HABARLAR

Bol hasyl almakda mineral dökünleriň ähmiýeti

Häzirki wagtda ýurdumyzda däneçilik, pagtaçylyk, gök ekerançylyk, miweçilik, üzümçilik, bakjaçylyk we beýleki ugurlar işjeň ösdürilýär. Oba hojalyk pudagyny döwrebap talaplara görä netijeli ösdürmek, ekinlerden ýokary hilli hasyl almak boýunça uly işler dowam edýär. Şunda topragyň hilini gowulandyrmak, ekerançylykdan alynýan hasyly artdyrmak, tohumçylygy kämilleşdirmek pudagyň öňünde durýan esasy wezipeleriň hataryndadyr. Türkmenistanda obasenagat toplumyna döwlet tarapyndan uly goldaw berilýär. Oba hojalygynyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna, şol sanda gaýtadan işleýän kärhanalaryň, mineral dökünleriň önümçiligi boýunça zawodlaryň gurulmagyna maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Toprakdan bol hasyl almakda mineral dökünleriň uly ähmiýeti bardyr. Şeýle dökünler ösümlikleriň iýmitlenmegi, topragyň hasyl berijiliginiň gowulanmagy üçin zerur bolup durýar. Mineral dökünler ýokary we durnukly oba hojalyk hasylyny almak maksady bilen ulanylýar. Türkmenistanda mineral dökünleri öndürýän himiýa kärhanalarynyň birnäçesi bar. Türkmenabatda fosfor dökünleriniň önümçiligi boýunça S.A.Nyýazow adyndaky himiýa kärhanasy, azot dökünlerini öndürýän «Tejenkarbamid», «Maryazot», «Marykarbamid» we «Garabogazkarbamid» zawodlarynyň, kaliý dökünler

Elýeterli ýyladyşhanalar: geljegi uly önümçilik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda işewürligiň yzygiderli ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Netijede, türkmen hususyýetçileri tarapyndan önümçiligiň dürli ugurlarynda ýokary görkezijiler gazanylýar. Şeýle ugurlaryň biri hem ýylsaýyn giň gerime eýe bolýan ýyladyşhana işewürligidir. Aslynda, ýyladyşhana näme üçin zerur? Munuň özi adamlaryň hemişe ter, täze iýmite bolan islegi, tebigy talaby bilen baglydyr. Ösen dünýäde adamlar tebigata bagly däl ýagdaýda, emeli şertlerde hem iýmit üpjünçiligini amal etmek mümkinçiligine eýe boldy. Şunda ýyladyşhanalara uly ornuň degişlidigini wagt hem-de tejribe eýýäm görkezdi. Mundan ötri ýurduň azyk garaşsyzlygynda hem-de eksport meselesinde ýyladyşhanalaryň biçak uly mümkinçilikleri barha giňemek bilen. Şu ýerde bir zady aýratyn nygtamak gerek. Türkmenistanda ýyladyşhana işewürligini ösdürmäge, bu ugurda dünýäde iň öňdebaryjylaryň birine öwrülmäge diýseň uly şertler bar. Muny ýurdumyzda oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirýän daýhanlaryň salgytlardan doly boşadylandygy, ekin meýdanlarynyň giňdigi, energiýa serişdeleriniň bahasynyň arzandygy, ýyladyşhanalarda ýetişdirilen önümleri eksport etmek üç

Ideg işleri utgaşdyrylyp geçirilende...

Gowaçadan doly gögeriş alnandan soň ilkinji hatarara bejergi işleri geçirilýär. Ösüş suwunyň tutulyp başlanmagy bilen, her gezek suw tutulandan soň, ýerleriň taba gelşine görä, hatararalarynyň bejergisi geçirilýär. Hatarara bejergisiniň esasy maksady toprakdaky yzgaryň ýitgisiniň we duzlaryň ýokary galmagynyň öňüni almakdan, şeýle hem gowaçanyň kök ulgamynyň kadaly howa çalşygyny üpjün etmekden, topragyň üstki gatlagyny gowy bejerilen ýagdaýda saklap, hatararalaryny haşal otlardan arassalamakdan ybaratdyr. Ilkinji bejerginiň ýokary netijeli bolmagy üçin hatararalary 90 santimetr bolan 7 sany işçi guralynyň gatnaşmagynda toplum bilen ýumşatmaly. Gorag zolagynyň giňligi gowaçanyň hatarynyň her gapdalyndan 8 – 10 santimetr bolmaly. Şeýlelikde, işlenip bejerilýän zolagyň ini 90 santimetr hatararada 70 – 74 santimetr bolýar. Gowaçalar ýekelenip, otag işleri tamamlanandan soň, ikinji hatarara bejergi işleri geçirilýär. Bu bejergi 90 santimetr hatararasynda 14 – 16 santimetr çuňlukda geçirilýär. Gorag zolagynyň giňligi bolsa 10 – 12 santimetr bolmalydyr. Her ösüş suwundan soň, hatarara bejergileri geçirilýär. Bejerginiň çuňlugy 90 santimetr hatararasynda 18 – 20 santimetr bolmaly. Hatarara bejergileri işçi abzallarynyň doly toplumy bilen üpjün edilen kultiwatorlar bilen geçir

