BAGTDAN PAÝLY, ÝEŇIŞDEN SERPAÝLY ÝAŞLAR

3 Iýul 2024
433

12-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýaşlaryň arasynda her ýylda Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilýän ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiziň adyndan Şahadatnamalary we gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşige ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynyň, pudaklaýyn edaralaryň we önümçilik birleşikleriniň işgärleri, ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, mekdep okuwçylary şeýle-de ylmy işe höwesli dürli hünärdäki ýaşlar gatnaşdylar. Şu ýyl ylmy bäsleşige ýaşlaryň 1 müň 670 sanysy gatnaşyp, özleriniň ylmy-barlag işleriniň ähmiýetlidigini subut eden ýaşlaryň 107-si has tapawutlanyp, bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edildi.

Şeýle hem dabaranyň dowamynda 2024-nji ýylyň 11-14-nji apreli aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan Federal Uniwersitetinde (KFU) guralan Halkara ylmy ýaşlar maslahatynyň çäginde geçirilen bäsleşigiň hem-de hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň arasynda geçirilen «Magtymguly diýip adym tutsalar...» atly halkara onlaýn wiktorinanyň hem ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Taýýarlan Çeper NAZARGYLYJOWA
Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň uçurymy, Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijisi.
Beýleki habarlar