HABARLAR

BAGTDAN PAÝLY, ÝEŇIŞDEN SERPAÝLY ÝAŞLAR

12-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýaşlaryň arasynda her ýylda Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilýän ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiziň adyndan Şahadatnamalary we gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşige ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynyň, pudaklaýyn edaralaryň we önümçilik birleşikleriniň işgärleri, ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, mekdep okuwçylary şeýle-de ylmy işe höwesli dürli hünärdäki ýaşlar gatnaşdylar. Şu ýyl ylmy bäsleşige ýaşlaryň 1 müň 670 sanysy gatnaşyp, özleriniň ylmy-barlag işleriniň ähmiýetlidigini subut eden ýaşlaryň 107-si has tapawutlanyp, bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edildi. Şeýle hem dabaranyň dowamynda 2024-nji ýylyň 11-14-nji apreli aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan Federal Uniwersitetinde (KFU) guralan Halkara ylmy ýaşlar maslahatynyň çäginde geçirilen bäsleşigiň hem-de hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry M

Ylym we innowasion işjeňlik

Türkmenistan beýik özgertmeler ýoly bilen öňe ynamly ädim ädip, çalt depginde ösýän döwletleriň hataryna goşulýar. Ýurdumyzyň ykdysady syýasaty erkin ykdysadyýeti, bazaryň we döwlet kadalaşdyrmasynyň düzümleriniň sazlaşygyny, oba hojalygynyň, senagatyň döwrebaplaşdyrylmagyny, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän ýokary tehnologiýaly pudaklaryň ösdürilmegini maksat edinýär. Şunuň bilen birlikde, intellektual ulgama — bilime, ylma, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna uly möçberde maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Ýurdumyzyň ykdysady howpsuzlygyny üpjün etmegiň maksatnamalaýyn çäreleri birnäçe ugurlary öz içine alýar. Olara ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, innowasion ykdysadyýetiň kemala getirilmegi, senagatlaşdyrma syýasaty, maliýe durnuklylygy, işjeň maýa goýum syýasaty, durmuş maksatnamalaryny amala aşyrmak arkaly, milletiň intellektual mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak ýaly ugurlar degişlidir. Agzalan strategik ugurlar esasynda innowasion ykdysadyýetiň döredilmegi bilen baglanyşykly maksatnamalaýyn çäreler milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň ylym we bilim ulgamyndaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegi üpjün etmek, ylmy i

Döwrebap mümkinçilikleriň ähmiýeti

Ylmy barlaglara we işläp taýýarlamalara, tehnologik we guramaçylyk innowasiýalara gönükdirilýän maýa goýumlaryň ýyl-ýyldan artdyrylmagy, olary ulanmagyň esasynda ýokary ykdysady netijeleriň gazanylmagy innowasiýa işiniň ösdürilmegi üçin zerur şertleri döredýär. 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň döredilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu merkez bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmegi, berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmagy, sanly ulgam üçin zerur bolan elektron okuw-görkezme esbaplaryny, wideo we audio okuw materiallaryny, elektron okuw kitaplary we gollanmalary taýýarlamaga ýardam bermegi, maglumat we innowasiýa tehnologiýalary babatdaky işleri utgaşyklylykda alyp barmagy hem-de bilim maksatnamalary boýunça işleri ýokary derejede guramagy maksat edinýär. Innowasiýa maglumat merkezini döretmekdäki işlerde sanly ulgam boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň, ýagny Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Singapur ýaly ýurtlaryň tejribesinden ugur alyndy.

Meş­hur alym

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Or­ta asyr Gün­do­gar aly­my, Luk­man He­kim ta­hal­lu­sy­ny alan Ibn Si­na­nyň luk­man­çy­lyk yl­my we tej­ri­be­si ba­bat­da go­ýan aja­ýyp mi­ra­sy bü­tin dün­ýä­de meş­hur­ly­ga eýe­dir. Beý­le­ki dö­wür­deş­le­ri we egin­deş­le­ri Abu Reý­han Bi­ru­ni, Omar Haý­ýam, Al Ho­rez­mi, Al-Fa­ra­by ýa­ly, Ibn Si­na hem yl­myň ju­da köp ugur­la­ry bo­ýun­ça ýa­zan yl­my iş­le­ri bi­len özü­ne en­sik­lo­pe­di­ýa­çy alym diý­di­rip­dir.

Ylym­lar gü­ni

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Ylym – dur­muş­da ýo­lu­ňa ýag­ty saç­ýan çy­rag­dyr. Oka­mak, ylym öw­ren­mek hiç ha­çan yn­sa­na zy­ýan et­me­ýär. Yl­myň di­ňe bir pu­da­gyn­dan ha­bar­ly bol­mak hem ýe­tik däl­dir. Äh­li ylym­lar­dan ýe­ter­lik dü­şün­jäň bol­ma­gy, olar bi­len bag­ly iş­ler­den ba­şyň çyk­ma­gy so­wat­ly­lyk­dan ny­şan­dyr.

