Tämizligiň saglyga täsiri

17 Fewral 2021
1206

Eziz Arkadagymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda çagalaryň bagtyýar ýaşamaklary, olaryň geljekde bilimli-sowatly, giň gözýetimli, Watana wepaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli ýerindäki döwrebap mekdeplerde, dünýä ülňülerine laýyk gelýän çagalar baglarynda tejribeli bilim işgärleri zähmet çekýärler.

Ata-babalarymyzyň: «Bar zadyň sakasy — saglyk» diýip belleýişleri ýaly, biz hem her günki guraýan okuw sapaklarymyzda çagalarda ýaşlykdan arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek endiklerini kemala getirmäge aýratyn üns berýäris, olara sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegiň hökmanydygyny düşündirýäris. Arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmegiň wajypdygyny düşündirmek bilen birlikde okuwçylara saglygyň gadyr-gymmaty barada giňişleýin gürrüň berýäris. Şunda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapdaky dürdäne nakyllardyr atalar sözlerinden peýdalanýarys. Bu kitapdaky «Akyldan artyk baýlyk ýok, saglykdan gymmat zat ýok», «Saglyk — baýlyk», «Saglygym bar — baýlygym bar», «Il saglygy — ýurt baýlygy» ýaly pähimler bilen okuwçylary tanyşdyryp, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegiň, arassaçylyk düzgünlerini talabalaýyk berjaý etmegiň möhümdigini aýdýarys. Şeýle-de ellerini ýygy-ýygydan ýuwup durmalydyklaryny, saçlaryny arassa saklamalydyklaryny, dyrnaklaryny wagtly-wagtynda aýyrmalydyklaryny, egin-eşiklerini hem örän tämiz saklamalydyklaryny, şu düzgünleriň ählisiniň olaryň sagdyn, berk bedenli bolup ýetişmeklerine täsir edýändigini düşündirýäris.

Nargiza REJEPOWA,
Çärjew etrabyndaky 25-nji orta mekdebiň mugallymy.