HABARLAR

Başlangyç synplarda çekimlileri öwretmek

Bilimiň özeni başlangyç synpdan başlanýar. Mugallym öz jogapkärli işinde çagalara çuňňur bilim, asylly terbiýe bermek üçin çalyşmalydyr. Ýaş nesliň döwrüň talaplaryna laýyk bilim we terbiýe almagy mugallymlaryň başarnyklaryna hem-de ukyplaryna baglydyr. Şu ýörelgeden ugur alyp, her bir temany çagalaryň aňly-düşünjeli özleşdirip bilmekleri üçin işimizi göwnejaý guramaga çalyşýarys. Çagalaryň sapaga işeňňir gatnaşmagyny gazanmak onuň täsirli guralyşyna baglydyr. Çekimliler umumy orta bilim berýän mekdepleriň 2-nji synplarynyň türkmen dili sapaklarynda öwredilýär. Bu temalary oňat özleşdirmegiň çagalaryň ýazuw kadalaryny aňly-düşünjeli öwrenmekleri üçin uly ähmiýeti bar.

Kämil ýaşlar kemala gelýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmäge, hünär taýdan kämil, watansöýüji, ilhalar ýaşlary terbiýelemäge uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamynda döwrebap işler durmuşa geçirilýär. Milli ýörelgelerimizden, dünýä tejribesinden ugur alyp, bilim berlişini kämilleşdirmekde, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmakda, usulyýeti ösdürmekde, aýratyn zehinli çagalary ýüze çykarmakda we olara dünýä dilleriniň öwredilişini mundan beýläk-de gowulandyrmakda maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.

Okuw maslahaty geçirildi

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda adam hukuklaryny goramak babatda Adalatçynyň orny boýunça okuw maslahaty geçirildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda geçirilen bu okuw maslahatynyň esasy maksady adam hukuklaryny goramak boýunça milli edaralaryň kazyýet edaralary bilen iş alyp barmaklary boýunça halkara tejribesini paýlaşmakdan ybarat boldy. Oňa Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwanynyň, welaýat prokuraturasynyň, kazyýet edaralarynyň, welaýat häkimliginiň işgärleri, degişli edaralaryň hünärmenleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Okuw maslahatynda ýurdumyzda adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, raýatlaryň durmuşy meseleleri bilen baglanyşykly kadalary milli kanunçylygymyza ornaşdyrmak, zenanlaryň we çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça alnyp barylýan işler dogrusyndaky çykyşlara giň orun berildi. Wekiller adam hukuklaryny goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek, raýatlaryň hukuklaryny we emläkleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmek bilen bagly milli meýilnamalary durmuşa geçirmek, döwlet, häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda raýatlaryň ýüztutmalaryna seretmek, degişl

Täjigistan Respublikasynda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdep açyldy

Her ýyl asylly däbe görä, Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzyň çar ýanynda täze binalar, döwrebap bilim ojaklary açylyp ulanylmaga berilýär. Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Soltanow adyndakydaýhan birleşiginde 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň açylyp ulanmaga berilmegi ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Bu döwrebap umumybilim berýän orta mekdebiň binasy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Döwlet gurluşyk» hojalyk jemgyýeti tarapyndan guruldy. Hojalyk jemgyýetiniň esaslandyryjysy Durdymyrat Çaryýew bilen beýik akyldarymyzyň adyny göterýän umumybilim berýän orta mekdebiň açylyş dabarasyna gatnaşyp, gyzykly maglumatlary ýazga geçirdik.

Bilimli nesil — röwşen geljek

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy maksatnamalaýyn işleriň aýdyň beýanydyr. Munuň özi bilim ulgamynyň has-da kämilleşmegini, onuň mazmun taýdan baýlaşmagyny, nurana geljegimiz bolan ýaş nesliň dünýä ülňülerine laýyklykda bilim-sowat almagyny üpjün edýär. Golaýda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistanyň hünär bilimi edaralarynda okaýanlaryň daşary ýurt dillerini özleşdiriş derejesini bahalandyrmagyň netijeleri boýunça «Daşary ýurt dilleri okatmagy mundan beýläkde kämilleşdirmegiň esasy ugurlary» atly usulyýet maslahaty geçirildi. Maslahatda daşary ýurt dillerini öwretmegi has-da kämilleşdirmek boýunça birnäçe çykyşlar edildi. Şol çykyşlaryň birnäçesini okyjylara ýetirmegi makul bildik. Selbi BATYROWA,Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ylmy işler boýunça prorektory:

Şanly wakalara buýsanç

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň ahlak terbiýeli, döwrebap aň-düşünjeli, ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, innowasion tehnologiýalardan baş çykarmaga ukyply adamlar bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde döwrebap kompýuterler, multimedialar, tehniki serişdeleridir okuw-görkezme esbaplary bilen üpjün edilen mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli ýaşlara döwrebap bilim babatdaky işler giň gerim bilen dowam etdirilýär. Ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertleri döretmek parahatçylyk, döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Muňa 1-nji sentýabrda — Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäheriniň ajaýyp binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşýan täze desgalaryň açylyş dabaralary aýdyň şaýatlyk edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň tä

