HABARLAR

Kitap — bilimiň hem bagtyň çyragy

Kitaba söýgi hem sarpa türkmen halkynyň durmuş ýörelgesinde we nesil terbiýesinde uly orun alýar. Çünki kitap okaýan adamyň aňy bilim-düşünjeden, ýüregi mähir-muhabbetden, köňli ynsanperwerlikden pürepür dolup, onuň paýhas kämilligi, dil we duýgy baýlygy artýar. Bu hakykat akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýen jümlesinde hem aýdyň beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly nusgalyk eseriniň «Terbiýäniň çeşmesi — kitap» atly bölüminde halkymyzyň we tutuş ynsanyýetiň uzak taryhynyň dowamynda kitabyň hakyky mukaddeslige barabar ruhy-medeni nygmata öwrülendigi şeýle beýan edilýär: «Ata-babalarymyz kitabyň üstünden ätlemegi gaty ýokuş görüpdirler, hut şonuň üçinem «Gatlak-gatlak gatlama, gatlamadan ätleme» diýip, onuň mukaddesligini çörege barabar edipdirler. Kitap — içi maglumatlardan doly bilim sandygy, akyl jamy... Kitap adamzadyň köňül nagşydyr, ol medeni gymmatlyk hökmünde ruhy baýlyga öwrülip, adamlaryň ýüreklerine ýol salyp bilýär».

Daşary ýurt dillerini öwrenmegiň innowasion usullary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamy döwrebap kämilleşdirilýär. Bilim edaralarynda okatmagyň innowasion usullary ýola goýulýar. Bu usullary netijeli peýdalanmak bilen ýaş nesliň bilimli, terbiýeli, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi gazanylýar. Ýurdumyzyň bilim edaralarynda ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek işi ýokary derejede alnyp barylýar. Häzirki wagtda ylym-bilimi ösdürmek, ýaşlary giň dünýägaraýyşly edip ýetişdirmek esasy ugurlaryň biridir. Şunda daşary ýurt dilini bilmek we ony ulanmagy başarmak babatda ýaşlara giňişleýin düşünje berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaşlar daşary ýurt dillerini has-da oňat özleşdirýärler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda amala aşyrylýan taryhy ähmiýetli özgertmeler döwrebap häsiýetlidigi bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzda ýokary hilli bilim bilen bir hatarda ýaş nesliň döwrebap terbiýesi hem derwaýys hasaplanýar. Häzirki döwürde ýaşlarymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi, watançylygyň belent ruhunda terbiýelenmegi, täze bilimleriň özleşdirilmegi bilen baglanyşykly möhüm wezipeleriň durmuşa geçirilýändigini aýratyn bellemek gerek. “Dil bilen dünýäni gezer” diýen parasatly pikire uýan dana pederlerimiz diňe bir öz ene dili

Belent maksatlar rowaçlanýar

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň derejesine çykarmak maksady bilen, onuň önümçilik, senagat, şonuň bilen bir hatarda, intellektual kuwwatyny artdyrmak babatda durmuşa ornaşdyrýan özgertmeleri özüniň oňyn netijelerini berýär. Şu maksada ýetmek üçin zerur bolan toplumlaýyn çäreler üstünlikli durmuşa geçirildi, şol sanda ähli ösüşleriň berk binýadyny düzýän ylym-bilim ulgamynyň işi hem dünýäniň ösen tejribelerine laýyklykda alnyp barylýar. Türkmenistan Watanymyzda häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen bilim merkezleri giň gerim bilen gurulýar. Sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny gazanmak maksady bilen, sanly bilimiň ösüşi çaltlandyrylýar. Ylmyň soňky gazananlaryny hem-de okatmagyň innowasion usullaryny bilim ulgamyna ornaşdyrmagyň gerimi giňeldilýär. Bu bolsa bilimiň hiliniň ýokary bolmagyny üpjün etmek bilen, ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe bermäge giň ýol açýar. Sanly bilim ulgamyny ösdürmekde ýurdumyzyň bilim edaralarynyň ösen innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, mugallymlaryň hem-de okuwçylaryň kompýuter sowatlylygynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi örän ul

Bagtyýarlygyň ygtybarly çeşmesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen günsaýyn gülläp ösýän Watanymyzda bagtyýar halkymyz eşretli durmuşda ýaşaýar. Bedew batly ösüşlere beslenýän ýurdumyzda ýaşlara döwlet tarapyndan ýakyndan goldaw berilýär. Şeýlelikde, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary goldamak we höweslendirmek, ýaşlarda ruhy-ahlak duýgularyny terbiýelemek ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr» diýip, nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, ýaş nesillere mynasyp terbiýe bermek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bilim ulgamyndaky amala aşyrylýan oňyn özgertmeler ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň özgermegine, şonuň ýaly-da, dünýäniň bilim giňişligine üstünlikli goşulmagyna, ösen bilimlere esaslanýan jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň kämilleşmegine öz täsirini ýetirýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlaryň gujur-gaýratly, terbiýeli, akyl-paýhasly bolmalydygy baradaky pentlerini diňläp, öwrenip, ony ýerine ýetirmek, halal zähmet çekip, eziz Diýarymyzyň gülläp ösmegine uly go

Sanly tehnologiýalar durmuşymyzda

Häzirki wagtda jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda, şol sanda bilim ulgamynda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Ilatyň ýokary bilim derejesi islendik döwletiň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşiniň möhüm şertidir. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän durmuş ugurly döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Munuň özi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň özgertmeler ýoly bilen täze belentliklere tarap ynamly öňe barýandygynyň aýdyň güwäsidir. Ylmyň we tehnologiýalaryň häzirki ösýän döwründe sagdyn, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, zähmetsöýer, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent kadalaryna ygrarly nesli terbiýelemek mugallymlaryň we bilim işgärleriniň esasy wezipesidir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, innowasion tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň soňky gazananlary ornaşdyrylýar, bilim berlişiniň hili, okatmagyň usullary döwrüň talaplaryna laý

Kämilligiň berk binýady

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ylymdyr bilime täzelenişiň we döredijiligiň çeşmesi hökmünde ýokary baha berýär. Şonuň üçin hem milli bilim we ylym ulgamlarynyň işiniň hil taýdan halkara ülňülerine laýyk getirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Şeýlelikde, bilim özgertmeleri döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Döwlet derejesinde edilýän yzygiderli aladalaryň çäklerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmakda we pugtalandyrmakda düýpli öňegidişlikler gazanyldy. Netijede, çagalar okatmagyň iň kämil okuw enjamlary bilen birkemsiz üpjün edilen bilim-terbiýe ojaklarynyň eýeleri boldular. Olarda ýaşlar halkara ölçeglerine laýyk bilim öwrenýärler, milli ruhumyza laýyk terbiýelenýärler. Soňra bolsa arzuwlan hünärlerini ele almak üçin ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okuwlaryny dowam etdirýärler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim ulgamyndaky çuňňur özgertmeleri ýurdumyzyň köptaraply ösüşlerini täze belentliklere götermek, jemgyýetimizde sazlaşykly ösüşi gazanmak, ýokary tehnologiýalary durmuşymyza giňden ornaşdyrmak ýaly asylly maksatlar bilen berk baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, umumymilli ösüşiň möhüm şerti hökmünde sanly bilim ulgamyny hem-de sanl

Okuwçylaryň söz baýlygyny artdyrmak

Ynsanyň ömrüne baky hemra bolýan gymmatlyklaryň biri hem ene dilidir. Çünki dil ynsanyň pikirlenişi, oý-hyýallary bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem her bir adamyň öz pikirlerini kämilleşdirmegi üçin dil baýlyklaryny ösdürmegi gerekdir. Bu barada türkmen dili dersinden guraýan sapaklarymyzda hem temalar boýunça okuwçylaryň doly düşünmeklerini, maglumatlary özleşdirmeklerini gazanmaga çalyşýarys. Sapagyň ahyrynda we öýe ýumuş hökmünde okuwçylara türkmen diliniň düşündirişli sözlükleriniň I-II tomlary, orfografik sözlügi bilen aýratyn işlemeklerini tabşyrýaryn. Okuwçylara düşündirişli sözlüklerden on sözi, orfografik sözlükden hem on sözi ulanyp, sözlem içinde getirip, tekst düzdürýärin. Okuwçylaryň düzen tekstlerini birek-birege okadýaryn, ýalňyşlaryny ýüze çykarmaklaryny tabşyrýaryn. Soňra okuwçylar bilen ýalňyş üstünde bilelikde işlenilýär. Bular barada okuwçylaryň depderlerine bellik etdirýärin. Dil bilen baglanyşykly ençeme alymlaryň, dilçileriň, akyldarlaryň parasatly sözlerini hem okuwçylara ýatdan öwredýärin. Olara parasatly sözleriň manysy barada öz pikirlerini aýtdyrýaryn.

Edebiýat sapaklaryny täsirli guramak

Ýazyň hem güýzüň şahyry hasaplanýan Gurbannazar Ezizowyň döredijiligi, onuň şygyrlarynyň täsiri edebiýaty söýüjiler üçin aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Güýz paslynyň özboluşly keşbi, tarypy şahyryň şygyrlarynda giňden şöhlelenýär. Bu paslyň tarypy şahyryň dilinde söz bilen çekilen ajaýyp suratdyr diýsek has hem ýerine düşer. Edebiýatyň görnükli wekilleriniň biri bolan Gurbannazar şahyryň güýz baradaky şygyrlary edebiýat sapaklarynda öwrenilýär. Özümiň okadýan synplarymda güýz pasly bilen bagly guraýan sapaklarymyň täsirli bolmagy üçin taýýarlanýaryn. Sapakda şahyryň peýzaž, tebigat hakdaky goşgularynyň içinde altyn güýz baradaky goşgularynyň aýratyn saýlanyp durýandygy, ol goşgularyň şahyryň «Ýer-gögüň arasynda» atly ýygyndylar toplumynda ýerleşdirilendigi barada okuwçylara maglumat berýärin. Şahyryň bu ajaýyp pasla bagyşlap, «Güýz», «Güýz peýzažy», «Sonetler çemeni» ýaly şygyrlarynyň mazmuny barada okuwçylara giňişleýin düşünje berýärin. Şahyryň güýz paslyny hiç bir şahyra meňzemeýän derejede täsirli taryplandygyna goşgy setirleriniň üsti bilen okuwçylaryň ünsüni çekýärin. Mysal üçin:

Bilim işgärleriniň iş tejribesinden

Sözleýiş medeniýetini ösdürmegiň aýratynlyklary Mekdeplerde islendik sapaklar boýunça öwredilýän maglumatlar okuwçynyň umumy ösüşine täsirini ýetirýär. Şunda türkmen dili we edebiýat sapagyna aýratyn orun degişlidir. Çünki okuwçylar dersiň üsti bilen öz pikirini dogry beýan etmegi, sözleýiş medeniýetini öwrenýärler. Okuwçynyň türkmen diliniň serişdelerinden peýdalanyp biliş derejesi näçe ýokary boldugyça, mekdepde geçilýän beýleki derslerden berilýän bilimleri özleşdirip bilmek mümkinçiligi ýokarlanýar. Türkmen dili sapaklary okuwçylaryň logiki pikirlenmesini ösdürmekde täsirli serişdeleriň biridir.

Çagalarda tebigata söýgi döretmek

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän çagalary görýän, eşidýän, bolýan wakalar bilen ýakyndan tanyşdyrmak, öwretmek, düşündirmek ilkinji zerurlyklaryň biridir. Çaga başlangyç synpa barmazyndan öňürti mekdebe çenli çagalar edaralarynda guralýan sapaklar boýunça ýönekeýje düşünjeler öwredilýär. Olary çaganyň oňat özleşdirmegi üçin terbiýeçiler görkezme esbaplaryndan, gezelençlerden peýdalanýarlar. Daş-töwerek we tebigat bilen tanyşmak sapagymyz boýunça çagalara häzirki paslymyz barada giňişleýin düşünjeleri berýäris. Güýz paslynda ene toprakdan hasyllaryň ýygnalýandygy barada gürrüň berilýär. Gawun, garpyz, pagta, käşir, üzüm we beýleki ekinleriň ýyglyp, ýerleriň geljekki hasyl üçin sürlüp, taýýarlanyp goýulýandygy barada aýdýarys. Çagalar özleriniň iýýän gawun, garpyz, alma, şetdaly, pomidor... ýaly miwedir gök-önümleriniň atlaryny sanaýarlar. Bu sapak boýunça çagalara öz halaýan miweleriniň suratlaryny çekmegi öwredýäris. Güýz paslynda howanyň sowamagy bilen guşlaryň hem ýyly ýurtlara uçup gidýändigi barada slaýd şekilleriniň üsti bilen gürrüň berýäris. Olara gündelik görýän guşlarynyň atlaryny sanadyp, nähili guşlary bilýändikleri hakynda gürrüň berdirýäris. Olara tebigat bilen ýakyndan aragatnaşyk saklamalydygy