HABARLAR

Kitap halklary dostlaşdyrýar: «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» ýapon dilinde

Ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ýapon dilinde çap edilmegi mynasybetli tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çärä paýtagtymyza sapar bilen gelen «Itochu Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, Maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary hem çagyryldy.

Şowly netijeler

Golaýda ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň bilelikde guramaklarynda Türkmenistanyň taryhy dersinden onlaýn bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşikde TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň harby talyplary baýrakly orunlary eýelemegi başardylar. Olardan Atajan Momatow, Şöhrat Durdynazarow, Yhlas Şirmetow 1-nji, Hydyr Altyýew 2-nji, Bahramjan Begenjow bolsa 3-nji orna mynasyp boldular. Şeýle-de institutymyz toparlaýyn jemlemede iň ýokary netije gazanmagy başardy. Bu üstünlik hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen harby talyplaryň ukyp-başarnyklaryna laýyklykda gulluk borçlaryny berjaý etmekleri üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň aýdyň subutnamasydyr.

Bilim — bossan, döwür — dessan

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen bagtyýar halkymyz şanly ösüşleriň täze belentliklerine gadam goýup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Täze taryhy döwürde amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasatyň netijesinde bilim ulgamyny özgertmek, hemmetaraplaýyn bilimli, täzeçe pikirlenýän hem-de maksada okgunly ýaş nesliň kemala gelmegini gazanmak ugrunda ägirt uly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, bilim ulgamynda-da durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli özgertmeler, bilim işgärleri, ýaşlar barada edilýän aladalar halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz ýaş nesliň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy, bilim-terbiýe almagy, ylym we hünär öwrenmegi, ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmelere mynasyp goşant goşmagy üçin ähli zerur şertleri döredip berýär. Bilim ulgamyna dünýä ylmynyň häzirki zaman gazananlarynyň, öňdebaryjy tejribäniň, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen ýaş nesle berilýän bilimiň we terbiýäniň hili has-da ýokarlanýar. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bolsa orta mekdebi tamamlaýan ýaşlara ýurdumyzy

Deňizçi harby talyplaryň üstünlikleri

Ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň guramaklarynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmaklarynda fizika dersi boýunça IV Halkara internet olimpiadasy guramaçylykly geçirildi. Bu olimpiada-da TGM-niň Harby-deňiz institutynyň harby talyplary hem üstünlikli çykyş edip, olardan Allaýar Serdarow, Dawut Nuryýew, Kerim Akmyradow, Amanýaz Begjanow we Daýanç Hangeldiýew dagy diplomlar we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Maksadymyz — ýaşlaryň sowatlylygy Ata Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda başy başlanan beýik işler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam edilýär. Eziz Diýarymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimiziň sowatly, giň dünýägaraýyşly, terbiýeli bolup ýetişmegi ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Has takygy, üstümizdäki ýylda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

Röwşen geljegiň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz ösüşleriň we özgerişleriň netijesinde täze üstünliklere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamynda gazanylan we gazanylýan üstünlikler hem döwletiň geljekki ösüşleriniň aýdyň kepilidir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde berkarar Diýarymyzda bilim ulgamyny has-da ösdürmäge örän uly ähmiýet berilýär. «Ýurdumyzda bilim ulgamyny dünýä ülňülerine, umumy ykrar edilen halkara kadalara we öňdebaryjy tejribelere laýyk kämilleşdirmek, ýaş nesillerimizi milli hem-de umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek, olara döwrebap bilim bermek biziň alyp barýan bilim syýasatymyzyň baş maksadydyr» diýip, döwlet Baştutanymyz belläp geçýär. Nurana geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesiller üçin döredilýän mümkinçilikler ýurdumyzyň ýagty geljegini üpjün edýär. Berkarar ýurtda ýaşamak, döretmek, gurmak, zähmet çekmek bagtlylykdan nyşandyr. Ata Watanymyzy beýik ösüşler, belent sepgitler bilen öňe alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk göreldesine eýerip, päk ýürekden zähmet çekmek her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.

