HABARLAR

Daşary ýurt dillerini okatmagyň döwrebap usulyýeti

Ýurdumyzyň eşretli geljegini nazarlaýan oňyn başlangyçlaryň milli bilim ulgamyna gönükdirilmegi ýaş nesliň bilimli, sagdyn aň-düşünjeli, akylly-paýhasly kemala gelmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Sanly bilim ulgamynyň öňde goýýan wezipeleriniň durmuşa geçirilmegi okuw işinde birnäçe ýeňillikleri döredip, işiň netijeliligini artdyrýar. Ulanylýan sanly serişdeler, elektron maglumat göterijiler, wideoşekiller we audioýazgylar ýaşlara has giň möçberdäki maglumaty kabul etmäge hem peýdalanmaga, şunlukda, dünýä ösüşi bilen deň gadam urmaga ýardam edýär. Döwletimiz tarapyndan bilim bermegiň ähli basgançaklary ýokary hilli elektron maglumatlar, sanly tehnologiýalar, akylly enjamlar bilen doly üpjün edilýär. Bu bolsa ýaşlara bilim berlişiniň hilini ýokarlandyryp, ony dünýä derejesine ýetirmäge şert döredýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda okuw maksatnamalaryndaky ähli dersler bilen bir hatarda daşary ýurt dillerini, şol sanda rus dilini öwretmeklige hem aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda sanly ulgam we döwrebap mümkinçilikler giň gerim bilen ösdürilýär. Şeýle mümkinçilikler bilim ulgamyna hem ornaşdyrylyp, täze usullar işlenip düzülýär. Bu usullar bolsa sapak guralanda netijeliligi bilen tapawutlanýar, okuwçylaryň alýan bilimlerini oňat özleşdirmeklerine ýarda

Özara bähbitli gatnaşyklar pugtalandyrylýar

Bagtyýar halkymyz hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlaryndan we oňyn özgertmelerinden ruhlanyp, döredijilikli zähmet çekip, dünýä derejeli belent üstünlikleri gazanmak bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň ähli ugurlarda gülläp ösmegine önjeýli goşant goşýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ykdysadyýetde, senagatda, gurluşyk pudagynda, oba hojalygynda, ylymda, bilimde, medeniýetde, sporty ösdürmekde, aragatnaşyk pudagynda, şeýle-de eziz Diýarymyzyň sebitlerini, obadyr şäherlerini gülledip ösdürmekde ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Muňa mysal edip, Arkadag şäherinde, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda açylyp ulanmaga berlen önümçilik desgalaryny, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny, dokma toplumlaryny, saglyk öýlerini, hassahanalary, dünýä ülňülerine laýyk gelýän iň kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap mekdeplerdir çagalar baglaryny, medeni dynç alyş merkezlerini görkezmek bolar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynda», şeýle hem bilim ulgamy boýunça kabul edilen Konsepsiýalarda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bil

Ýeňijiler öňe saýlandy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda halkara derejesinde dabaralardyr çäreler, dürli bäsleşikler, sergiler we festiwallar yzygiderli geçirilýär. Türkmenistan bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) arasynda medeni gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň halklaryny medeniýetleriniň, däpleriniň, sungatlarynyň ýakynlygy birleşdirýär. Öňňin paýtagtymyzyň «Aşgabat» myhmanhanasynda 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» we Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, türki dünýäsiniň düzme ýazmak ussatlygy boýunça we ýaş suratkeşleriň halkara bäsleşikleriniň ýeňijilerine Türki medeniýetiň halkara guramasy tarapyndan baýraklaryň gowşurylyş dabarasy boldy. Bu halkara bäsleşikde ýaşlar özleriniň çeken suratlaryny, düzme ýazmakda başarnyklaryny görkezdiler. Biz bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlaryň birnäçesiniň ýürek buýsanjyny gazetimiziň okyjylaryna ýetirmegi makul bildik.

