Ideg işleri utgaşdyrylyp geçirilende...

30 Aprel 2024
1172

Gowaçadan doly gögeriş alnandan soň ilkinji hatarara bejergi işleri geçirilýär. Ösüş suwunyň tutulyp başlanmagy bilen, her gezek suw tutulandan soň, ýerleriň taba gelşine görä, hatararalarynyň bejergisi geçirilýär. Hatarara bejergisiniň esasy maksady toprakdaky yzgaryň ýitgisiniň we duzlaryň ýokary galmagynyň öňüni almakdan, şeýle hem gowaçanyň kök ulgamynyň kadaly howa çalşygyny üpjün etmekden, topragyň üstki gatlagyny gowy bejerilen ýagdaýda saklap, hatararalaryny haşal otlardan arassalamakdan ybaratdyr. Ilkinji bejerginiň ýokary netijeli bolmagy üçin hatararalary 90 santimetr bolan 7 sany işçi guralynyň gatnaşmagynda toplum bilen ýumşatmaly. Gorag zolagynyň giňligi gowaçanyň hatarynyň her gapdalyndan 8 – 10 santimetr bolmaly. Şeýlelikde, işlenip bejerilýän zolagyň ini 90 santimetr hatararada 70 – 74 santimetr bolýar. Gowaçalar ýekelenip, otag işleri tamamlanandan soň, ikinji hatarara bejergi işleri geçirilýär. Bu bejergi 90 santimetr hatararasynda 14 – 16 santimetr çuňlukda geçirilýär. Gorag zolagynyň giňligi bolsa 10 – 12 santimetr bolmalydyr. Her ösüş suwundan soň, hatarara bejergileri geçirilýär. Bejerginiň çuňlugy 90 santimetr hatararasynda 18 – 20 santimetr bolmaly. Hatarara bejergileri işçi abzallarynyň doly toplumy bilen üpjün edilen kultiwatorlar bilen geçirilmelidir.

Gowaçany ýekelemek onuň kadaly gürlügini almak üçin geçirilýän örän jogapkärli agrotehniki çäredir. Ýekelemegiň gijä galdyrylyp geçirilmegi gowaçanyň hasyllylygynyň ep-esli peselmegine getirýär. Gowaçada 3 – 4 sany hakyky ýaprak emele gelenden soň ýekelenende gektardan 4,8 sentner, gunçalap başlanda ýekelenende 10,3 sentner hasyl ýitirilýär.

Ýagmyr ORAZOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.