HABARLAR

Ýaşlar öňe barýar Arkadag bilen!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýyly sahawatly ülkämize bagt bolup gelýär. Täze ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegi bütin dünýäde parahatçylygy ýola goýmak halklaryň arasynda birek-birege ynanyşmak arkaly dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda halkara giňişliginde aýgytly çykyş edip gelýän Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurdaky belent tutumlarynyň ykrarnamasydyr. Ajaýyp günler bilen gelýän hoş habarlar ruhuňy belende göterýär. Toýly günler bilen şöhratlanýan Watanymyzyň beýik ösüşlerini nazarlaýan sepgitleri, ýatdan çykmajak şanly wakalary dünýä ýüzüne ýaň salýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýaşlarymyzyň okuw, iş we durmuş şertlerini barha gowulandyrmak baradaky tutumlaryň gerimi barha giňeýär. Munuň özi bolsa geljekde Watany has hem ýokary sepgitlere ýetirmäge, ukyply ýaşlaryň kemala gelmegine badalga bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň paýhas dürdänesinden gözbaş alan ýaşlar syýasatynyň düýp mazmuny hem hut şu aýdyň maksada gönükdirilendir. Ýurdumyzda bu syýasaty üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli zerur bolan mümkinçilikleriň döredilýändigi biz, ýaşlary has hem buýsandyrýar. Her ýylyň özüniň rysgal-berekedi, şan-şöhraty bilen gelşi ýaly, «Tür

Ýylyň iň göreldeli okyjysy

Her ýylyň ahyrynda welaýat kitaphanasy bilen işjeň aragatnaşyk saklap, iň köp kitap okan okyjynyň «Iň göreldeli okyjy» atly bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Golaýda bäsleşigiň jemi jemlenip, Daşoguz şäherindäki 23-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Täjigül Abdykerimowa 2020-nji ýylyň iň göreldeli okyjysy diýlip yglan edildi. Şeýle bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň ýaş nesilleriniň kalbynda kitaba, çeper söze söýgini döredýär, okamaga bolan höweslerini artdyrýar. Biz muňa bäsleşigiň ýeňijisi bilen söhbetdeş bolanymyzda doly göz ýetirdik. -Kitap meniň iň ýakyn dostum, baş maslahatçym. Elim sypyndygy, kitap okamak bilen meşgullanýaryn. Çeper eserleri okap, dil baýlygymy artdyrýaryn, ylym-bilim öwrediji kitaplar arkaly dünýägaraýşymy giňeldýärin. Esasan hem, hormatly Prezidentimiziň gymmatly eserlerini höwes bilen okaýaryn. Mähriban Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby biz, ýaş nesiller üçin ullakan durmuş mekdebi, paýhas çeşmesidir-diýip, ýylyň iň göreldeli okyjysy Täjigül Abdykerimowa öz ýürek buýsanjyny biziň bilen paýlaşdy.

Milli terbiýede halk döredijiliginiň ähmiýeti

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli aňyýeti baýlaşdyrmakda, halkyň ruhy ýaşaýşyna oňyn täsir etmekde edebiýatyň, sungatyň we medeniýetiň ähmiýeti örän uludyr. Şonuň üçin hem ýaşlary terbiýelemekde halkymyzyň ruhy we milli gymmatlyklaryndan, edebi mirasymyzdan ugur alynýar. «Çagany — ýaşdan, edebi — başdan» diýlişi ýaly, halkymyz çagalara kiçiliginden ertekidir goşgularyň, sanawaçlaryň üsti bilen terbiýe berýär. Çaga terbiýesini edebiýatdan üzňe göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Her bir maşgalada çaga milli mirasymyz, sungatymyz we edebiýatymyz arkaly Watany söýmek, ata-enä hormat goýmak ýaly gylyk-häsiýetler öwredilýär. Köküni gadymyýetden alyp gaýdýan, dürli döwürlerde taraşlanylyp, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüne gelip ýeten milli edebiýatymyz, medeniýetimiz geljegimiz bolan ýaşlary terbiýelemekde, olary ylymly-bilimli adamlar edip ýetişdirmekde örän gymmatly gollanmadyr. Türkmen halkynyň akyl hazynasynyň esasy bölegi onuň asyrlaryň dowamynda döreden nakyllary we atalar sözleridir. Ähli zady durmuş terezisinde ölçemegi başaran ata-babalarymyz adamyň sözüne, hereketine, oturyp-turşuna seredip, onuň terbiýesine baha beripdirler. Şeýlelikde ajaýyp terbiýeçilik ähmiýetli eserleri döredip, nesillere miras goýupdyrlar.

Kämilligiň ýolunda

Türkmenabadyň Çagalar çeperçilik mekdebinde ýaşlaryň zehinlerini ýüze çykarmaga we ösdürmäge ýardam edilýär. Häzirki wagtda mekdepde çagalaryň iki ýüz otuza golaýy surat çekmegiň, haly dokamagyň, heýkel, küýze ýasamagyň usullaryny içgin öwrenýär. Okuwçylaryň günsaýyn kämilleşmekleri, höwesleriniň artmagy üçin bu ýerde tejribeli mugallymlar netijeli iş alyp barýarlar. ― Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygy bilen ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmaklary, giň dünýägaraýyşly hem-de döwrebap terbiýelenmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Ýaşlaryň kiçilikden zähmete höwesli, saýlan hünärlerinde ussat hem-de işbaşarjaň bolmaklary üçin welaýatlaryň ählisinde, şol sanda paýtagtymyzda Çagalar çeperçilik hem-de sungat mekdepleri açylyp, ulanylmaga berildi. Olarda çagalaryň bilim, terbiýe almaklary, hünär öwrenmekleri üçin zerur bolan ähli mümkinçilikler bar. Biz hem okuwçylaryň saýlan ugurlarynda barha kämilleşmeklerini gazanmak maksady bilen halypa suratkeşler, nakgaşlar bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýarys. Geçirilýän bäsleşiklerde okuwçylarymyzyň gazanýan üstünlikleri bolsa bizi diýseň begendirýär we has yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar ― diýip, mekdebiň müdiri Rüstem Bazarow guwanç bilen gürrüň berýär.

Halypa hakynda söz

Gahryman Arkadagymyzyň sowgat beren mekdebiniň — Murgap etrabyndaky 34-nji orta mekdebiň ilkinji müdiri Gapur Baýramalyýew bu mekdebiň agzybir mugallymlarynyň arasynda ykrar edilen halypa. Onuň dowamly kyrk bäş ýyllyk zähmet ýoly mekdep bilen baglanyşykly. Gapur Baýramalyýew 1976-njy ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh bölümini tamamlap, öz okan mekdebinde — Murgap etrabyndaky 10-njy orta mekdepde ilki başlangyç synp, soňra taryh mugallymy bolup işledi.

Mynasyp goşandymyzy goşarys

Ajaýyp döwrümizde halkymyz, aýratynam ýaş nesil barada edilýän aladalar hil taýdan täze derejelere göterilýär. Gahryman Arkadagymyzyň bagtyýar ýaşlaryň eşretli döwrümiziň ösen talaplaryna laýyk okap, bilim-terbiýe almagy, berk bedenli, sagdyn ruhly, ata Watanymyzy jany-teni bilen söýýän şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin durmuşa geçirýän işleri bimöçberdir. Ösüp gelýän ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe bermekde biz — mugallymlaryň üstüne uly jogapkärçilik düşýär. Belent wezipä hötde gelmekde hemme şertler döredilýär. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze mekdepleriň, çagalar baglarynyň we beýleki maksatly desgalaryň gurlup, ulanylmaga berilýändigi hem munuň aýdyň mysalydyr. Döwlet Baştutanymyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa geçirýän beýik işleri bizi mundan beýlägem döredijilikli, öndürijilikli zähmete ruhlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesillerimiziň bagtyýar geljeginiň hatyrasyna alyp barýan işlerine mynasyp goşant goşmak üçin mundan beýlägem yhlas-başarnygymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.

Durmuşymyzyň aýnasy

Hormatly Prezidentimiz kitap barada: «Kitap ähli döwürlerde islendik ýaşdaky adamy ruhubelentlige, ýüregini buýsanja, kalbyny ýaşaýşa bolan söýgä besleýär. Ol biziň geçmişimiz hem geljegimizdir» diýip belleýär. Döwlet Baştutanymyzyň ynsanperwer syýasatyny, il-ýurt bähbitli işlerini wagyz-ündew etmekde, ýaşlary belent ruhly, watansöýüji nesiller edip terbiýeläp ýetişdirmekde maksada okgunly işleri alyp barýarys. Çeper eserleriň üsti bilen ýaşlarda milliligi, ýokary ahlaklylygy, medeniýetliligi terbiýelemek biziň esasy maksadymyz hem borjumyz bolup durýar. Şonuň üçin biz — kitaphanaçylar okyjylaryň arasynda medeni-köpçülik çärelerini yzygiderli geçirip durýarys, edebiýat agşamlaryny, kitap sergilerini guraýarys. Arkadag Prezidentimiziň ýiti zehininden çykan eserleri ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Milli Liderimiziň ýurt Garaşsyzlygymyzy, baky Bitaraplygymyzy wasp edýän eserlerini okyjylar köpçüligine tanyşdyrmakda we wagyz-ündew etmekde yhlasymyzy aýamarys. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Sanly bilim — täzelenişi we döredijilikli ösüşi işjeňleşdiriji güýç

