HABARLAR

Di­zaýn ha­kyn­da­ky naý­ba­şy ki­tap­lar

1. W. Runge. Dizaýnyň, ylmyň we tehnikanyň taryhy. Birinji kitap. 2006 Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çuňňur hormatlanylýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda döwrebap dizaýn sungaty ähli ugurlar boýunça gülläp ösüşi başdan geçirýär. Soňky ýyllarda tutuş dünýä ýüzünde dizaýn sungaty arkaly uly özgerişler durmuşa geçirildi. Şol sanda Türkmenistan diýarymyzda hem sungatyň bu görnüşi günsaýyn ýokary ähmiýete eýe bolýar. Dizaýn sungaty boýunça ýokary ösüş şertleri halkymyzyň milli gymmatlygyny kämilleşdirdi we baýlaşdyrdy. Ol ýaşaýyş-durmuş kadalarynyň ähli wajyp çäklerini giňeldip, adamzat durmuşyna berk ornaşdy. Bu babatda Türkmenistanyň Dizaýnerler birleşiginiň alyp barýan giň gerimli işleri bellemäge mynasypdyr. Bagtyýar zamanamyzda her bir adamyň öz halan hünäri bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär, hünärleriň esaslaryny, düzgün-kadalaryny öwrenmek üçin olaryň taryhy we nazaryýeti hakynda kitaplar, ylmy maglumatlar taýýarlanylýar. Döwrebap dizaýn sungaty bilen tanyşmak, ony düýpli öwrenmek we özleşdirmek üçin, kitap maglumatlary doly düşünje berýär.

Ýokary tehnologiýalar milli bilim ulgamynyň hyzmatynda

Orta mekdepleriň häzirki zaman sanly dolandyryş ulgamy bolan «eMekdep» platformasy Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi tarapyndan işe girizildi. Häzirki ýokary tehnologiýalaryň bütin dünýäde giňden ornaşdyrylýan döwründe bilim işini yzygiderli sanlylaşdyrmaga gönükdirilen sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda anyk kesgitlenen wezipelere laýyklykda, 2021-nji ýylda hünärmenler «elektron mekdep» taslamasyny işläp taýýarlamaga girişdiler. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň sentýabryndaky Kararyna laýyklykda, bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, sanly bilim Konsepsiýasy tassyklanyldy. 2022-nji ýyldan başlap «eMekdep» platformasynyň ilkinji görnüşi dürli mekdeplerde synag edildi. Soňra bolsa ol mugallymlaryň, mekdep okuwçylarynyň we ata-eneleriň teklipleri nazara alnyp, has-da kämilleşdirildi. Mugallymlar üçin bu ulgamy netijeli ulanmak boýunça ýörite okuw sapaklary geçildi. Birinji tapgyrda — 2023-2024-nji okuw ýylynda okuw işlerini awtomatla

Kämil ýaşlary ýetişdirmekde dil biliminiň orny

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylym-bilim ulgamynda uly özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, daşary ýurt dillerini bil-ýän kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredil-ýär. Häzirki döwürde bilim ulgamynda amala aşyrylýan taryhy ähmiýetli özgertmeler döwrebap häsiýetlidir. Ýurdumyzda ýokary hilli bilim bilen bir hatarda ýaş nesliň döwrebap terbiýesi hem derwaýys hasaplanýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýaşlarymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi, watançylygyň belent ruhunda terbiýelenmegi, täze bilimleriň özleşdirilmegi bilen baglanyşykly möhüm wezipeleriň durmuşa geçirilýändigini aýratyn bellemek gerek. Ylym-bilimi öwrenmekde dil biliminiň hem möhüm orny bar, çünki dünýä dillerini bilýän hünärmen ylmy edebiýatlardan peýdalanyp bilýär. Dünýäniň ylmy edebiýaty bilen ýakyndan tanyşmakda daşary ýurt dilleriniň uly ähmiýetiniň bardygy bellärliklidir. Hawa, daşary ýurt dillerini öwrenmek dünýägaraýşymyzy giňeltmegiň, bütindünýä bilen aragatnaşyk saklamagyň möhüm şertidir. Häzirki döwürde daşary ýurt dillerini bilmek zerur hasaplanýar, çünki iň täze tehnologi

