Çagalary surat çekmäge höweslendirmek
Köp ýyllardan bäri Türkmenabat şäherindäki 47-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi bolup işleýärin, hemişe kämilligiň gözleginde bolýaryn. Şu ýyl uly (mekdebe taýýarlaýyş) toparynda zähmet çekýärin. Berilýän bilimi has çuňlaşdyrmak üçin sapaklary görkezme esbaplaryň, tehniki serişdeleriň, interaktiw usullaryň kömegi bilen guraýaryn. Sapaklar täsirli serişdelerden peýdalanyp guralanda, görüş bilen eşidiş, syzyş utgaşanda temalara akyl ýetirmek körpelere aňsat düşýär. Öz iş tejribäme salgylanyp, surat sapagynda ulanylýan usullar bilen tanyşdyrmakçy. Mekdebe taýýarlaýyş toparynda şekillendiriş işiniň häsiýeti ep-esli üýtgeýär. Olar hakyky durmuşy sada suratlandyrmagy başarýarlar. Dört ýaşly körpelerden tapawutlylykda, olar has synçy, ownuk bölekleri-de görýärler, çalt deňeşdirip, meňzeşligi we tapawudy tapýarlar, uzak wagtlap syn etmegi, lezzet almagy başarýarlar. Bu ýaşdaky çagalary hadysalaryň, zatlaryň estetiki tarapy has gyzyklandyrýar. Olar tebigatyň, adamyň, haýwanyň ýagdaýyny duýup bilýärler. Olarda daş-töwerege hem uly gyzyklanma ýüze çykýar, gören we ýadynda galan pursatlary suratda beýan etmäge isleg döreýär: «Men obada düýe gördüm» ýa-da «Men hiňňildik uçdum» we şuňa meňzeşler. Bu ýaşda eliň takyk hereketi artýar. Körpeler