Ýagşy arzuw-umytlar bilen gadam goýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän bilim diplomatiýasynyň dabaralanýandygyna çäksiz buýsanjymy watandaşlarymyz bilen paýlaşasym gelip, elime galam aldym. Şonda ilkinji bolup serime dolan pikir döwlet Baştutanymyzyň ýaşlara ösen dünýäniň derejesinde kämil bilim bermek üçin edýän köpugurly tagallasy boldy. Şol tagallanyň netijesinde milli bilim ulgamymyzda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler mugallymlaryň döredijilikli işlemekleri, ýaş nesillerimiziň kämil bilim almaklary üçin giň mümkinçilikleri açýar. Bilim ulgamyna aýratyn üns berýän döwlet Baştutanymyzyň ýardamlaryndan hem-de sargytlarydyr öňde goýýan wezipelerinden ruhlanyp işleýän mugallymlar ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, olaryň bilim derejesini häzirki zamanyň ylmy gazananlaryna laýyk ösdürmek maksady bilen, zehin-ukyplaryny orta goýup işleýärler. Elbetde, munuň üçin dünýä bilim ulgamynda peýdalanylýan bilim bermegiň häzirki zaman usulyýetlerinden we okatmagyň iň täze tehnologiýalaryndan peýdalanmak zerurdyr. Hormatly Prezidentimiz bu babatda: «Başarjaň, ählitaraplaýyn bilimli hünärmenleri taýýarlamagy ýaşlykd

Sagdyn hem-de bilimli ýaşlary ýetişdirmek

Ýakynda jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň wezipeleri boýunça geçirilen maslahatda «Ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlap, millilik, maşgala mukaddesligi, sagdyn durmuş, arassa ahlaklylyk barada wagyz-nesihat häsiýetli duşuşyklary köpräk geçirmeli» diýip, milli Liderimiz öňde durýan işleriň esasy ugurlaryny görkezdi. Munuň özi bilim-terbiýeçilik, medeni-jemgyýetçilik ojaklarynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleriniň has-da işjeňleşdirilmegine, guramaçylyk we usulyýet babatda kämilleşdirilmegine, netijeliliginiň artdyrylmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Milli ýörelgelerimize laýyklykda, ýaşlara türkmençiligiň asyl nusgasynda terbiýe bermek wagyz-nesihat işi bilen berk baglanyşyklydyr. Şu nukdaýnazardan, milli jemgyýetçilik-köpçülik işlerinde ýaşlaryň terbiýesine we sagdyn ösüp kemala gelmeklerine bagyşlanan çärelere aýratyn orun berilýär. Bu asylly wezipeler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has-da kämilleşdirilýär we döwrüň ruhuna görä wagyz-nesihat çäreleri, medeni-jemgyýetçilik işleri işjeň amala aşyrylýar.

Öňdebaryjylaryň iş tejribeleri öwrenilýär

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesliň döwrüň talaplary esasynda bilim almagy, hünär we ylym öwrenmegi üçin bilim ulgamyna täzeçe usullar ornaşdyrylýar. Milli bilim ulgamynda ýaş nesle halkara ölçeglerine laýyk derejede ýokary hilli bilim bermek, edep-terbiýeli nesilleri ýetişdirmegiň öňdebaryjy tejribelerini mugallymçylyk işine giňden ornaşdyrmak, öz hünär ussatlygyny yzygiderli kämilleşdirmek bilim işgärleriniň esasy borjy bolup durýar. Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen usuly-amaly okuwlara bilim işgärleri uly höwes bilen gatnaşýarlar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda «Halkymyzyň eşretli, bagtyýar durmuşynyň gözbaşy ylym we bilim ulgamlaryny kämilleşdirmekdedir» diýen şygar bilen geçen usuly-amaly okuwa Balkanabat şäheriniň bilim işgärleri taýýarlykly geldiler. Iki gün dowam etjek usuly-amaly okuwlar şäheriň ýöriteleşdirilen 3-nji, 21-nji we 22-nji orta mekdeplerinde guraldy. Onda okuw maksatnamalaryny özleşdirmegiň netijeli usullary, okatmagyň innowasion tehnologiýalaryny, sanly serişdeleri sapaklarda giňden peýdalanmak bilen bilim bermegiň usullaryny has-da kämilleşdirmekde öňdebaryjy iş tejribeleri bolan hünärmenler diňlenildi. Şeýle-de, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, okuw dersleri çuňlaşdyrylyp okadylýan