Sanly tehnologiýalar durmuşymyzda

15 Oktýabr 2024
516

Häzirki wagtda jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda, şol sanda bilim ulgamynda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Ilatyň ýokary bilim derejesi islendik döwletiň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşiniň möhüm şertidir. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän durmuş ugurly döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Munuň özi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň özgertmeler ýoly bilen täze belentliklere tarap ynamly öňe barýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Ylmyň we tehnologiýalaryň häzirki ösýän döwründe sagdyn, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, zähmetsöýer, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent kadalaryna ygrarly nesli terbiýelemek mugallymlaryň we bilim işgärleriniň esasy wezipesidir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, innowasion tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň soňky gazananlary ornaşdyrylýar, bilim berlişiniň hili, okatmagyň usullary döwrüň talaplaryna laýyklykda ýylsaýyn kämilleşdirilýär. Bularyň ählisi ýaşlaryň ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda hormatly Prezidentimiziň edýän taýsyz tagallalarynyň aýdyň subutnamalarydyr. Ýurdumyzda döwrebap täze mekdepler, çagalar baglary, ýokary okuw mekdepleri açylyp ulanmaga berilýär. Şunda bilim bermegiň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak, sanlylaşdyrmak we sanly tehnologiýalar ulgamynda dünýäniň hem ýurdumyzyň bu ugurda gazananlaryndan netijeli peýdalanmak aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Şeripmuhammet HOJAÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.