HABARLAR

Göwher kalpdan dörän dürdäne eser

Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň elimize gowuşmagy ruhlarymyzy galkyndyryp, şatlygymyza şatlyk goşdy. Bu ajaýyp kitap geljege ynamymyzy berkidip, şöhratly geçmişimize bolan buýsanjymyza ýene-de buýsanç goşdy. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» hem-de Änew şäheriniň şu ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi agzybirligimizi has-da pugtalandyrdy, şanly geçmişimize hormat-sarpamyzy belende galdyrdy. Bu buýsandyryjy wakalar türkmen halkynyň dünýä mertebesini beýgeltdi. Milli Liderimiziň täze kitabynyň elimize gowuşmagy hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda durmuşymyzdaky şeýle buýsançly wakalaryň üstüni ýetirdi.

Bilim özgertmeleri rowaçlanýar

Ylym-bilim beýik ösüşleriň binýady bolmak bilen bir hatarda, röwşen geljegimizi hem üpjün edýär. Şonuň üçin hem häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmelerine aýratyn üns berilýär, bu ugruň ösdürilmegi baş maksat bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär, ýaşlaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzy ösdürmegiň milli nusgasy täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şunda iň döwrebap ugurlar, has takygy, sanly bilim ulgamy ösdürilýär we okatmagyň usullary kämilleşdirilýär. Bu wezipäni durmuşa geçirmekde milli bilim ulgamy özünde uly mümkinçilikleri jemleýär. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzda ýaşlara döwrebap bilim bermegiň aýdyň ugurlary kesgitlendi. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» sanly bilimi ösdürmegiň möhüm ugurlary aýdyň beýan edilýär. Konsepsiýada jemgyýetiň ösüşiniň häzirki zaman şertlerinde ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ähli derejelerinde sanly tehnologiýalardan netijeli peýdalanmak, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur almak bellenilýär. Şundan hem görnüşi ýaly, ýurdumyzda sanly bilimi ösdürmä

Kämilligiň berk binýady

Islendik döwletiň ylym-bilim ulgamynyň ösüş derejesiniň kämil nusgasynyň bolmagynyň, onuň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy görkezijisi bolup durýandygyny bilermenler tassyklaýar. Bilim ulgamynyň dünýäniň ösen derejelerine laýyk gelmegi, işçi güýjüniň aň-bilim mümkinçilikleriniň artdyrylmagy, ylym ulgamynyň kämilleşdirilmegi ýurduň dünýäniň ylym-bilim giňişligine üstünlikli goşulmagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Ýurdumyzda ýokary hünärli ylmy işgärleriň, ýaş alymlaryň taýýarlanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi bu ugurda tehnologik täzeçilligi döretmegi we ýaýratmagy, bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösüşini çaltlandyrmagyny, şeýle hem bilimiň ähli derejeleri üçin zerur elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini we olara tor arkaly elýeterliligi üpjün etmegi göz öňünde tutýar. Döwletimiziň ähli ýokary, orta hünär we başlangyç okuw mekdeplerinde «Sanly bilim ulgamy» atly portal taslamasynyň ýola goýulmagy, bilim ojaklarynda teleköpri arkaly guralýan okuw sapaklary, internet bäsleşikleri berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde we öňdebaryjy tejribelerden peýdalanmakda uly ähmiýete eýedir. Tehnologiýanyň ösmegi bilen elektron kitaplardan, elektron kitaphana ulgamyndan p

Başlangyç synplarda matematika sapagy

Başlangyç synpdan başlap, okuwçylarda matematika sapagyna bolan höwesi döretmek möhümdir, sebäbi çaga matematikanyň üsti bilen beýnisiniň çalt hereketini, işjeň pikirlenmesini ösdürýär. Başlangyç synplarda öwredilýän hasaplamak endikleri ýokary synplarda has hem kämilleşýär. Başlangyç synp okuwçylaryna matematika dersi bilen baglanyşykly ilkinji düşünjeleri dogry bermek zerurdyr. Matematika sapaklarynda her bir okuwça onuň mümkinçiliklerine görä çemeleşmek zerurdyr, okuwça öz mümkinçiliklerinden agyr ýumuşlary tabşyrsaň, onuň sapaga bolan höwesiniň gaçmagy mümkin. Başlangyç synplarda matematikadan her bir temanyň çagalar tarapyndan oňat özleşdirilmegi sapagyň oýunlar, görkezme esbaplar, aýratyn-da, häzirki zamanyň döwrebap serişdeleri arkaly guralmagyna baglydyr. Multimedia tagtadan peýdalanyp geçilýän sapaklar okuwçynyň bilesigelijiligini artdyrýar, pikirleniş ukyplaryny ösdürýär, okamaga bolan höwesi döredýär. Çagalaryň geçilýän tema içgin düşünmegine, ýadynyň, ünsüniň işjeňleşmegine, döredijilik başarnyklarynyň ösmegine ýardam edýär. Şeýle hem ýumuşlaryň ýerine ýetirilişini çaltlandyrýar.

Bilim işgärleriniň iş tejribesinden

Oýun usullaryndan peýdalanmak Çagalaryň matematika bolan höweslerini göz öňünde tutup, bu sapak boýunça körpeleriň işjeňligini artdyrmagy maksat edinýärin. Ýönekeý matematiki düşünjeleri öwretmek sapagyny çagalaryň iň gowy görüp okaýan, diňleýän ertekileriniň biri bilen utgaşdyryp alyp bardym. Bu bolsa sapagyň gyzykly bolmagy hem-de çagalaryň ýadamazlygy üçin täsirli boldy. Sapakda çagalara ertekileriň gahrymanlarynyň eşiklerini geýdirdim. Munuň özi, sapagyň has-da gyzykly hem-de bilim beriş derejesiniň ýokary bolmagyna kömek berdi. Şeýle-de çagalara erteki gahrymanlarynyň adyndan birnäçe gyzykly ýumuşlary berdim. Çagalara «Goňşy sany tap!», «Şekilleri ýerinde goý!», «Ýatdan hasaplaň!», «Çöplerden geometrik şekili düzüň!» ýaly birnäçe berkidiji oýunlary oýnatdym. Sapagyň oýun usulynda guralmagy çagalaryň işjeňligini, bilesigelijiligini, ýönekeý meseleleri çözmek başarnyklaryny kämilleşdirdi. Sapagyň täsirli serişdeleri çagalaryň aňynyň we sözleýiş diliniň, daşary ýurt dillerini dogry özleşdirmek başarnyklarynyň kämilleşmegine ýardam edýär.

Edebi dil we sözleýiş medeniýeti

Ene dilimiz ata-babalarymyzyň durmuş tejribesidir, pähim-paýhasy saklanýan hazynadyr, biziň üçin ruhy iýmitdir, nesilleri baglanyşdyrýan köprüdir, aňyýeti ösdürmegiň, ylym-bilim öwretmegiň, edep-terbiýe bermegiň, maşgalada agzybirlik, sazlaşyk döretmegiň möhüm serişdesidir. Dil biliminde şiwe, umumyhalk dili, edebi dili adalgalary tapawutlandyrylýar. Ata-babalarymyzdan galan baý ruhy mirasymyzyň: atalar sözi — nakyllaryň, şadessanlaryň, dessanlaryň, nusgawy şahyrlarymyzyň eserleriniň dilini belli bir şiwelere degişli etmek mümkin däl. Olar türkmen umumyhalk diliniň nusgalarydyr. Edebi dilimiz türkmen umumyhalk diliniň söz ussatlary tarapyndan timarlanyp, dil birlikleriniň ulanylyşy taýdan kadalaşan iň kämil görnüşidir. Kadalylyk (normatiwlik) edebi diliň esasy aýratynlygydyr. Ol şiwelerde hem, halkyň ýönekeý gepleşiginden-de dil birlikleriniň ulanylyşynyň kadalaşandygy bilen tapawutlanýar.

Asylly ýörelgelere sarpa

Çagalara söýgi, mähir, alada bilen garamak, olarda maşgalanyň hem jemgyýetiň iň gowy sypatlaryny kemala getirmek ata-ene üçin parzdyr. Biziň ata-babalarymyz durmuş we maşgala barada örän sada hem parasatly pikirlerini aýdyp, nesilden-nesle miras galdyrypdyrlar. «Bir ýyl dok ýaşaýyn diýseň, däne ek, on ýyl bolelin ýaşaýyn diýseň, miwe ýetişdir, ýüz ýyl rahat gezeýin diýseň, perzent ýetişdir» diýýän halkymyz diňe şu günüň däl, eýsem, geljegiň hem gowulyklara beslenmeginiň aladasyny edipdir. Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri çagalaryny Watana, ata-enesine wepaly, päk ahlakly, zähmetsöýer edip terbiýeläpdirler. Olaryň bilimli-ylymly bolup ýetişmekleri üçin ellerinden gelenini gaýgyrmandyrlar. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän ýörelgesine görä, ogul-gyz ata-enesine hemişe borçludyr. Çaga gowy at dakmak, ony terbiýelemek, okatmak hem-de öýli-işikli etmek bolsa, ata-enäniň borjy hasaplanýar. Perzent ýetişdirmek maşgalanyň baş maksady bolup durýar. Maşgalada çaga terbiýelemegiň esasy maksady — çagany geljekde Watana wepaly, il-gününe halal hyzmat edýän, bilimli-ylymly, giň gözýetimli, zähmete ukyply edip kemala getirmekdir. Diýmek, ata-enäniň çaga mynasyp at dakmakdan soňky borjy ony terbiýeläp, bilimli-ylymly edip, il hataryna goşmak bolup durýar. Hawa, çaga terb

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Häzirki döwürde emeli intellekt sanly tehnologiýasy maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň esasyna öwrüldi. Bu tehnologiýa kompýuterler we maşynlar arkaly ýerine ýetirilýän işleri ýeňilleşdirmäge mümkinçilik döredýär. Şonuň üçin onuň artykmaç taraplary örän köpdür. Emeli intellekt tehnologiýasy, köplenç, mälim bolmadyk ugurlary kesgitlemek üçin giň maglumatlary almagy güýçlendirýär. Ine, maşyn öwrenmek algoritmleri taryhy maglumatlary seljermäge, geljekde netijeleri çaklap bilmäge mümkinçilik berýär. Bu ösen tehnologiýanyň kömegi bilen terjime etmek, iň kyn meseleleri çözmek ýaly işleri hem ýerine ýetirip bolýar. Häzirki wagtda gündelik durmuşda enjamlar we dürli programmalar ulanylýar. Emeli intellekt ulgamlary üznüksiz hyzmaty ýerine ýetirip, arakesmesiz işleýär. Bu bütin dünýäde dynuwsyz işleýän kärhanalar üçin has-da peýdalydyr.

Üstünlikli geçirilen çäreler

Gymmatly baýlyk Ýakynda Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

HÜNÄR KÄMILLIGI – DÖWRÜŇ TALABY

Ömrüň manysy kämillige, abraý-mertebä ymtylmakdyr. Ynsanyň ýaşlyk döwründen kämilligiň, il hatary ynsan bolup ýetişmegiň binýady goýulýar. Ýaşlygyndan kämillige gol berip, ylym-bilim öwrenen, özünde ynsanperwer garaýyşlary, ýagşy amallara gol ýapmak ýaly häsiýetleri terbiýelän ynsanlar abraý-mertebä mynasyp bolýarlar. Kämilligiň çägi ýok. Kämillik – durmuşyň zerurlygy. Bu düşünje halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş kadasy hökmünde halkymyzyň aňyna siňipdir. Magtymguly Pyragynyň: «Kämil bolup, serenjam ki kylyp men» diýen ajaýyp setirlerinde hem her bir ynsanyň özüni kämilleşdirmelidigi hakynda çeper beýan edilýär. Gaýda-gaýda oglanlygyň raýyndan, //Ýetip geldim kämilligiň paýyndan» diýen şygyr setirlerinde hem milli ýörelgelerimizde kämillige neneňsi ähmiýet berilýändigi görünýär. Kämillige ymtylmak diňe bir ýaşlykda däl, eýsem islendik ýaşda hem zerurdyr.