Ynsanperwerlik, parahatsöýüjilik, hoşniýetlilik syýasatyny öňe sürýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy gözbaşyny taryhy geçmişden alyp gaýdýar.
Türkmen halkynyň döredip, kämilleşdirip, şu günki güne gelip ýetiren ahlak-ruhy gymmatlyklaryny dabaralandyrýan özboluşly aýratynlyklary bar. Türkmeniň adalatlylyk, rehimdarlyk, ynsanperwerlik, sabyr-kanagatlylyk ýaly häsiýetleri halkymyzyň ganyna siňendir. Bu häsiýetler türkmen edebiýatynda, halk döredijilik eserlerinde öz beýanyny giňden tapypdyr. Halkyň arasyndaky dostluk bilen bagly pähimler ynsan gatnaşyklarynyň we döwletiň döwletler bilen ynsanperwer gatnaşyklaryny alyp barmagynyň esaslanmasyny görkezýär. Şu jähetden türkmen Bitaraplygy öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýandygyny beýik akyldarlarymyzyň döredijiliginde aýdyň görmek bolýar. Şeýle garaýyşlar Merwde doglan Abdylla Mübäregiň döredijiliginde hem beýanyny tapýar.