Kitap — älemiň çyragy

21 Awgust 2024
425

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen ruhy baýlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan baý medeni mirasymyzy çuňňur öwrenmekde, kämilleşdirmekde, baýlaşdyrmakda uly işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi mähriban halkymyzyň, aýratyn hem, ýaşlaryň aň derejesiniň, dünýägaraýşynyň ýokarlanmagyna ýardam berýär.

Halkyň aň kämilliginde kitabyň orny örän uludyr. Türkmen halky kitaba aýratyn sarpa goýýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Ylym-bilime, pähimli ýaşamaga bolan söýgi ata-babalarymyzyň zandyna ornapdyr. Şu ýerde türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň: «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýen sözlerini ýatlasak hem ýerlikli bolar» diýip belläp geçmegi hem munuň subutnamasydyr.

Gülşirin MEREDOWA,
Gyzylarbat şäher merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy.