlary hepdäniň ähli günlerinde halkymyza döwrebap hyzmat edýär. Biz hem golaýda «Globus» mekdep we ofis harytlary satylýan dükanda bolup, ol ýerde häzirki wagtda alnyp barylýan işler barada ýakyndan tanyş bolduk.

Sazlaşykly ösüşiň berk binýady

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ylym we bilim jemgyýetiň hem-de döwletiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmegiň berk binýadydyr. Şu hakykatdan ugur alnyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlaryndan badalga alan giň gerimli bilim özgertmeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly üstünliklere eýe bolýar. Welaýatymyzyň öňdebaryjy bilim işgärleriniň maslahatynyň çuňňur mazmunynda hem şeýle buýsançly hakykat mynasyp beýanyny tapdy. Balkanabat şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebiň mejlisler jaýynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen şygar astynda geçen maslahata welaýatymyzyň etrap-şäherlerinden gelen bilim işgärleri gatnaşyp, olar bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar. Sergi ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermekde ulgamyň gazanýan üstünlikleriniň özboluşly beýanyna öwrüldi.

Zähmetimizi, yhlasymyzy gaýgyrmarys

Röwşen geljegimiz bolan ýaş nesle milli ýörelgelerimiz esasynda döwrebap bilim-terbiýe berilýär. Munuň üçin ýurdumyzda ähli şert-mümkinçilikler bar. Bagtyýar ýaş nesillerimiz iň häzirki zaman ülňülerinde gurlan, täze tehnologiýalar, multimediýa enjamlary bilen üpjün edilen bilim ojaklarynda okaýarlar. Geçen ýyllaryň dowamynda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ösdürmek maksady bilen, taryhy ähmiýetli resminamalaryň birnäçesi kabul edildi. Okuwçylaryň oňat okamaklary we mugallymlaryň netijeli işlemekleri üçin zerur bolan hemme şertler döredildi. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen her ýylda 1-nji synpa okuwa barýan körpelere kompýuterleriň sowgat berilmegi hem aýdanlarymyzy ýene bir ýola tassyklaýan hakykatdyr. Ýene-de sanlyja günden täze okuw ýyly başlanar. Mugallymlaram, okuwçylaram täze okuw ýylyna täze güýç, täze hyjuw bilen gadam basarlar.

Kitap — älemiň çyragy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen ruhy baýlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan baý medeni mirasymyzy çuňňur öwrenmekde, kämilleşdirmekde, baýlaşdyrmakda uly işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi mähriban halkymyzyň, aýratyn hem, ýaşlaryň aň derejesiniň, dünýägaraýşynyň ýokarlanmagyna ýardam berýär. Halkyň aň kämilliginde kitabyň orny örän uludyr. Türkmen halky kitaba aýratyn sarpa goýýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Ylym-bilime, pähimli ýaşamaga bolan söýgi ata-babalarymyzyň zandyna ornapdyr. Şu ýerde türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň: «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýen sözlerini ýatlasak hem ýerlikli bolar» diýip belläp geçmegi hem munuň subutnamasydyr.

Ýaşlar — röwşen geljegimiz

Ajaýyp zamanamyzda ykdysady, syýasy, medeni we beýleki ulgamlar bilen birlikde, ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamy hem uly ösüşlere beslenýär. Ulgama sanly serişeleriň, öňdebaryjy kompýuter we multimediýa enjamlarynyň ornaşyrylmagy onuň ösüşiniň döwrebap hem toplumlaýyn häsiýete eýe bolmagyny üpjün edýär. Eziz Diýarymyzyň röwşen geljegi ösüp gelýän ýaş nesliň bilimine, zehinine köp derejede bagly bolup durýar. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlara bilim berlişiniň hiliniň ýokarlandyrylmagyna, halkara ölçeglere laýyk getirilmegine uly üns berilýär. Ýaş oglan-gyzlaryň häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny özleşirip bilmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Bilimiň mazmunyny baýlaşyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny gazanmak maksady bilen, sanly bilim ulgamynyň ösüşi çaltlandyrylýar. Ylmyň soňky gazananlaryny hem-de okatmagyň innowasion usullaryny bilim ulgamyna ornaşyrmagyň gerimi giňeldilýär. Bu bolsa ýaş nesle dünýä derejesinde bilim-terbiýe bermäge giň ýollary açýar.

