HABARLAR

Ylym ýoly — ykbal ýoly

Gurbangül Guzyçyýewa ykbalyny ylma baglan hem-de kesbinden kemal tapýan zenanlaryň biri. Halypa alym zenan häzirki wagtda-da ylym bilen meşgullanmagyny dowam edýär. Ýaş alymlara halypalyk edýändigine garamazdan, özi-de ylmy öwrenmegi dowam edýär. Ylmy gözleglerini golýazma nusgalary bilen baglanyşykly islendik temadan ýazsa-da, ol çuňňur derňew geçirip, türkmen edebiýatynyň inçe syrlaryny açyp görkezýär. Ol alymlara mahsus bolan sypaýylyk, agraslyk, pespällik, açykgöwünlilik ýaly ajaýyp häsiýetleri özünde jemleýän, türkmen milli ylmyny ösdürmäge önjeýli goşant goşýan alymlaryň hatarynda tanalýar. Ol 1971-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 13-nji orta mekdebi tamamlap, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetine okuwa girýär. Ýokary okuw mekdebinde tejribeli mugallymlardan sapak alýar.

Ynsanperwerligi dabaralandyrýan beýik ýol

Ynsanperwerlik, parahatsöýüjilik, hoşniýetlilik syýasatyny öňe sürýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy gözbaşyny taryhy geçmişden alyp gaýdýar. Türkmen halkynyň döredip, kämilleşdirip, şu günki güne gelip ýetiren ahlak-ruhy gymmatlyklaryny dabaralandyrýan özboluşly aýratynlyklary bar. Türkmeniň adalatlylyk, rehimdarlyk, ynsanperwerlik, sabyr-kanagatlylyk ýaly häsiýetleri halkymyzyň ganyna siňendir. Bu häsiýetler türkmen edebiýatynda, halk döredijilik eserlerinde öz beýanyny giňden tapypdyr. Halkyň arasyndaky dostluk bilen bagly pähimler ynsan gatnaşyklarynyň we döwletiň döwletler bilen ynsanperwer gatnaşyklaryny alyp barmagynyň esaslanmasyny görkezýär. Şu jähetden türkmen Bitaraplygy öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýandygyny beýik akyldarlarymyzyň döredijiliginde aýdyň görmek bolýar. Şeýle garaýyşlar Merwde doglan Abdylla Mübäregiň döredijiliginde hem beýanyny tapýar.

Ylym — ösüşleriň binýady

Ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmek, ýaş nesilleri kämil şahsyýetler edip ýetişdirmek esasy ugurlaryň biridir. Ähli ösüşleriň, özgerişleriň we üstünlikleriň gözbaşy ylym-bilimiň binýady bilen baglanyşyklydyr. Şonuň üçin ýurdumyzda ylym-bilim ulgamy häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda düýpli özgerýär. Hususan-da, ylym ulgamy döwletimiziň we jemgyýetimiziň we geljekki ösüşleriň ygtybarly daýanjy hasaplanylýar. Hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Ylym we tehnologiýalar biziň şu günki hem-de geljekki ösüşlerimiziň esasyny düzýän gymmatlygymyzdyr». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ylym diňe bir şu günki ösüşimizi däl-de, eýsem, röwşen geljegimizi hem üpjün edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, ylym-bilim ulgamynda hem uly üstünliklere eýe bolunýandygyny bellemek gerek. Şunda dünýä döwletleriniň abraýly ylym we bilim merkezleri bilen özara hyzmatdaşlygyň işjeňleşýändigini aýtmak bolar. Munuň özi ylym-bilimi ösdürmek bilen bir hatarda dost-doganlyk gatnaşyklaryny-da pugtalandyrýar.

Ylym dün­ýä­si­niň ägir­di

«7/24. tm» №15 (202), 08.04.2024 Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­myz mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zy, şeý­le-de mil­li ta­ry­hy­my­zy asyl dur­kun­da do­ly öw­ren­me­gi­mi­zi gaý­ta­ryp ber­di. Ibn Si­na Ür­genç (hä­zir­ki Kö­ne­ür­genç) şa­sy Aly ben Ma­mu­nyň köş­gü­niň ýa­nyn­da­ky ylym öýün­de özi ýa­ly da­na alym­lar, luk­man­lar bi­len bi­le­lik­de ylym bi­len meş­gul­lan­ýar. Gu­jur-gaý­ra­ty­nyň joş ur­ýan wag­ty ta­ny­mal alym­lar, akyl­dar­lar, luk­man­lar bi­len gat­na­şyk­da bol­ma­gy Ibn Si­na ok­gun­ly öňe git­mä­ge ýar­dam ed­ýär. 

Wideogörnüşleriň bäsleşigi

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak maksady bilen biziň baýry ýokary okuw mekdebimiz ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Magtymguly and the present day» («Magtymguly we şu gün») atly iňlis dilinde wideogörnüşleri taýýarlamak boýunça bäsleşik yglan etdi. Uly gyzyklanma eýe bolan bäsleşikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden gelen wideogörnüşleriň 45-si kabul edilip, olaryň arasyndan iň gowulary ýeňijiler diýlip yglan edildi. Ýeňijiler saýlanyp alnanda, esasan, işiň Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsini we onuň öwrenilişini içgin açyp görkezişine üns berildi.

Tejribelik geçýän talyplaryň bäsleşigi geçirildi

«Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty «Berdimuhamet Annaýewiň durmuş we zähmet ýoly mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmegiň usulyýet esasydyr» atly bäsleşigi guramaga gatnaşdy. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen bilelikde guralan bäsleşik iňlis dilini okatmagyň usulyýeti boýunça geçirildi. Oňa ýokarda ady agzalan ýokary okuw mekdepleriniň mugallymçylyk tejribeligini geçýän talyplary gatnaşdylar.

Gymmaty egsilmejek eserler

Ata Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesliň edep-terbiýeli, ylym-bilimli, kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmegi üçin uly aladalar edilýär. Ýaşlary watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde, olarda ata Watana, halka, mukaddesliklere, asylly däp-dessurlarymyza, milli gymmatlyklarymyza belent söýgi döretmekde Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserleriniň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň ähmiýeti örän uludyr. Bu kitaplar nesil terbiýesi baradaky manyly, parasatly pikirlere ýugrulan jümlelere örän baý bolmak bilen, adamyň ruhy dünýäsini, dilini baýlaşdyrýan we kämilleşdirýän, durmuş meselesine giňişleýin jogap berýän, dogry ýola ugrukdyrýan bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklardyr. Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary taryhy we ylmyň beýleki ugurlaryna degişli hem-de milli gymmatlyklarymyz baradaky maglumatlary, asyrlar aşyp, biziň günlerimize gelip ýeten rowaýatlary, pähim-paýhaslary özünde jemlemek bilen, ruhy dünýämizi baýlaşdyrýan terbiýe mekdebidir. Hormatly Prezidentimiziň kitaplarynda Watanyňy söýmek, oňa wepaly bolmak, ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine öz mynasyp goşandyňy goşmak, gadymy taryhymyz, medeniýetimiz hakynda gymmatly pikir-garaýyşlar beýan edilýär.

Ylym-bilimde netijeli işler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün etmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumy gurulýar. Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda gurluşygyna badalga berlen institutyň 5000 orunlyk täze binalar toplumynyň okuw otaglaryny döwrebap enjamlaşdyrmak boýunça tejribeli hünärmenlerden ybarat bolan iş topary döredildi. Iş topary tarapyndan institutymyzyň täze binalar toplumyny enjamlaşdyrmak, okuw otaglaryna ornaşdyrylmaly enjamlarynyň kysymyny, ulgamlaryny, programma üpjünçiliginiň sanawyny taýýarlamak boýunça potratçy kärhana bolan «Ajaýyp gurluşyk» hususy kärhanasy bilen degişli guramaçylyk işleri alnyp baryldy. Institutyň professor-mugallymlary Germaniýa Federatiw Respublikasynyň tejribehana enjamlaryny öndürýän kompaniýalarynda iş saparynda boldular. Gamburg şäherinde ýerleşýän «G.U.N.T. Gerätebau GmbH» kompaniýasynyň «G.U.N.T Hamburg» tejribehana enjamlaryny öndürýän zawodynda kompaniýanyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.

Ibn Sinanyň ýörelgeleri

«7/24. tm» №14 (201), 01.04.2024 Türk­men hal­ky­nyň baý me­de­ni mi­ra­sy özü­niň kö­pö­wüş­gin­li­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Halk luk­man­çy­ly­gyn­da hal­ky­myz baý däp­le­ri, öz­bo­luş­ly ýol-ýö­rel­ge­le­ri bi­len bi­ler­men­le­riň ün­sü­ni çek­ýär. Bi­ziň Di­ýa­ry­myz­da halk için­de luk­ma­nyň ady tu­tul­sa, Gün­do­ga­ryň be­ýik luk­ma­ny Ibn Si­na esas­la­nyl­ýar. Hä­zir­ki Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň çäk­le­rin­de ýa­şan, okap bi­lim alan we luk­man­çy­lyk amal­la­ry bi­len at gal­dy­ran Abu Aly Ibn Si­na alym, fi­lo­sof hök­mün­de adam­zat yl­my­nyň ösü­şi­ne uly go­şant go­şan be­ýik şah­sy­ýet­dir.

Emeli intellekt

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň gur­lu­şy­nyň äh­li ugur­la­ryn­da bol­şy ýa­ly, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ösüş dep­gin­le­ri bo­ýun­ça ösen ýurt­la­ryň ha­ta­ryn­da bar­ýar. Türk­me­nis­tan tä­ze sep­git­le­re ýet­mek bi­len ösü­şiň tä­ze ýo­ka­ry de­re­je­si­ne mag­lu­mat­lar jem­gy­ýe­ti­ne ga­dam goý­dy. Eme­li in­tel­lekt adam­la­ryň ýa-da haý­wan­la­ryň te­bi­gy in­tel­lek­tin­den ta­pa­wut­ly­lyk­da, ma­şyn­lar ýa-da beý­le­ki en­jam­lar ta­ra­pyn­dan san­ly gör­nüş­de gör­ke­zil­ýän akyl­dyr. Onuň aý­ra­tyn­lyk­la­ry ba­ra­da Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­lym­la­ry Aga­ber­di Ho­ja­ýew bi­len Şe­ker Mäm­met­gu­ly­ýe­wa gür­rüň ber­ýär.