Ylym — bagtyýarlygyň gözbaşy

10 Iýun 2021
2085

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ylmy-tehniki, innowasion syýasatyny ýaýbaňlandyrmak, bäsleşige ukyply, energiýa tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan howpsuz ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary döretmek we önümçilige ornaşdyrmak, ylym ulgamy bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň arabaglanyşygyny berkitmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň baş ugurlarynyň biridir.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň her bir ugrunyň ylma daýanyp, ýokary ösüşe eýe bolmagy üçin aýdyň çözgütleri kabul edýär. Milli Liderimiziň ylym özgertmelerinden gözbaş alýan çözgütler ýurdumyzyň ösüşleriniň binýadyny berkidip, täze işlere badalga berýär. Çünki hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti kemala getirmekde, ylmyň tutýan orny uludyr. Şu jähetden döwlet Baştutanymyz ýaş nesillerimiziň çuňňur ylymly-bilimli, dünýä derejeli ylmyň hem ylmy dünýägaraýşyň eýesi bolmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Ähli ugurlarda ajaýyp üstünliklere ýetilýän döwrümizde ýurdumyzyň ylym özgertmeleriniň durmuşa giňden ornaşýandygy hemme ugurlarda aýdyň görünýär.

Mähri GURDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri.