Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, sanly bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürmek babatda edilýän tagallalar barha rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyndaky: «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr» diýen sözleri hem beýik maksatlaryň binýadynyň ylym-bilim almak arkaly berkeýändiginiň ajaýyp beýanydyr.
Türkmenistanda sanly jemgyýetiň we sanly ykdysadyýetiň bildirýän talaplaryndan ugur alnyp, her bir adamy durmuşa hem-de hünär işine taýýarlamak üçin bilimiň ähli basgançaklary yzygiderli kämilleşdirilýär. Sanly bilim gurşawynyň netijeli hereket etmegi üçin bilim edaralary internete birikdirilip, degişli serwerler, kompýuterler, interaktiw tagtalar, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, programmalar we beýleki enjamlar bilen üpjün edilýär. Bu infrastrukturany yzygiderli kämilleşdirmek wezipesi milli bilim syýasatynda ileri tutulýan möhüm ugurlara degişlidir.