Ylym — bagtyň çyragydyr

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ylmyň we bilimiň mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbitlerine gönükdirýär. Iri halkara guramalary, daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar. Ýurdumyzda ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen her ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bilen bilelikde guramagynda ýaşlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşigi geçirilýär. Bäsleşikde nanotehnologiýalar, energetika, biotehnologiýalar, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat-kommunikasiýa, kompýuter tehnologiýalary, döwrebap lukmançylyk hem-de derman serişdeleriniň önümçiligi, innowasion sanly ykdysadyýet ýaly ulgamlara aýratyn üns berilýär. Men hem bu bäsleşige «Türkmenistanda ýaşyl wodorodyň önümçiligini gurnamagyň ylmy esaslandyrmasy» atly işim bilen gatnaşyp, baýrakly orna mynasyp boldum.

Beýik ösüşleriň sakasy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, halk hojalygyna döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, Türkmenistany ösen ylmyň we iň täze tehnologiýalaryň ýurduna öwürmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillere bilim we terbiýe bermek, ýaş hünärmenleri taýýarlamak işjeň häsiýete eýe bolýar. Bedew batly ösüşler bilen öňe barýan, abraý-mertebesi belende göterilýän ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly ösüşler gazanylýar. Ylym ulgamy dünýä ölçeglerine laýyklykda ösdürilýär, onuň kanunçylyk we maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär, ylmyň möhüm ugurlary boýunça ylmy-barlag işlerini geçirmek, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça giň mümkinçilikler döredilýär. Ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler dünýäniň ösen ýurtlarynyň bilim ulgamynda gazanylan oňyn tejribelere hem-de milli ýörelgelerimize laýyklykda, okuw maksatnamalarynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine, okuw kitaplarynyň, gollanmalarynyň many-mazmun taýdan baýlaşdyrylmagyna, ylmyň iň soňky gazananlarynyň, onuň kämil tehnologiýalarynyň okuw işine işjeň ornaşdyrmagyna, şeýlelikde, ylym-bilim ulgamynda okuw işini ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrmak işleriniň d

Rowaçlygyň sakasy

Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny dünýä derejesinde ösdürmäge Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe aýratyn uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ylym-bilimi kämilleşdirmekde, ähli ulgamlara ylmyň täze gazananlaryny, sanly ulgamy ornaşdyrmakda, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny ýokarlandyrmakda ýetilýän belent sepgitler Watanymyzyň kuwwatynyň has-da pugtalanmagynda uly ähmiýete eýedir. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem türkmen ylmyny ähli taraplaýyn ösdürmegiň ugurlarynyň beýan edilýändigini bellemek gerek. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Dünýäniň ylmy-tehniki gazananlaryny durmuşymyza ornaşdyryp, döredijilikli oýlap tapyşlary bilen tapawutlanýan ýokary derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamaga, zehinli ýaşlaryň ylma bolan höwesini artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli çäreleri amala aşyrýarys. Çünki ýaşaýşy gözelleşdirmek üçin köpçülige peýdaly täze zatlary oýlap tapmak — bu türkmen halkynyň gadymdan gelýän ýol-ýörelgesidir» diýip belleýär. Ine, döwletimiz tarapyndan amala aşyrylýan şeýle giň gerimli çärelerem ýaş nesliň barha kämilleşmegini üpjün edýär. Ýaşlarymyzyň döwrebap hünärleri ele a

Oba hojalygy pudagynda döwrebap özgertmeler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny döwrebap ösdürmek ugrunda uly özgertmeler amala aşyrylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem oba hojalygyny özgertmegiň toplumlaýyn maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler oba özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, azyk garaşsyzlygymyzy berkitmäge, döwletimiziň halkara abraýyny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Ylym we tehnologiýa

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, sanly bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürmek babatda edilýän tagallalar barha rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyndaky: «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr» diýen sözleri hem beýik maksatlaryň binýadynyň ylym-bilim almak arkaly berkeýändiginiň ajaýyp beýanydyr. Türkmenistanda sanly jemgyýetiň we sanly ykdysadyýetiň bildirýän talaplaryndan ugur alnyp, her bir adamy durmuşa hem-de hünär işine taýýarlamak üçin bilimiň ähli basgançaklary yzygiderli kämilleşdirilýär. Sanly bilim gurşawynyň netijeli hereket etmegi üçin bilim edaralary internete birikdirilip, degişli serwerler, kompýuterler, interaktiw tagtalar, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, programmalar we beýleki enjamlar bilen üpjün edilýär. Bu infrastrukturany yzygiderli kämilleşdirmek wezipesi milli bilim syýasatynda ileri tutulýan möhüm ugurlara degişlidir.