HABARLAR

Talyp gyzyň üstünligi

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby Ajap Batyrowa Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda guralan onlaýn bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Bu bäsleşik bedenterbiýe we sport adalgalary boýunça geçirildi. Oňa ýokary okuw mekdepleriniň 10-syndan 80-den gowrak talyp gatnaşdy.

Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasy: «Ýaşyl» ösüş. Wodorod energetikasy. Döwrüň zerurlygy

Üns berýän bolsaňyz, soňky ýyllarda halkara gatnaşyklaryň we diplomatiýanyň tejribesinde «ýaşyl» ösüş bilen baglanyşykly kän-kän täze düşünjelerdir adalgalar peýda bolýar. «Ýaşyl» ykdysadyýet, «ýaşyl» geljek, energiýanyň alternatiw görnüşleri, howanyň ählumumy maýlamagy we onuň täsirlerine uýgunlaşmak, ösüşi maliýeleşdirmek, pes uglerodly energetika, parnik gazlary, ozon gatlagynyň ýukalmagy, Pariž ylalaşygy, howanyň temperaturasynyň ýokarlanmagyny 1,5oC derejede saklamak, howa sammitleri, ekoişjeňlik... ýaly düşünjeler bu gün hemmeleri adamzadyň umumy öýünde howanyň üýtgemegi zerarly ýüze çykýan çökgünlige garşy bilelikde göreşmäge çagyryş bolup ýaňlanýar. Elbetde, «A» harpdan başlap, Aýa çenli baryp ýeten adamzadyň intellektual ukyp-başarnyklarynyň, adam aňy bilen döredilen innowasion tehnologiýalardyr nou-haularyň mümkinçilikleri tükeniksiz. Ýöne soňky onýyllyklarda tebigata ýetirilýän antropogen täsirler we howanyň ählumumy maýlamagy zerarly bolup geçýän hadysalar dünýä jemgyýetçiligini uly howsala saldy. Hut şu mesele hem «ýaşyl» geljegi gurmak babatda örän paýhasly, toplumlaýyn, sazlaşykly tagallalara zerurlygy barha artdyrýar. «Daşky gurşaw hakynda aladalanmazdan, dünýä döwletleriniň we halklarynyň durmuş hem-de yk

Dürler hazynasy

Durmuşda dogry ýoly salgy berýän dost kitapdyr. Ol bilimleriň çeşmesi bolup hyzmat edýär, dünýägaraýşyň giňelmegine täsir edýär. Biziň her birimiz özümizi gyzyklandyrýan soraglara jogaplary kitabyň üsti bilen tapyp bilýäris. Olaryň terbiýeçilik ähmiýeti hem ýokary bolup, ündelýän pikirler ynsany diňe ýagşy ýola atarýar. Eziz Diýarymyzda medeni gymmatlyk hökmünde ruhy baýlyga öwrülen kitaplara goýulýan hormat-sarpa has-da artýar. Halkymyzyň dünýägaraýşyny giňeltmek, ýaşlaryň bilim derejesini dünýäniň ösen ülňülerine çykarmak üçin ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň kitap hazynasy barha baýlaşýar. Ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde hem oňat abzallaşdyrylan kitaphanalaryň bardygy guwandyrýar. Olarda diňe okuw kitaplarynyň, gollanmalaryň däl-de, çeper edebiýatlaryň, ylmy we ensiklopedik eserleriň bolmagy ýaş nesliň kämilleşmegi üçin hemme şertleriň döredilýändiginiň subutnamasydyr.

Halkara bilim bäsleşikleri: kämillik mekdebi

Arkadagly Serdarymyz Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen ilkinji pursatlarynda ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim almaklary üçin edilýän aladalaryň has ýokary derejelere çykaryljakdygyny aýtdy. Bu aýdylanlar eýýäm öz miwesini berip başlady. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen hepdäniň anna gününde geçirilen mejlisinde hem habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara olimpiadalaryny geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Eziz Diýarymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary her ýyl halkara derejede geçirilýän ders bäsleşiklerine we olimpiadalara gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar hem-de Watanymyzyň abraýyny has-da belende göterýärler. Soňky ýyllarda bolsa ýurdumyzda hereket edýän ýokary okuw mekdeplerinde hem şeýle halkara bilim bäsleşikleri guralyp, olara dünýäniň dürli künjeklerinden zehinli ýaşlaryň gatnaşmaklary üpjün edilýär. Bu bolsa ýaşlarymyzyň daşary döwletlerdäki deň-duşlary bilen bäsleşip, has çuňňur bilimiň we hünäriň eýesi bolmaklaryny üpjün edýär. Şu aýda halkara internet olimpiadasyny geçirjek ýokary okuw mekdepleriniň hatarynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty hem bar. Biziň baýry ýokary okuw mekdebimizde, Hökümet mejlisinde hem habar berl

Ylym we döwrebap tehnologiýalar

Ussat mugallym

 «7-24.tm», № 18 (101), 02.05.2022 Ýaş nesli döwrebap terbiýeläp ýetişdirmek bilim ulgamynda esasy wezipe bolup durýar. Şol wezipäni ýerine ýetirmekde Baýramaly şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 12-nji orta mekdebiniň ýokary derejeli  matematika mugallymy Akja Garýagdyýewa özüniň asylly zähmetini we baý iş tejribesini döwletimiziň geljegi bolan ýaşlary sowatly, başarjaň, ukyply edip ýetişdirmäge sarp edýär.

