Türkmen halky hemişe ylym-bilime aýratyn sarpa goýup, nesilleriň bilimli, giň dünýägaraýyşly bolmaklary barada çuňňur alada edýär. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde ylmyň döwrebap ugurlaryna aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Ylym we tehnologiýalar biziň şu günki hem-de geljekki ösüşlerimiziň esasyny düzýän gymmatlygymyzdyr». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, milli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna kämil tehnologiýalar hem-de dünýä ylmynyň gazananlary giňden ornaşdyrylýar. Milli ykdysadyýetiň ugurlarynyň işi kämil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen barha ilerleýär. Munuň özi döwrebap mümkinçilikleriň döredilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Ylym şu güni we geljegi ýagtylandyryp, köp asyrlardan bäri ösüşlere eýe bolup gelýär. Häzirki döwürde ylmy açyşlar tehnologiýalar bilen utgaşdyrylyp alnyp barylýar. Bu bolsa sanly tehnologiýalardan oňat baş çykarýan ýaşlar üçin döredilen mümkinçiliklerdir.Ylym we tehnologiýa babatynda ýokary netijeleriň gazanylýan döwründe ýaşlaryň ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmegini gazanmak döwrüň talabydyr. Şonuň üçin ýokary okuw mekdebimizde bilim alýan talyplara bu babatda giňişleýin düşünje berilýär we olaryň ylmy garaýyşlarynyň giňelmegine aýratyn ähmiýet berilýär.