Bilim işgärleriniň iş tejribesinden

Çagalaryň sözleýşini kämilleşdirmek Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini döwrebaplaşdyrmak, çagalara bilim bermek işine iň öňdebaryjy innowasion çemeleşmeleri we usullary giňden ornaşdyrmak işlerine aýratyn üns berýäris. Mekdebe çenli bilim bilen başlangyç bilimiň üznüksiz arabaglanyşygyny üpjün etmek, türkmen halk ertekileriniň we çagalaryň söýgüli gahrymanlarynyň üsti bilen hereketli oýunlary, bedenterbiýe maşklaryny giňden wagyz etmek esasy wezipeler bolup durýar. Bu babatda mekdebe taýýarlaýyş (uly topar) toparymda sözleýşi ösdürmek sapagy boýunça geçilýän temalaryň özleşdirilişine aýratyn üns berýärin. Ertekilerden bölekleri gürrüň bermek, erteki gahrymanlarynyň häsiýetleri barada çagalar bilen gyzykly pursatlary guraýarys. Çagalara türkmen halk ertekilerinden gürrüň berenimde, gahrymanlaryň keşplerine girýärin. Gahrymanlaryň nähili häsiýetdedigini olara düşündirýärin. Olara ýagşy-ýaman häsiýetleri saýgarmagy öwredýärin. Soňra olaryň özlerine ertekini gürrüň bermegi öwredýärin. Soraglar esasynda çagajyklar gürrüň berýärler. Olaryň biri beýlekisiniň sözüniň üstüni ýetirmegi başarýar. Çagalar ertekiniň gahrymanlarynyň häsiýetleri boýunça gowy häsiýetdäki gahrymanlary we ýaramaz häsiýetdäki gahrymanlary tapawutlandyryp

Okuwçylara kompýuter bilen işlemegi öwretmek

Döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar

Hormatly Prezidentimiziň: «Bütin adamzadyň we ähli döwürleriň iň gymmatly baýlygy bilimdir» diýip belleýşi ýaly, häzirki zaman özgertmelerinde bilim ulgamyndaky amala aşyrylýan giň gerimli çäreler eziz Diýarymyzda alnyp barylýan il-ýurt bähbitli syýasatyň strategik ugurlarynyň biridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary bilen ösüşleriň we özgerişleriň, döretmegiň, gurmagyň nusgalyk ýolundan ynamly öňe barýan häzirki döwrümizde milli tejribelere eýerip, dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryna daýanyp, ýurdumyzyň milli bilim ulgamyny özgertmek ugrundaky döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Orta bilimde innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly öwretmegiň täze usullaryna daýanylýar. Sanly ulgamyň durmuşymyza ornaşmagy halkara bilim giňişliginde soňky gazanylanlara esaslanýan täzeçe işlemek mümkinçiliklerini döredýär. Bu bilim bermekde, dürli okuw sapaklaryny öwretmekde hem şeýledir. Okuw işinde innowasion tehnologiýalaryň möhüm ornunyň bardygyny kompýuter arkaly okuwlar guralanda ulanylýan dürli görkezmeleriň, audioýazgylar arkaly guralýan sapaklaryň ýokary netijeliligi hem aýdyň görkezýär. Şonuň üçin hem häzirki döwürde innowasion tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar, matematika, fizika, geografiýa, taryh,

Ýurdumyzyň ylym ulgamy ösüş ýolunda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan dünýäniň ykdysady ösüşine işjeň goşulyşýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylym we tehnologiýa babatdaky üstünlikler, bu ugurda alnyp barylýan işler ýurdumyzyň ykdysady-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga itergi berýär.