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda ylmy we bilimi düýpli ösdürmek, onuň gazananlaryny milli ykdysadyýetde netijeli ulanmak, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ösdürmek ýaly möhüm meseleler ileri tutulýan ugurlaryň hataryna çykaryldy. Bilim ulgamyndaky öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylmagyny şertlendirdi. Döwrüň talap edýän ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamak wezipesi häzirki zaman bilim ulgamyny mundan beýläk-de özgertmegiň esasy ugry bolup durýar. Ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň elektron kitaphana gorunda professor-mugallymlaryň okuw kitaplarynyň, gollanmalarynyň nusgalary hünärmenler tarapyndan elektron maglumat görnüşine geçirilýär we ol maglumatlar gory yzygiderli baýlaşdyrylýar. Bularyň ählisi okamaga höwesli her bir raýat üçin giň mümkinçilikleri döredýär we bilim bermegiň hilini döwrebap derejä çykarýar. Bäsdeşlige ukyplylyk, innowasiýalar, täze iş orunlarynyň döredilmegi köp babatda tehnologiýalaşdyrmak işleriniň depgini bilen kesgitlenilýär. Beýik maksatlar rowaçlyklara, uly üstünliklere beslenýär. Ýurdumyzyň ösüşiniň häzirki döwürdäki batly gadamlary Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini, şan-şöhratyny artdyrmak bilen bir hatard

Bilim işgärleriniň iş tejribesinden

Çagalar bilen işlemegiň netijeli ugurlary Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeler bilen işlemek terbiýeçilerden ýeňil bolmadyk zähmeti talap edýär. Çagalar bagyna ýaňy gatnap başlan körpäni bu ýere uýgunlaşdyrmak, gyzyklandyrmak, onuň günde höwes bilen gatnamagyny gazanmak, elbetde, terbiýeçiniň tagallasyna we tejribesine bagly ýagdaýdyr. Mekdebe taýýarlaýyş toparlarynda çaganyň sapaklara üns bermegini gazanmaly. Bu döwür çaganyň oýunlarynyň azalyp, köp pikirlenip, akyl zähmeti bilen işlemegini talap edýär. Terbiýeçi sapaklaryň arasynda dynç alyş üçin çagalara sada oýunlary, hereketli maşklary ýerine ýetirdip, ýeňillik döredip biler. Şol pursatlar hem çaga üçin dynç almaga mümkinçilik berýär. Çagalar bagynda körpelere ähli sapaklar boýunça ilkinji düşünjeler öwredilýär. Bu bolsa çaganyň başlangyç synplarda has hem gowy okamagyna getirýär.

Döwrebap serişdelerden peýdalanmak

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiz ýaşlarymyzyň bilim derejesini ösdürmäge aýratyn üns berýär. Bu babatda ýurt möçberinde uly işler durmuşa geçirilýär. Esasan-da, kämilligiň gözbaşy hasaplanýan daşary ýurt dillerini öwrenmek esasy orunda goýulýar. Ýokary we orta mekdeplerimizde bilim alýan ýaşlara, esasan, türkmen, iňlis dilleri has ýokary derejede öwredilýär. Bu ugurdan guralýan sapaklar ýaşlaryň dünýägaraýşyny ösdürmäge ýardam edýär. Ýaşlara öwredilýän dünýä dilleriniň biri hem iňlis dilidir. Iňlis dilini bilmek, onuň inçe taraplary barada okuwçylara düşündirmek okuwçylarda bu derse bolan höwesi artdyrýar. Çagalar bagynda iňlis dili öwredilende, ilki bilen, suratlar arkaly işlemegi hem göz öňünde tutup bolar. Çagalar bagynda iňlis dilini öwretmek örän netijelidir. Çünki çagalara şol döwürden iňlis diliniň sözleri öwredilse, bu olaryň aňyna örän berk ornaşýar. Şonuň üçin hem iňlis dilini okatmagyň, çagalara öwretmegiň hem özboluşly usullary bar. Bu ýaşdaky çagalara, esasan, suratlar, ertekiler arkaly dil öwretmek mümkin. Soňra bolsa olara iňlis dilinde sanamagy öwretmek hem täsirli bolar. Bu olarda iňlis diline gyzyklanmasyny artdyrar.

Ene dilim — eziz dilim

Dil ynsana özüniň gören, eşiden zatlaryna bolan garaýşyny, hatda näzik duýgularyny beýan etmäge mümkinçilik berýär. Söz diliniň üm-yşarat arkaly düşünişmekden artykmaçlyklary mundan müňlerçe ýyl ozal ýörite dil hakdaky ylmyň döremegine sebäp bolupdyr. Ene dilimiziň köp asyrlyk baý taryhy bar. Türkmen dili özüniň zatlary atlandyrmak, olar hakdaky aň-düşünjäňi beýan etmek, başgalar bilen pikir alyşmak, durmuşdaky nogsanlyklary sözüň kömegi bilen düzetmek, adamzat gatnaşyklaryny sazlaşdyrmak, ata-babalarymyzyň durmuş tejribesini, pähim-paýhasyny geljekki nesillere ýetirmek ýaly jemgyýetçilik hyzmatlaryny iki görnüşde: sözleýiş dili hem-de ýazuw dili görnüşlerinde ýerine ýetirip gelýär. Halkymyz öz ene diliniň milli özboluşlylygyny saklap gelipdir. Onuň sözlük düzüminiň baýdygy, grammatik gurluşynyň kämildigi, labyzlylygy, täsirliligi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şu jähetden-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny ösdürmekde birnäçe konsepsiýalar bilim we terbiýeçilik işlerinde giňden ulanylýar. Şeýle hem «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy» aýratyn bellenmäge mynasypdyr.