“Ylym bir daragtdyr”

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň çäklerinde eziz Diýarymyz ylym, bilim we beýleki ulgamlarda döwür bilen deň gadam urýar. Döwletiň, jemgyýetiň her bir babatdaky ösüşi bilimiň, ylmyň näderejede ösýändigine bagly bolup durýar. Şonuň üçin hem her bir döwletde ylym-bilimiň ösmegi zerurdyr. Binanyň berkliginiň binýadyň mäkämligine baglydygy bize durmuş hakykatyndan mälimdir. Binýat näçe berk, oýlanyşykly goýulsa, gurýan ymaratymyz hem şonça gaýym hem ajaýyp bolar. Täze taryhy eýýamda ýaş nesliň bilim binýadynyň berkden tutulmagy hem ýurduň geljekki ösüşiniň aýdyň kepilidir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: “Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň mümkinçiliklerini giňden açmakda, dünýä derejeli ylmy düşünjesi bolan hünärmenleri, alymlary ýetişdirmekde halkara hyzmatdaşlygyny täze derejelere çykarmagy zerur wezipe hökmünde aýratyn nygtamak isleýärin. Ylmyň kökleri çagalar bagyndan başlap ösmelidir we munuň üçin ylym-bilimiň basgançaklary dünýä standartlarynyň talaplaryna doly laýyk getirilmelidir. Ylmy döredijiligiň ýurdumyzyň we halkymyzyň durmuşyny ösdürmekdäki täsiriniň artmagy üçin daşary ýurtlar bilen ylmy hyz

Atçylyk: ylym — gel­je­ge ynam

Arkadag şäheriniň merkezinden geçýän şaýol gaýduwsyz Keýmir serdaryň adyny göterýär. Ýolboýy şäheriň Döwletmämmet Azady adyndaky kitaphanasy, Ruhyýet köşgi, Döwlet arhiwi, Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi ýaly edara binalarynyň duşundan geçip gidýärsiň. Bu şaýol Atçylyk ylmy-önümçilik merkezine getirýär. Merkeziň baş binasy sekizburçluk keşbi bilen uzaklardan lowurdaýar. Ýüzüni daga tutup oturan 7 gatly binany arkalap uzaýan aýlaw nal şekili oňa gelşik berýär. Nalyň nyşany — şäherdäki atçylyga degişli desgalaryň aýrylmaz bölegi. Binalar öz keşbi bilen ondaky kesplerden gürrüň açýar. Ylmy-önümçilik merkezi iki sany ajaýyp binanyň arasynda ýerleşýär. Gündogarynda Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki, günbatarynda bolsa Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy şähere gözellik berýär.

Institutyň ylmy-barlag işleri önümçilikde

Häzirki wagtda «Nebitgazylmytaslama» institutynyň agzybir hünärmenleri tarapyndan gazlift we ştangaly çuňlukdan sorujy usullar bilen işleýän hereketdäki guýularyň nebit çykarylyşyny artdyrmaga ýa-da durnukly işlemeklerine ýardam berýän birnäçe teklipler hödürlenilýär we guýularda öz beýanyny tapýar. Ylmy-barlag işlerinde ştangaly çuňlukdan sorujy guýularda sorujynyň işleýşi, oňa täsir edýän faktorlar öwrenilip anyklanylýan bolsa, ýörgünli gazlift usuly bilen işleýän guýularda hem berilýän gazy sazlamak we tygşytlamak arkaly alynýan maglumatlar seljerilip, täzeden işlenip, önümçilige teklipler hödürlenilýär. Institutyň hünärmenleriniň wezipesi önümçiligiň jümmüşinde bolup, gazlift we ştangaly çuňlukdan sorujy usul bilen işleýän guýulardan nebit çykarylyşynyň ýokarlanmagyna ýardam berýän dürli görnüşli barlaglary geçirip, guýularyň kadaly işlemeklerini gazanmakdyr we olary köp önüm berýän guýularyň hataryna goşmakdyr. Şu mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň başlarynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň we «Nebitgazylmytaslama» institutynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda gazlift guýularyna sarp edilýän gazyň udel kadasyny kesgitlemek boýunça ady agzalan institutda giňişleýin maslahat geçiril

