HABARLAR

Kitaba söýgi — bilime söýgi

Ýurdumyzda amala aşyrylýan bilim özgertmeleriniň esasy ugurlarynyň biri-de okuw kitaplarynyň üpjünçiligi bilen baglydyr. Kitaplary taýýarlamaga ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem işjeň gatnaşýarlar. Türkmen, rus dillerinde okadylýan mekdepleriň dürli synp okuwçylaryna niýetlenen kitaplaryň hili we mazmuny barha kämilleşýär. Olaryň okuwçylar üçin ulanmaga amatly, agramyndan başlap, bezegine çenli talabalaýyk bolmagyna aýratyn üns berilýär. Ýaşlarda döwrebap okuw kitaplaryna söýgi döretmek hem-de olary aýawly ulanmagy öwretmek bilim-terbiýeçilik işgärleriniň, ene-atalaryň borjudyr. Şu meselä ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz golaýda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda bilim edaralaryny okuw kitaplary we gollanmalary bilen ýeterlik derejede üpjün etmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini nygtap, okuwçylara kitaby aýawly saklamagy elmydama ündemelidigini tabşyrdy.

Sanly bilim — ösüşlere badalga

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikler döredildi. Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmenistanyň gülläp ösüşi, durmuşymyzyň mundan beýläk hem gözelleşmegi bilimli, ylymly, ukyply ýaş nesillere baglydyr» diýip bellemegi bilim ulgamyna döwleti hemmetaraplaýyn ösdürmegiň esasy şertleriniň biri hökmünde garap, ýaşlaryň bilim-terbiýesi barada uly alada edýändigini görkezýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim-terbiýeçilik edaralarynyň maddy-tehniki üpjünçiligi gowulanýar. Olaryň işini kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, üstümizdäki okuw ýylynda hem birinji synpa baran okuwçylara mähriban Arkadagymyzyň sowgady bolan, ýurdumyzda öndürilen «Bilimli» atly şahsy kompýuterleri sowgat berildi. Bu bolsa ýaş nesliň kompýuterden oňat baş çykarmagyna itergi berer.

Bezeg — kalba ylham

Welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda Balkanabat şäherindäki 44-nji «Çeşmejik» çagalar bakja-bagynda «Mekdebe çenli çagalar edaralarynda bezeg işleriniň alnyp barlyşy» atly usuly-amaly maslahat geçirildi. Çagalar baglarynda uly we kiçi toparlaryň otaglarynda bezeg işleriniň guralyşyny kämilleşdirmek hem-de mazmunly oýun burçlaryny talabalaýyk ýola goýmak, körpe nesle bilim-terbiýe bermekde öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen geçirilen çärä mekdebe çenli çagalar edaralarynyň müdirleri hem-de usulçylary gatnaşdylar.

Ýaş nesil — Watanyň geljegi

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym-bilim ulgamy ýurduň, jemgyýetiň ösüşini kesgitleýän möhüm ugurlaryň birine öwrüldi. Häzirki wagtda ulgamy halkara ölçeglerine laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň geljekde hem gülläp ösmegini bilimli, giň dünýägaraýyşly, ösen tehnologiýalardan ezberlik bilen baş çykarýan nesli kemala getirmek bilen baglanyşdyrýan döwlet Baştutanymyz ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, sanly ulgamy ösdürmek, diňe bir ýokary okuw mekdeplerinde däl-de, umumybilim berýän orta mekdeplerde hem öwredilýän daşary ýurt dilleriniň gerimini giňeltmek boýunça uly işleri amala aşyrýar. Elbetde, bilim ulgamynda alnyp barylýan özgertmeler döwletimiziň geljekki ösüşini üpjün etmeklige, ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynyň binýadyny pugtalandyrjak kämil hünärli ýaş nesilleri taýýarlamaklyga gönükdirilendir. Diýarymyzyň çar künjeginde bilim-terbiýeçilik maksatly täze binalaryň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi, olaryň dünýä ülňülerine gabat gelmegi, interaktiw-multimediýa enjamlary bilen üpjün edilmegi bolsa, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň barha berkidilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 

Beýik işlere buýsanjyň beýany

Welaýat Baş bilim müdirligi bilen çagalar bagymyzyň bilelikde guramaklarynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli «Parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly bilen» atly maslahat geçirildi. Bilim işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda guralan maslahatda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny ýokary derejede garşylamak, bilim ulgamynda göreldeli zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak hakynda giňişleýin gürrüň edildi. Ata Watanymyzyň at-abraýynyň, mertebesiniň geljekde has-da belende galmagynyň ýaş nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmeklerine baglydygy, jemgyýetde mynasyp orun tapyp bilýän kämil şahsyýetleri kemala getirmekde bolsa halkymyzyň milli ýörelgelerinden ugur alynmagynyň zerurdygy, bu babatda hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň ähmiýetiniň örän uludygy çykyşlarda buýsanç bilen nygtaldy.

