Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli aňyýeti baýlaşdyrmakda, halkyň ruhy ýaşaýşyna oňyn täsir etmekde edebiýatyň, sungatyň we medeniýetiň ähmiýeti örän uludyr. Şonuň üçin hem ýaşlary terbiýelemekde halkymyzyň ruhy we milli gymmatlyklaryndan, edebi mirasymyzdan ugur alynýar.
«Çagany — ýaşdan, edebi — başdan» diýlişi ýaly, halkymyz çagalara kiçiliginden ertekidir goşgularyň, sanawaçlaryň üsti bilen terbiýe berýär. Çaga terbiýesini edebiýatdan üzňe göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Her bir maşgalada çaga milli mirasymyz, sungatymyz we edebiýatymyz arkaly Watany söýmek, ata-enä hormat goýmak ýaly gylyk-häsiýetler öwredilýär. Köküni gadymyýetden alyp gaýdýan, dürli döwürlerde taraşlanylyp, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüne gelip ýeten milli edebiýatymyz, medeniýetimiz geljegimiz bolan ýaşlary terbiýelemekde, olary ylymly-bilimli adamlar edip ýetişdirmekde örän gymmatly gollanmadyr. Türkmen halkynyň akyl hazynasynyň esasy bölegi onuň asyrlaryň dowamynda döreden nakyllary we atalar sözleridir. Ähli zady durmuş terezisinde ölçemegi başaran ata-babalarymyz adamyň sözüne, hereketine, oturyp-turşuna seredip, onuň terbiýesine baha beripdirler. Şeýlelikde ajaýyp terbiýeçilik ähmiýetli eserleri döredip, nesillere miras goýupdyrlar.