Bilim ulgamy täzeçil ösüşlere badalga

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesilleri terbiýelemek, sagdyn durmuşda ýaşamaklary üçin ähli mümkinçilikleri döretmek esasy ugurlaryň biridir. Bu günki gün nesil terbiýesine uly ähmiýet berilýär, bu babatda bilim özgertmeleri hem üstünlikli ýola goýulýar. Eziz Diýarymyz bagtly çagalygyň ýurdudyr. Hut şonuň üçin hem sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli ýaşlar kemala gelýär. Ähli zerur şertler döredilen döwrebap bilim ojaklarynyň gurlup ulanmaga berilmegi, okuw maksatnamalarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy, orta mekdeplerde ýaşlara bilim we terbiýe berýän mugallymlaryň bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagy, olary gaýtadan taýýarlamagyň we hünär derejesiniň kämilleşdirilmegi hem bu hakykaty dolulygyna tassyklaýar. Şu ýylyň 25-nji maýynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken degişli Karary bilen, “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy bilim ulgamyny ösdürmekde möhüm wakalaryň biridir. Ýaş nesillere ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleri, öwütündewleri esasynda bilim we terbiýe berlişini has-da kämilleşdirmek ýurdumyzyň milli

Täze eýýamda nesil terbiýesi

Biz ylmyň, tehnikanyň, tehnologiýanyň ösen dünýäsinde ýaşaýarys. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyzyň göz guwanjy hem geljegi bolan ýaşlary ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly edip ýetişdirmek üçin Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar. Täze taryhy döwürde watansöýüji, zähmetsöýer, aň-düşünjeli nesilleri terbiýelemekde mugallymlaryň öňünde uly jogapkärçilik durýar. Şunda ýaşlara halkymyzyň milli aýratynlyklaryndan we ýörelgelerinden ugur alnyp, estetiki terbiýe bermek aýratyn orny eýeleýär. Şeýle mazmunly terbiýe ösüp gelýän ýaş nesilde estetiki garaýşy, islegi, estetiki düşünjeleridir ruhy-ahlak kämilligi kemala getirmegiň we ösdürmegiň özboluşly, has täsirli görnüşi hökmünde ykrar edilýär. Estetiki terbiýe çaganyň durmuşyndaky ilkinji ädimlerinden, onuň zybana getirýän ilkinji sözlerinden hem-de edýän hereketlerinden başlanýar. Daş-töweregimizi gurşap alan durmuş gözelligi estetiki terbiýäniň serişdesi bolup durýar. Ol tebigat, adamlaryň jemgyýetçilik we döredijilik işleri, olaryň durmuşy, özara gatnaşyklary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Maksatlar aýdyň

Gahryman Arkadagymyz golaýda geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde eden taryhy çykyşynda geljekde hem ýurdumyzda döwrebap bilim edaralarynyň gurlup, ylmyň we innowasiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça tehnologiýalar merkezleri döredilse maksadalaýyk boljakdygyny hem-de dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň sanawyna girýän bilelikdäki ýokary okuw mekdepleri ýa-da olaryň şahamçalary açylsa, ýaşlarymyz üçinem, jemgyýetimiz üçinem bähbitli boljakdygyna ünsi çekdi. Halk Maslahatynda teklip edilişi ýaly, ýurdumyzda mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň we orta mekdepleriň sanynyň artdyrylmagy ýaş nesliň uly bölegini eýýäm irki ýaşlaryndan jemgyýetçilik durmuşyna çekmäge, olarda tertip-düzgüne bolan oňyn garaýşy terbiýelemäge, köpçülikde öz ornuňy tapmak endiklerini kemala getirmäge mümkinçilik berýär.

Kämil bilim — kämil şahsyýet

Islendik döwletiň ösüş derejesi ýurtdaky alnyp barylýan syýasatyň esasynda ýüze çykýar. Her bir raýatyň intellektual kuwwatyny ýokarlandyrmak, ylym we bilim ulgamyny dünýä tejribelerine daýanyp, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek ýaly öňde goýlan möhüm wezipeler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň hem esasy ugrudyr. Hut şonuň üçin, ýurdumyzyň has güýçli we sazlaşykly ösdürilýän ykdysadyýetinde gazanylýan üstünlikler we belent sepgitler ylym-bilim bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup durýar. Bu babatda gürrüň edilende türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň akyl-paýhaslaryndan dörän dürdäne kitaplar ýaş nesle bilim-terbiýe bermekde biz — mugallymlaryň iň ýakyn ýardamçysy. Şolaryň hatarynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilen kitaby her bir pedagogyň hem ygtybarly gollanmasydyr. Döwlet Baştutanymyzyň bütindünýä mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan gadymy Änew medeniýeti baradaky gymmatly maglumatlardan, ony düýpli öwrenmekde alnyp barlan arheologik barlaglar baradaky gyzykly gürrüňlerden söhbet açýan bu kitap taryhy gymmatlyklarymyzy öwrenmekde, olaryň ähmiý

Kämil hünärmenler taýýarlanylýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň her bir raýatyna ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlaryny bermek boýunça ähli ýerlerde täze saglyk öýleriniň, hassahanalaryň, halkara derejeli ylmy-kliniki, bejeriş we anyklaýyş merkezleriniň, şeýle hem şypahanalaryň, sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň gurlup ulanylmaga berilmegi saglygy goraýyş ulgamyndaky özgertmeleriň subutnamasy bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ulanylmaga berilýän saglygy goraýyş merkezlerinde raýatlarymyzyň saglygy bilen bir hatarda, ata Watanymyzyň asudalygy ugrunda gulluk edýän merdana Watan goragçylarymyzyň we olaryň maşgala agzalarynyň saglygy hakynda hem uly aladalar edilýär. Şol merkezlerde işlejek watansöýüji, giň dünýägaraýyşly, sagdyn lukmanlary ýetişdirmek babatynda edilýän aladalaryň nyşany bolan Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Harby lukmançylyk fakulteti hem hereket edýär. Bu fakultetiň esasy maksady Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň hem-de harby edaralarynyň lukmançylyk gulluklary üçin ýokary hünär bilimli harby lukmanlary taýýarlamakdan ybaratdyr. Harby talyp ýaşlara ýokary okuw mekdebimiziň beýleki kafedralary bilen bir hatarda, Harby lukmançyl

Bilim ulgamy üstünliklere beslenýär

Häzirki wagtda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak we okatmagyň innowasion usullaryny giňden ornaşdyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň ähli bilim edaralary sanly bilim tehnologiýalary bilen üpjün edilýär. Şeýle hem dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlaryny, interaktiw-multimediýa programmalaryny, okuw-görkezme esbaplaryny, maglumat kitapçalaryny, bilim portallaryny işläp taýýarlamak üstünlikli amala aşyrylýar. Ulgamda amala aşyrylýan şeýle özgertmeleriň netijesinde giň gözýetimli, sanly tehnologiýalara ökdelik bilen erk edýän, dünýä dillerini oňat bilýän, ukyp-başarnykly ýaş hünärmenler kemala gelýär. Olar dünýä dillerini öwrenmek bilen sözlük gorlaryny, dünýägaraýyşlaryny baýlaşdyrýarlar, elektron kitaplaryň, gollanmalaryň kömegi arkaly bilim derejelerini artdyrýarlar, halkara ders bäsleşiklerine gatnaşyp, üstünlik gazanýarlar. Bular Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň ýaşlaryny ylymly-bilimli, hünärli edip ýetişdirmek ugrunda durmuşa geçirýän bimöçber işleriniň ajaýyp miweleridir.

“Dil bilen dünýäni gezer”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň ylym-bilimli bolmaklaryna aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ylym-bilimi ösdürmekde, kämil hünärmenleri ýetişdirmekde ähli mümkinçilikleri döredýär. Esasan hem ýaşlaryň ene dilimizi çuňňur bilmekleri, daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şonuň netijesinde hem dil öwrenmek boýunça dürli ugurlardan tejribe toplanylýar. Şeýlelikde, şu günki ýaşlarymyz daşary ýurt dillerini suwara bilýärler, kämil hünärmenler bolup ýetişýärler. Häzirki zaman adamzat jemgyýetiniň ösüşinde dilleri öwretmegiň we özleşdirmegiň örän uly ähmiýeti bar. Daşary ýurtlaryň ösen tejribesini öwrenmekde, seljermekde, iň ygtybarlysyny durmuşa ornaşdyrmakda dil öwrenmäge uly orun degişlidir. “Dil bilen dünýäni gezer” diýen parasatly pikire uýan dana pederlerimiz diňe bir öz ene dilimizi däl, eýsem, beýleki dilleri öwrenmegiň hem möhümdigini nesillere öwüt edipdirler, çünki beýleki halklar bilen syýasy, ykdysady, medeni-sosial gatnaşyklary ösdürmekde we kämilleşdirmekde diliň örän uly ähmiýeti bardyr.