Ylmyň batly gadamlary — sanly ulgamyň kämilligi

13 Iýun 2021
1652

Arkadag Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen, ata Watanymyzyň ilkinji «Türkmen Älem 52°E» emeli aragatnaşyk hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy türkmen ylmynyň ösüşlere beslenýändigini aýdyň açyp görkezdi. Bu aragatnaşyk hemrasy milli teleýaýlymlaryň alnyp görkezilişiniň, radioýaýlymlaryň eşitdirilişiniň hilini ýokarlandyrmaga uly itergi berdi. Göni ýaýlymda wideogepleşikleri alyp barmaga, daş aralykdan teleokuwlary, telelukmançylyk aragatnaşygy guramaga oňyn şertleri döretdi. Ýurdumyzyň ähli çäginde ýokary hilli internetiň elýeterliligini üpjün etmäge, öýjükli aragatnaşyk we maglumatlar ulgamyny täze tehnologiýalaryň esasynda ösdürmäge giň mümkinçilikleri açdy. Döwlet ýer kadastryny ýöretmek işinde aýrokosmosdan surata düşürmeleriň topograf-geodeziýa, kartografiýa, toprak, agrohimiýa, geobotanika we beýleki barlaglaryň geçirilip, ýer kadastr maglumatlarynyň kompýuterleşdirilen ulgamynyň döredilmegine oňyn täsirini ýetirdi. Esasan hem, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ilerlemelerine, önümçilik-tehnologiýa netijeliligine oňyn şert döredýän nazary bilimleriň, ylmy-inženerçilik pikirleriň we halkara ülňülerine daýanýan sanly ulgamyň döwrebap ösdürilmegine täzeçe badalga berdi.

Bu günki gün ylma esaslanýan hem-de ýokary tizlik bilen ýaýraýan sanly ulgam dünýä ýurtlarynyň ösüş-özgerişiniň baş şertleriniň biri bolup durýar. Çünki sanly giňişligiň strategik ugurlary ýurtda durnukly ösüşi we ýokary öndürijiligi gazanmaga amatlyk döredýän netijeli ulgamlary işläp taýýarlamagy we iş ýüzünde durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýar. Şunlukda, pudaklaryň öndürijilikli işlemegi elektron senagatynyň ösdürilmegine we ýokary takykly tilsimatlar bilen üpjün edilmegine talaplary bildirýär.

Meretguly TANGIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar