Jahanda kitap dek mährem dost bolmaz

13 Mart 2024
1037

«Sen adamlaryň dilinden bir ömürde öwrenip bilmejek zatlaryňy kitapdan bir aýda öwrenip bilýärsiň» diýip, Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp kitabynda ýazýar. Şu sözlerdenem görnüşi ýaly, kitabyň adamlaryň durmuşynda eýeleýän orny, ähmiýeti diýseň ýokarydyr. Esasanam, ýaş nesillerde watançylyk, ynsanperwerlik, ruhubelentlik duýgularyny ösdürmekde, ýaşaýşa, zähmete söýgi döretmekde, olary sagdyn durmuşa gönükdirmekde kitaplara uly orun degişlidir. Ata-babalarymyz hem şöhratly taryhynyň bütin dowamynda kitaplarda öňe sürülýän pähim-paýhaslaryň, edep-terbiýe kadalarynyň üsti bilen öz nesillerini terbiýeläpdirler.

Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden dörän ajaýyp kitaplary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby, şadessanlarymyz, nusgawy şahyrlarymyzyň eserleri biz — mugallymlar üçin hemişe gymmatly gollanmalar bolup durýarlar. Ol eserleriň her bir jümlesi ynsan kalbyna üýtgeşik täsir edýär, durmuşda dogry ýoly saýlap almaklyga ýardam berýär.

Şemşatgül Bäbişowa,
Esenguly etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.