Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim täze ösüşlere beslenýär. Häzirki döwürde ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly hünärmenleri ýetişdirmek, ylmyň iň täze gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmak esasy wezipeleriň biridir. Şunda sanly bilim ulgamynyň aýratyn ähmiýeti bardyr, çünki bu täze ugur okatmagyň döwrebap usullaryny kemala getirýär. Biz sanly bilim ulgamynyň işjeň durmuşa ornaşdyrylmagy bilen uzak aralykdan okadylýandygyny, onlaýn maslahatlaryň geçirilýändigini görýäris. Şeýle hem bilim portallarynyň döredilmegi, elektron kitaplaryň hödürlenmegi ýaly ugurlar bilim bermekde iň täze ugurlar hasaplanýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, ýaşlaryň okadylýan sapagy tiz özleşdirmeklerine, kitaplar bilen tiz tanyşmaklaryna ýardam edýär.
Her döwürde tehniki serişdeleriň ösüşi adamyň tebigatyň kanunlaryna akyl ýetiriş we olary tejribede ulanyş ukybyna bagly bolupdyr. Ylmy-tehniki ösüşiň binýadynda ynsanyň akyl zähmeti bardyr. Şonuň üçin hem bu ugruň ösdürilmegi ynsanyň aň-düşünjesiniň ösmegi, ylmyň barha giň mümkinçiliklere eýe bolmagy ýaly ugurlary öz içine alýar. Şonuň üçin ýaşlaryň diňe bir tehnologiýalardan baş çykarmaklary däl-de, eýsem, olaryň zähmetsöýer bolmagy, ukyplaryny açyp bilmekleri esasy zerurlykdyr. Bu babatda ýurdumyzda giň mümkinçilikleriň döredilýändigini bellemek gerek. Geçirilýän ylmy duşuşyklar, maslahatlar, şeýle hem ýaşlaryň arasyndaky bäsleşikler muňa aýdyň mysal bolup biler.