Kämil nesil kemala gelýär

Berkarar Diýarymyzda körpe nesliň abadan durmuşy baradaky aladalar örän giň gerimlidir. Ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi durnukly döwlet ösüşiniň esasy ugurlarynyň biri hasaplanýar. Şundan ugur alnyp, çagalaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, yhlasly okamagy, döredijilik işleri bilen meşgullanmagy, tebigy zehin-başarnyklarynyň ösdürilmegi babatda ähli şertler döredilýär. Okatmagyň döwrebap enjamlary ornaşdyrylan bilim-terbiýeçilik ojaklary bilen birlikde, çeperçilik we sungat mekdepleriniň çagalaryň hyzmatynda bolmagy olaryň köpugurly döredijilige höweslerini artdyrýar. Munuň özi köpöwüşginli sungatymyzyň geljekki mynasyp wekillerini terbiýeläp ýetişdirmäge mümkinçilik berýär. Medeniýetiň, sungatyň watansöýüji, belent ahlakly, kalby arassa nesilleriň kemala gelmeginde hem mynasyp orun eýeleýändigini nygtamak gerek. Ýurdumyzyň buýsanjy bolup durýan ýaş zehinleriň kemala gelmeginde wajyp ähmiýete eýe bolan sungatymyzyň gülläp ösmegi babatda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Suratlarda körpeleriň buýsanjy

Çärjew etrabyndaky 23-nji çagalar bakja-bagynda etrap bilim bölüminiň guramagynda etrabyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň körpeleriniň arasynda «Bitarap Watanyň körpe nesli biz» atly bäsleşik geçirildi. Oňa etrabyň çagalar bakja-baglarynyň mekdebe çenli taýýarlaýyş toparynyň zehinli körpeleri gatnaşdylar. Bäsleşigiň esasy maksady çagalarda suratlaryň üsti bilen Watanymyza, gözel tebigatymyza söýgini artdyrmakdan, maşgala mukaddesligi bilen bagly düşünjeleri berkitmekden ybarat bolup, onda başarjaň körpeler öz döredijilik ukyplaryny görkezdiler.

Barha kämilleşýän ulgam

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­mek hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup, ýaş ne­sil­le­ri­mi­ze be­ril­ýän bi­li­miň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, ul­ga­myň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny ber­kit­mek bo­ýun­ça ba­dal­ga be­ril­ýän öz­gert­me­ler ro­waç­lyk­la­ra bes­len­ýär.

Özbaşdak many aňladýan söz toparlaryny öwretmek

Ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek asylly ýörelgelerimizdir. Şunda ene diline bolan sarpany kemala getirmek, nusgawy edebiýatymyzy öwretmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şonuň üçin hem türkmen dili dersi boýunça sapaklarda dilimiziň ylmy esasda öwrenilişi hakynda giňişleýin maglumatlary berýäris. Asyrlardan asyrlara geçip gelen türkmen dilimiz iň bir gadymy dilleriň biri bolup, häzirki döwürde ylmy esasda öwrenilýär, ýaş nesillere ýetirilýär. Şonuň üçin hem her bir sapagy täsirli, döwrebap şertlerden peýdalanyp guraýarys. Munuň özi okuwçylaryň öwrenmäge bolan höwesini artdyrýar. Türkmen dili dersi boýunça guran sapagymda okuwçylara özbaşdak many aňladýan söz toparlary hakynda giňişleýin düşünje berdim. Özbaşdak many aňladýan söz toparlaryna işlikleriň hem degişlidigini, okuw kitabynda bu barada ýörite kesgitlemeleriň berlendigini gürrüň berdim. Şeýlelikde, gymyldy-hereketi aňladýan sözlere işlikler diýilýändigini okuw kitabyndan labyzly okaýarys. Şeýle hem multimedia tagtasynda taýýarlanan slaýd şekillerinden giňişleýin peýdalanýarys. Bu şekillerde türkmen dilinde işlikler hakynda kesgitlemeler ýerleşdirilendir. Şeýle hem slaýdyň dowamynda birnäçe mysallar, sözler getirilýär. Okuwçylar bu mysallary depderlerine ýazyp alýarlar. Bu bolsa olaryň sa