Taýýarlykly barylýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: «Çagalar biziň kalbymyzyň buýsanjy, öýlerimiziň ýaraşygy, bagtyýar durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamatydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda erkana ýaýnaýan bagtyýar çagalarymyzyň rahat dynç alyp, okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrýarys» diýen çuň manyly sözleri bilim işgärlerini has-da döredijilikli işläp, döwrümize mynasyp, kämil bilimli nesli kemala getirmäge ruhlandyrýar. Şu nukdaýnazardan Kaka etrabynyň bilim işgärleri täze 2024-2025-nji okuw ýylyna ýokary taýýarlyklar bilen barýarlar. Bilim işgärleriniň usuly-amaly okuwlaryna we etrap maslahatyna işjeňlikde gatnaşan etrabymyzyň mekdep mugallymlary şu günler Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere ykjam taýýarlanýarlar. Täze okuw ýylynda birinji synpa gadam basjak 6 ýaşly çagalara hormatly Prezidentimiziň adyndan okuw kompýuterleriniň sowgat beriljekdigi has-da guwandyrýar. Bu mynasybetli geçiriljek dabaralara etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem uly ruhubelentlikde gatnaşar.

Bosagada täze okuw ýyly

Tejen etrabynyň umumybilim berýän mekdeplerinde täze, 2024-2025-nji okuw ýylyna göwnejaý taýýarlyklar bilen barylýar. Talabalaýyk bejeriş-abatlaýyş işleri geçirilen okuw otaglarynyň döwrebap diwarlyklardyr görkezme esbaplary bilen üpjünçiligi göwnüňi göterýär. Etrapda täze okuw ýylyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde bilim işgärleriniň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, olary okatmagyň usulyýeti boýunça düşünjelerini kämilleşdirmekde geçirilýän çäreler möhüm orny eýeleýär. Bilim işgärleriniň usuly-amaly okuwlary we etrap maslahaty hem bu babatda örän ähmiýetli boldy.

Täze okuw ýylyna taýýarlanýarys

Bilimler we talyp ýaşlar gününiň bosagasynda Ak bugdaý etrap bilim bölüminiň garamagyna ýaş hünärmenleriň 174-si, şol sanda ýokary okuw mekdeplerini tamamlan ýaşlaryň 136-sy, ýörite orta hünär okuw mekdeplerini tamamlanlaryň 38-si işe geldi. Ýaş hünärmenler bilen duşuşylyp, zähmet ýoluna gadam basjak mekdepleridir çagalar baglary bilen tanyşdyryldy hem-de halypa pedagoglara berkidildi. Ýaş hünärmenler täze 2024-2025-nji okuw ýylyndan ýaş nesle bilim-terbiýe berip, kämil bilimli ýaşlaryň kemala gelmegine özleriniň saldamly goşantlaryny goşarlar. Täze okuw ýylynda etrabymyzyň Bokurdak şäherçesinde 1200 orunly döwrebap orta mekdebiň we umumy ýaşaýyş jaýynyň açylyp, ulanylmaga beriljekdigi has-da guwançlydyr. Etrabymyzdaky bilim ojaklarynyň üstüni ýetirjek täze, döwrebap umumybilim berýän mekdebiň açylyş dabarasyna häzirki günlerden ýokary derejede taýýarlyik görülýär. Bu ýerde ýaş hünärmenleriň hem birnäçesi zähmet çekmek bagtyna eýe bolar.

Bilim ulgamy ösüşlere beslenýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Pähim paýhas ummany – Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzyň bilim işgärleriniň öňünde möhüm wezipeler durýar. Şol wezipeler, ilkinji nobatda, bilim syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, kämil bilimli, terbiýeli, watansöýüji, zähmetsöýer ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmekden, olarda Watanymyza, halkymyza söýgini, mukaddes Garaşsyzlygymyza hem-de hemişelik Bitaraplygymyza buýsanjy artdyrmakdan ybaratdyr. Şu maksat bilen, ýurdumyzyň ähli bilim-terbiýeçilik edaralarynda giň gerimli işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar hakynda edýän aladalary, ýaş nesliň kämil bilim almagy üçin döredýän giň mümkinçilikleri bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyny hem-de üstünliklere beslenmegini üpjün edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaşlaryň aň we ruhy taýdan sagdyn ösüşini kemala getirmek ugrunda yzygiderli işler amala aşyrylýar. Ýaş nesliň sowatly, arassa ahlakly bolup ýetişmeginde gurulýan döwrebap bilim edaralarynyň, şeýle-de olarda zähmet çekýän işine ökde bilim işgärleriniň iş tejribesiniň örän uly ähmiýeti bardyr. Dö