Atçylygyň ylmy-önümçilik merkezi

Arkadag şäheriniň döredilmegi halkymyzyň buýsanjyna buýsanç goşan taryhy wakalaryň biri boldy. Bu ajaýyp şäheriň aýratynlyklarynyň biri hem onuň ahalteke bedewleriniň merkezine öwrülmegidir. Şu günki gün bu ýerde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi, şeýle hem Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki hereket edýär. Bu hem Arkadag şäheriniň diňe Türkmenistanda ýa-da sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde halkara atçylygyň merkezine öwrülendiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Milli atçylygy ösdürmek babatda yzygiderli amala aşyrylýan işler, hususan-da, Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň döredilmegi ýurdumyzyň häzirki wagtda dünýä medeniýetiniň baýlygyny — ahalteke bedewini geljekki nesiller üçin aýawly saklaýan uly halkara merkez bolup durýandygyny dolulygyna äşgär edýär.

«Bedew atlar adam ýaly syzýa»

Atlar adamlar ýaly gürläp bilmeýärler, emma öz aralarynda aragatnaşygy saklaýarlar. Beden dili we özlerine mahsus sesleri bilen «Gaharym gelýär», «Ajykdym», hatda «Seni gowy görýärin» ýaly sözleri duýduryp bilýärler. Gysga wagtlyk okuw arkaly bu at dilini öwrenmek mümkindir. Bar mesele atlaryň öz aralarynda aragatnaşygy saklamak üçin edýän hereketlerini nähili ýormalydygyny öwrenmekden ybaratdyr. Boýun. Atlar uzyn we muskullak boýnuny dürli maksatlar üçin ulanýarlar. Bularyň iň möhümi bedeniniň deňagramlylygyny saklamakdyr, mundan başga-da, aragatnaşyk saklamak, gaşanmak we mör-möjekleri kowmak üçin ulanýarlar. Atyň halamaýan bir zady bar bolsa, başga bir at ýa-da adam ony biynjalyk edýän bolsa, başyny ýaýkap (mör-möjekleri kowmakdan başga) nägileligini görkezýär.

Biotehnologiýa ösüş­iň öň ha­ta­ryn­da

Häzirki zamanda ylmyň we tehnologiýanyň ösüş depgini ýokary derejelere çykdy. Olaryň adamzadyň ýaşaýyş-durmuşyna edýän täsiri hem görnetin artdy. Indi ylymsyz we tehnologiýasyz durmuşy göz öňüne getirmek hem kyn. Ol ýokary depginli ösüş biziň Garaşsyz hem Bitarap Watanymyzda durmuşyň ähli ugurlarynda özüni görkezdi. «Türkmenistanyň ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasynyň» hem-de «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi ýurdumyzda ylmyň we tehnologiýanyň ähli ugurlar boýunça ösmegi, şeýle hem durmuşa giňden ornaşmagy babatda giň ýol açdy. Ylmyň we tehnikanyň ösüşinde ileri tutulýan ugurlaryň biri hem biotehnologiýalardyr. Biotehnologiýalar janly bedenleri, olaryň ulgamlaryny ýa-da biologiki ösüşiniň gidişini ulanmagy öwrenýär.

Tehnologiýalar merkeziniň ylmy açyşlary

Žurnalymyzyň şu sanynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde häzirki wagtda alnyp barylýan işler barada okyjylara gürrüň bermegi makul bildik. Şu maksat bilen, Tehnologiýalar merkeziniň biotehnologiýa barlaghanasynyň müdiri Altyn Rahmanowa bilen söhbetdeş bolduk. Şonda ol bize ýandakdan (Alhagi persarum) taýýarlanan dermanlyk ekstraktynyñ mikrokapsulirlenen görnüşe geçirilişi barada şeýle gürrüň berdi: — Biz biotehnologiýa tejribehanasynyň beýleki hünärmenleri bilen birlikde, ýandakdan mikrokapsulýasiýa etmek üçin tehnologiýany işläp düzdük. Şonuň bilen hem bize ýandagyň çig malyndan suwuk ekstrakty almak başartdy. Şeýlelikde, ýandagyñ ekstraktyny kapsula ýerleşdirdik.