Güneşli Diýarymyzda Gün şöhlesiniň bahasyna ýetip bolmaýan uly baýlykdygyny biziň her birimiz bilýäris. Çünki, Gün şöhlesi janlyjandar üçin egsilmez güýç we ylham, bereket çeşmesidir. Tebigatymyzyň kanuny biziň barymyza we bizi gurşaýan zatlaryň ählisine deň täsir edýär. Şonuň üçin ýylyň yssy pasyllarynda howanyň aşa gyzýan Günlerinde özümizi Günüň göni şöhlesinden goramalydyrys. Günüň şöhlesinden dogry peýdalanylsa, onuň saglyga hem täsiri bardyr. Şol sebäpden Günüň şöhlesinden dogry peýdalanmagymyz hemde ondan dogry goranmagymyz zerur bolup durýar.
Onuň üçin her bir raýat ýada çagalara ideg edýän terbiýeçiler we eneatalar arassa howada gezelenç etmek üçin irden sagat 1000-a çenli, öýlän 18.00-dan soň agyzburun örtükli, bellenen aralygy saklap, pasla görä geýnüwli gezelenç etmelidirler. Şeýle ýagdaýda alnan Gün şöhlesi bedenimiziň goragyny güýçlendirýär, gan aýlanyşygyny gowulandyryp, oňaýly täsir edýär. Günüň ultramelewşe şöhleleri öýjüklerde diş we süňk üçin we çaganyň dogry ösmegine ýardam berýär. D witaminiň işlenilip çykmagyna öz täsirini ýetirýär we çagalarda igleme (rahit) keseliniň, ulularda bolsa osteoporoz keseliniň, alyşçalyş hadysalarynyň bozulmalarynyň birnäçesiniň D witamin ýetmezçiligi esasynda döremeginiň öňüni alýar.