Nebitiň we gazyň toplanmagy

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda) Başlangyç toplanma şu ýagdaýlaryň ýüze çykmagynyň netijesinde amala aşýar: uglewodorod gazlarynyň suwdan (nebitden) subkapillýar köpürjikler görnüşinde, erginden gazlaryň diffuziýasynyň netijesinde irelmegi we kiçi ölçegli köpürjikleriň has uly köpürjiklere birleşmegi; temperaturanyň peselmegi bilen suwly erginlerden suwuk uglewodorodlaryň bölünip çykmagy we minerallaşmanyň ýokarlanmagy bilen olaryň ýaglanmagy hem-de soňra emele gelen damjalaryň koalessensiýasy (koalessensiýa — damjalaryň biri-biri bilen birleşme hadysasy), suwuk uglewodorodlaryň misellýar (misellýar — has owunjak bölekler) erginleriniň elekden geçme bölünmegi we ýarym geçirijilikli (syzdyryjylykly) ekranyň içinden suwuň süzülmeginiň netijesinde olaryň emulsiýasy; suwuk uglewodorodlaryň gazkondensat erginlerden bölünip aýrylmagy. Başlangyç toplanmanyň mehanizminde heniz köp näbellilikler bar. Ähtimal, onuň aýry-aýry bölekleri we ýagdaýlary başlangyç göçmede eýýäm bardyr, onuň netijesinde nebit we gaz öndüriji dag jynslaryndan erkin faza görnüşinde göçüp biler.

Bähbitli barlaglar

Häzirki wagtda energiýanyň iň möhüm aýratynlyklaryndan biri, ol hem onuň her günde diýen ýaly sarp edilişiniň barha artýandygydyr. Ýangyjyň dünýä bazarynda bahasynyň ýokarlanmagy, energiýany öndürmegiň we toplamagyň täze usullaryny gözlemäge mejbur edýär. Energiýany öndürmegiň adaty usullary bilen bir hatarda, ony öndürmegiň adaty bolmadyk görnüşleri, ýagny, gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriň hasabyna energiýany öndürmek ähli ýurtlarda diýen ýaly ýola goýuldy we ylmy taýdan öwrenilýär. Energiýany gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriň hasabyna öndürmek bilen bir hatarda ony toplamak, ýagny, Gün gyzdyryjylarynyň (Gün kollektorlarynyň) hasabyna öndürilen ýylylyk energiýasyny agşamlaryna ýa-da gijelerine peýdalanmak üçin ýörite gurluşlary ornaşdyrmak zerurlygy ýüze çykýar. Häzirki wagtda bu gurluşlar giňden peýdalanylyp gelinýär.

Nebitiň we gazyň toplanmagy

Türkmenistanyň çäginde nebitgaz ýataklarynyň esasy bölegi ýurdumyzyň günorta-günbatar, gaz-gazkondensat ýataklarynyň esasy bölegi bolsa merkezi, gündogar we günorta-gündogar çäklerinde jemlenen. Munuň şeýle bolmagy ýerasty gatlaklarynyň onlarça million ýyllaryň dowamynda geologik ösüş taryhy, tektoniki hereketler, ýerasty jaýrylmalar, paleogeografik, litologik-fasial, organiki maddalaryň, nebit we gaz emele getiriji dag jynslarynyň ýaýraýşy, duzaklaryň, ýataklaryň örtükleriniň, gidrogeologik, termobariki, şeýle-de soňra bolup geçýän dürli hadysalar bilen şertlendirilen. Ýeriň jümmüşinde nebitiň, gazyň we gaz kondensatynyň toplanmagynyň dürlüligi ýokarda sanalyp geçilen şertler bilen gös-göni bagly. Şu makala taýýarlananda nebitiň we gazyň toplanmagy barada çap edilen edebiýat çeşmelerinden hem peýdalanyldy.

Ýaşlar hakda söz

«7/24.tm», №17 (100), 25.04.2022 Ýaşlyk — güýç, hyjuw, terlik, täzelik, ynam, maksat, durmuşa, tebigata, dünýä, adamlara egsilmez söýgi. Ýaşlyk ynsanyýeti, jemgyýeti öňe äkidiji täze pikirleriň çeşmesidir, şu dury çeşmäniň suwy ýaşaýşa okgunlylyk berýär, ony özgerdýär, düýbünden täze keşbe, janlylyga besleýär.