Kämil hünärmenler taýýarlanylýar

2 Oktýabr 2024
452

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň her bir raýatyna ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlaryny bermek boýunça ähli ýerlerde täze saglyk öýleriniň, hassahanalaryň, halkara derejeli ylmy-kliniki, bejeriş we anyklaýyş merkezleriniň, şeýle hem şypahanalaryň, sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň gurlup ulanylmaga berilmegi saglygy goraýyş ulgamyndaky özgertmeleriň subutnamasy bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ulanylmaga berilýän saglygy goraýyş merkezlerinde raýatlarymyzyň saglygy bilen bir hatarda, ata Watanymyzyň asudalygy ugrunda gulluk edýän merdana Watan goragçylarymyzyň we olaryň maşgala agzalarynyň saglygy hakynda hem uly aladalar edilýär. Şol merkezlerde işlejek watansöýüji, giň dünýägaraýyşly, sagdyn lukmanlary ýetişdirmek babatynda edilýän aladalaryň nyşany bolan Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Harby lukmançylyk fakulteti hem hereket edýär. Bu fakultetiň esasy maksady Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň hem-de harby edaralarynyň lukmançylyk gulluklary üçin ýokary hünär bilimli harby lukmanlary taýýarlamakdan ybaratdyr.

Harby talyp ýaşlara ýokary okuw mekdebimiziň beýleki kafedralary bilen bir hatarda, Harby lukmançylyk fakultetiniň kafedralarynda degişi ugurlar boýunça bilim berilýär. Lukman harby talyplary okatmak we terbiýelemek bilen bir hatarda, olara daşary ýurt dilleri hem hökmany ders hökmünde öwredilýär. Harby talyplara kämil lingafon otaglarynda okuw sapaklary guralyp, olaryň dil baýlyklaryny artdyrmaga we şol dilleriň üsti bilen daşary ýurt edebiýatlaryny okap, bilimlerini kämilleşdirmäge uly üns berilýär. Mundan başga-da, her ýyl geçirilýän okuw-türgenleşiklerine merdana Watan goragçylarymyz bilen bir hatarda, harby lukmanlarymyz we Harby lukmançylyk fakultetiniň harby talyplary hem gatnaşyp, meýdan şertlerinde harby hassahanalaryň ýaýbaňlandyrylyşyny öwrenýärler. Şolar bilen baglylykda, meýdan şertlerinde lukmançylyk kömeginiň berlişi boýunça hem hünär derejesini artdyrýarlar.

Annamyrat ANNADOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby lukmançylyk fakultetiniň uly mugallymy, lukmançylyk gullugynyň podpolkownigi.