Ylmyň batly gadamlary — sanly ulgamyň kämilligi
Arkadag Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen, ata Watanymyzyň ilkinji «Türkmen Älem 52°E» emeli aragatnaşyk hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy türkmen ylmynyň ösüşlere beslenýändigini aýdyň açyp görkezdi. Bu aragatnaşyk hemrasy milli teleýaýlymlaryň alnyp görkezilişiniň, radioýaýlymlaryň eşitdirilişiniň hilini ýokarlandyrmaga uly itergi berdi. Göni ýaýlymda wideogepleşikleri alyp barmaga, daş aralykdan teleokuwlary, telelukmançylyk aragatnaşygy guramaga oňyn şertleri döretdi. Ýurdumyzyň ähli çäginde ýokary hilli internetiň elýeterliligini üpjün etmäge, öýjükli aragatnaşyk we maglumatlar ulgamyny täze tehnologiýalaryň esasynda ösdürmäge giň mümkinçilikleri açdy. Döwlet ýer kadastryny ýöretmek işinde aýrokosmosdan surata düşürmeleriň topograf-geodeziýa, kartografiýa, toprak, agrohimiýa, geobotanika we beýleki barlaglaryň geçirilip, ýer kadastr maglumatlarynyň kompýuterleşdirilen ulgamynyň döredilmegine oňyn täsirini ýetirdi. Esasan hem, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ilerlemelerine, önümçilik-tehnologiýa netijeliligine oňyn şert döredýän nazary bilimleriň, ylmy-inženerçilik pikirleriň we halkara ülňülerine daýanýan sanly ulgamyň döwrebap ösdürilmegine täzeçe badalga berdi. Bu günki gün ylma esaslanýan hem-de ýokary tizlik b