Hünärleri kämilleşdirmäge gönükdirilen usuly-amaly okuwlar

«Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde orta mekdebi tamamlaýan ýaşlara mekdepde okaýan döwründe dürli hünärleri öwretmegiň möhüm ähmiýeti bar. Olary durmuşa taýýarlamak, ýaşlaryň hünär ukyp-başarnyklaryny has-da ösdürmek üçin ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar. Umumybilim berýän orta mekdepleriň ХI-ХII synplarynda okaýan okuwçylara hünär ugurly dersleriň okadylýandygy munuň aýdyň mysalydyr. Ýaşlary mekdepde okaýan döwründe hünäre ugrukdyrmagyň esasy maksady olara dürli hünärler barada zerur düşünjeleri bermekdir. Bilim ulgamynda zähmet çekýän her bir pedagogyň esasy wezipesi ýaş nesli jemgyýete peýdaly zähmete taýýarlamakdan, onuň borçlaryna dogry düşünmegini we olary berjaý etmegi, zähmete aňly-düşünjeli çemeleşmegi we ony söýmegi öwretmekden ybaratdyr.

Türkmen ýaşlarynyň Indoneziýadaky üstünligi

Ýurdumyzda ýaş nesle bilim bermek, onuň döredijilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek, ýaşlaryň saýlap alan hünärlerine eýe bolmagy, ylmy işler bilen meşgullanmagy üçin ähli şertleri döretmek bilen bagly meselelere uly üns berilýär. Döwlet ýaşlar syýasaty bu möhüm meseleleri çözmäge gönükdirilip, ol ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamagyň, olaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramagyň kepili bolup durýar. Ýaşlar bolsa özleri hakda edilýän alada mynasyp jogap bermek bilen, güýç-gaýratlaryny, bilimdir ukyp-başarnyklaryny ýurdumyzyň bähbidine gönükdirmäge çalşyp, halkara olimpiadalarda üstünlikli çykyş edip, watançylygyň, belent ynama ygrarlylygyň hakyky nusgasyny görkezýärler. Ynha, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem mekdep okuwçylarymyzdyr talyplarymyz daşary ýurtlarda geçirilýän halkara olimpiadalarda üstünlikli çykyş edip, öňdäki orunlary eýeleýärler, türkmen tuguny belentde parladyp, köpüň berekellasyna mynasyp bolýarlar.

Hünäre söýgi — üstünlikleriň gözbaşy

“Eger gowy mugallym boljak bolsaň, onda öwredýän sapagyňy, mugallymçylyk käriňi we senden öwrenýän öwrenijileriňi jandan söýmeli” diýen dana müň keren mamla. Çünki kärini söýen, höwes bilen zähmet çekýän, işinde halallyga gol berýän adam durmuşda öz ornuny tapýar, üstünlikler oňa ýaran bolýar. Mugallymyň üstünligi bolsa onuň okuwçylarynyň bagtyýar adamlar bolup ýetişmekleridir. Öwrenmek we özleşdirmek bilen eýe bolan hünärlerinde alkyşa mynasyp bolmaklarydyr. Ykbalyň akabalarynda mugallymdan öwrenen tälimleriniň, nesihatlarynyň, özleşdiren biliminiň, alan tejribesiniň üsti bilen belent derejelere ýetmekleridir. Olaryň gözlegleriniň netijeleriniň üstünliklere beslenip, döredijilikli zähmetiniň miweleriniň mähriban Diýarymyzyň ösüşlerine goşant bolmagyny görmek buýsanjydyr. Mugallymçylyk hem ýaşlara ylym-bilim öwredýän kär, hem-de olaryň ilhalar, ata Watanymyza wepaly, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmeginde ähmiýetini hiç döwür ýitirmejek iň wajyp kärdir. Mugallymçylyk käri ýaş nesillere göreldeli edep-terbiýäni, asylly ýörelgeleriň mazmunyny ýaýýan kärdir. Mugallymlar bar zehinini, başarnygyny, erjelligini, tejribesini kärine siňdirmegi başaran ýagdaýynda kämil şahsyýetler kemala gelýär. Dünýäde kär, hünär kän. Ýöne islendik hünäri, h