HABARLAR

Hereket edýän bina

Dubaýda ýerleşýän dünýädäki ilkinji hereket edýän bina, sanly tehnologiýanyň ajaýyp binagärlik desgalarynyň biridir. Gatlarynyň hemmesi 360 gradus derejä aýlanyp bilýän bu bina italýan binagäri Dewid Fişer tarapyndan «Tehnologiýa enjamlary ýaşaýyş üçin» atly şygary bilen dizaýn edildi. Binanyň her bir gaty ilki zawodda gurlup, soňra desga goşulandyr. Desganyň içinde oturan ýeriňi üýtgetmezden Günüň dogmagyna we ýaşmagyna seredip bolýar. 77 ýel turbinasy bilen öz sarp edýän elektrik energiýasyny öndürip bilýän bu bina ofis ýa-da öý eýeleriniň gündelik durmuşyna rahatlygy hödürleýär.

Jümle-jahan habarlary

Adamyň beýnisine neýroçip oturdyldy

Dünýäniň awiakompaniýalary ýolagçy gatnawyny 37 göterim artdyrdylar

Dünýäniň awiakompaniýalary 2023-nji ýylda ýolagçy gatnawyny 36,9 göterim artdyrdylar diýip, Howa ulaglarynyň halkara assosiasiýasy (IATA) habar berdi. Netijede, howa gatnawy pandemiýadan öňki 2019-njy ýyldakynyň 94,1 göterimine ýetdi diýip, «Interfax.ru» habar berýär. Geçen ýylda ýewropaly awiakompaniýalar halkara gatnawlarynda ýolagçylaryň sanyny 22 göterim artdyrdylar. Demirgazyk Amerikada ýolagçy sanynyň görkezijisi 28,3 we Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde 126 göterim artdy.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Jidda we Hoşimin şäherlerine awiapetekleriň onlaýn-satuwyny açdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy turkmenistanairlines.tm resmi web saýtynda Jidda (Saud Arabystany) hem-de Hoşimin (Wýetnam) şäherlerine howa gatnawlarynyň awiapetekleriniň onlaýn-satuwyny ýola goýdy. Aşgabat — Jidda ugrunyň awiapeteginiň bahasy — 4322,5 TMT, yzyna amala aşyrylýan gatnawyň (Jidda — Aşgabat) awiapeteginiň bahasy bolsa — 4383 TMT barabardyr. Bu howa gatnawlary 16-njy fewraldan başlap, hepdede 2 gezek tertibinde ýola goýlar.

Eýran 28 ýurt bilen wizasyz režimi girizýär

Eýran 28 ýurduň raýatlary üçin, şol sanda Belarus, Katar, Gyrgyzystan, Meksika, BAE, Saud Arabystany, Serbiýa, Özbegistan hem-de Ýaponiýa ýaly döwletler bilen birtaraplaýyn tertipde wiza režimini aradan aýyrdy. Bu çözgüt 2024-nji ýylyň 4-nji fewralyndan güýje girýär diýip, IRNA habarlar gullugyna salgylanýan «MIR 24» habar berýär. Bu babatda Hindistanyň raýatlary üçin bolsa wiza diňe ýurduň çägine howa gatnawy arkaly girilen ýagdaýynda gerek bolýar.

Syýahatçylyk: köpugurly we ýokary hilli hyzmatlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, syýahatçylyk pudagynda hem uly ösüşler gazanylýar. Şoňa görä, Diýarymyzda syýahatçylyk ugry boýunça iş alyp barýan hojalyk jemgyýetleriniňdir hususy kärhanalaryň sany ýylsaýyn artýar. Şolaryň biri-de «Ýorga» hojalyk jemgyýetidir. Golaýda habarçymyz bu hojalyk jemgyýetiniň baş direktory Ata SAPAROW bilen söhbetdeş bolup, onuň beren gürrüňlerini ýazga geçirdi: — Söhbedimiziň başynda syýahatçylygyň ugurlarydyr görnüşleri barada durup geçsek ýerlikli bolar. Halkara syýahatçylyk giriş we çykyş syýahatçylygyny öz içine alýar. Anyk aýtsak, daşary ýurtly raýatlaryň Türkmenistanyň çäklerindäki syýahaty giriş syýahatydyr. Çykyş syýahaty döwletimiziň raýatlarynyň daşary ýurtlara edýän jahankeşdeligidir. Ildeşlerimiziň ýurdumyzyň çäklerindäki gezelençleri bolsa içerki syýahatçylyga degişlidir. Umuman, dünýäde syýahatçylygyň başga-da ugurlary kän.

Äpet köşk

Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda häzirki wagtda «Dünýäniň iň uly ýaşaýyş köşgi» diýlip atlandyrylýan Istana Nurul Iman binasy Bruneýde ýerleşýär. 1984-nji ýylda Bander Seri Begawanyň töwereginde gurlan bu äpet binanyň binagäri Leonardo Loksindir. Istana Nurul Iman köşgüniň altyn gümmezi bolup, onuň 1788 sany otagy, 257 sany hammamy, 44 sany basgançagy, 18 sany lifti, 5 sany howzy, kaşaň gurlan metjidi, 200 sany ata niýetlenen athanasy we ýerasty awtoulag duralgasy bar. Bu köşgüň banket zaly 5000 adama niýetlenendir. Owadanlygy we äpetligi bilen syýahatçylary özüne çekýän bu köşgüň umumy meýdany 200  000 inedördül metre deňdir.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Kuala Lumpur şäherine uçuşyň biletine arzanlaşyk yglan edýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Malaýziýanyň paýtagty Kuala Lumpur şäherine amala aşyrýan ýolagçy gatnawyna arzanlaşyk yglan edýär. Bu barada awiakompaniýanyň resmi saýtynda habar berildi. «Türkmenistan» awiakompaniýasy» AGPJ tarapyndan 2024-nji ýylyň fewral aýynyň 15-den mart aýynyň 30-na çenli ýerine ýetiriljek Aşgabat - Kuala Lumpur - Aşgabat  ugry boýunça awiabiletlere arzanladyş yglan edilýär» diýlip, habarda bellenilýär.

Jümle-jahan habarlary

Ýurtda iň beýik bina açyldy

Paýtagtymyzyň bezegi

Paýtagtymyzyň Halkara howa menzili Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. Umumy eýeleýän meýdany 1200 gektara golaý bolan bu howa menzili 100-den gowrak desgany öz içine alýar. Şolaryň 48-si esasy desgalardyr. Ýolagçy terminalynyň esasy binasynyň ýokarsynda ýerleşdirilen 705 inedördül metr haly gölüniň şekillendirilmegi bilen Aşgabadyň Halkara howa menzili «Iň uly göl» diýlip atlandyrylan binagärlik aýratynlygy boýunça Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi.