«Dil bilen dünýäni gezer»

29 Oktýabr 2024
314

Il arasynda «Dil bilen dünýäni gezer» diýen, aýtgy bardyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu sözüň ähmiýeti, gymmaty has-da rowaçlanýar. Bu günki gün ýurdumyzyň orta, ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlara dürli bilimleri bermek bilen bir hatarda, daşary ýurt dillerini hem öwretmäge uly üns berilýär. Bu ugurda bilim ulgamynda döwrebap baý tejribeler toplanyldy.

Ýurdumyzda sözüň doly manysynda dünýä dillerini çuňňur özleşdirmek üçin ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňişleýin şertler döredilip, türkmen ýaşlary dünýä dillerini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirýärler. Häzirki wagtda özbaşdak dil öwrenmek üçin döwrebap tehnologiýalardan peýdalanmaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Dilçi alymlar daşary ýurt dilini öwrenmegiň başlangyç döwründe gepleşigi beýan edýän kitaplardan peýdalanmagy maslahat berýärler. Olaryň pikirine görä, şeýle kitaplarda berilýän sözler we sözlem nusgalary sözlem düzmegiň umumy ýörelgelerini ýatda saklamak mümkinçiligini gowulandyrýar. Çünki gepleşik kitaplarda köp halatlarda sözlem nusgalary birinji ýöňkemede berilýär, bu bolsa dil öwrenijileriň gündelik durmuşynda degişli sözlemleri ulanyp bilmeklerine we olaryň gowy ýatda saklamagyna oňaýly täsir edýär.

Jennet GULLYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň roman-german we gündogar dilleri kafedrasynyň mugallymy.