Bilim özgertmeleri rowaçlanýar

Islendik özgertmelerimiziň gözbaşy bilimden gaýdýar. Diňe aňly-düşünjeli, häzirki zaman bilimlerinden habarly, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykaryp bilýän ýaşlar beýik döwleti gurmaga ukyplydyrlar. Şu wezipäni durmuşa geçirmekligi baş maksat edip goýan eziz Diýarymyzyň bilim ulgamy döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürilýär. Maksatnamalaýyn esasda durmuşa geçirilýän ylym-bilim özgertmeleri dünýäniň bu ugurdaky gazananlaryny içgin öwrenmek hem-de özleşdirmek nukdaýnazaryndan amala aşyrylýar. Ylym asyrynda esasy üns innowasion tehnologiýalara, sanly ulgamlara gönükdirilýär. Türkmenistan döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda bilim ulgamyny ösdürmek boýunça zerur bolan kanunçylyk binýadyndan başlap, maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Şunlukda, bu ugra sanly ulgamy ornaşdyrmak, bilimiň derejesini ýokarlandyrmak, hünär taýdan kämilleşdiriş meselelerini işjeňleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda hemmetaraplaýyn işler alnyp barylýar.

Kämil nesiller — Watanymyzyň geljegi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda beýik özgerişlere beslenýän ata Watanymyzda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaşlaryň ylymly-bilimli, öz käriniň ussady bolan kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribelerine laýyklykda ýurdumyzda bilim beriş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrüň ösen innowasion tehnologiýalary bilen üpjün edilýär. Munuň özi tehnikanyň ýokary tizlik bilen ösýän zamanasynda ýaşlara döwrüň talabyna görä bilim bermekligiň zerur şerti bolup durýar. 2017-nji ýylda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi hem bu ugurdaky möhüm ädimleriň biri boldy.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutyna okuwa çagyrýarys!

1. 2021-2022-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz instituty okamaga isleg bildiren orta bilimli, çagyryş boýunça harby gullugy geçen, harby gulluga meýletin girmäge isleg bildiren, ýaşy 24-den geçmedik ýa-da Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan, ýaşy 25-den geçmedik erkek raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça okuwa kabul edýändigini habar berýär. 2. Dalaşgärleriň ýaş derejeleri 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli hasaplanylýar.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine okuwa çagyrýarys!

1. 2021-2022-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine okamaga isleg bildiren, Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 12 ýyllyk okuw maksatnamasy boýunça 8-nji synpy tamamlan ýylynda 14-15 ýaşyny dolduran, sagdyn pikirli, beden taýdan sagdyn ýetginjek raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça okuwa kabul edýändigini habar berýär. 2. Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine okamaga isleg bildiren dalaşgärlerden Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 12 ýyllyk okuw maksatnamasynyň 8-nji synpyna çenli okuw maksatnamasynyň çäginde matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça test ýumuşlaryny ýerine ýetirmek hem-de türkmen dili dersi boýunça diktant kabul edilýär. Giriş synaglary türkmen dilinde geçirilýär.

Röwşen geljegiň binýady

Hormatly Prezidentimiz: «Häzirki döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň çäginde bilim ulgamyna aýratyn orun berilýär. Bilime jemgyýetimiziň öňe gitmeginiň, döwletimiziň mundan beýläk-de ösmeginiň binýady hökmünde garalýar» diýip belleýär hem-de ýurdumyzyň ylym, bilim binýadynyň barha pugtalanmagyna gönükdirilen giň göwrümli işleri alyp barýar. «Bilim hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň we beýleki kadalaşdyryjy hukuknamalaryň kabul edilmegi hem şonuň bilen şertlenendir. Ýaşlaryň bilim almaga bolan hukuklarynyň we azatlyklarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün edýän bu kanunçylyk-hukuk namalarynyň üstünlikli hereket etmegi bilen, ylymly-bilimli, giň gözýetimli, maksada okgunly, ökde hünärli we zähmetsöýer ýaşlar kemala gelýär. Hormatly Prezidentimiz 12-nji fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda ylym, bilim we terbiýeçilik ulgamlarynyň ösüşinde täze tapgyryň başlanandygyny aýratyn belläp geçdi. Ýeri gelende, bilim ulgamyny döwrebap derejede ösdürmegiň çäginde Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek, sanly bilim ulgamyny ösdürmek bilen baglanyşykly kabul edilen Konsepsiýalaryň ähmiýetiniň uludygyny bellemek gerek.