HABARLAR

Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreler jemlenildi

16-njy noýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy boldy. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň gadymy Änew şäherini 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi munuň aýdyň güwäsidir.

«Gorkut ata» atly IV halkara kinofestiwal öz işini tamamlady

Mälim bolşy ýaly, 13 — 15-nji noýabry aralygynda türki döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda paýtagtymyzda geçirilen «Gorkut ata» atly IV halkara kinofestiwal öz işini tamamlap, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Bu medeni çäre myhmansöýer türkmen topragynda türki döwletleriň kino sungatynyň wekillerini bir ýere jemläp, parahatçylyk, hoşniýetlilik we döredijilik ýörelgeleriniň mizemezliginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Kinofestiwalyň jemleri boýunça çeper filimler ugry boýunça «Iň gowy çeper film», «Iň gowy režissýor», «Iň gowy ssenariý», «Iň gowy erkek keşbi», «Iň gowy zenan keşbi» baýraklary gowşuryldy. Ilkinji üç orna mynasyp bolan iň gowy dokumental filmler sylaglandy. Şeýle-de aýratyn tapawulanan wekillere türki medeniýete goşan goşandy üçin baýraklar berildi.

Änew medeniýeti: adamzadyň gymmatly mirasy

Mälim bolşy ýaly, «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» atly maksatnama türki halklaryň medeni mümkinçiliklerini açyp görkezmäge, dünýä jemgyýetçiligini olaryň mirasy bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir. Şoňa görä-de, 16-njy noýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy hem-de onuň çäklerinde türki döwletleriň sungat ussatlarynyň konserti boldy.

Hoşniýetli dost ili — biziň eziz ilimiz

16-njy noýabrda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» myhmanhanasynda 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» hem-de Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli türki döwletleriň çagalarynyň arasynda surat çekmek we düzme ýazmak ussatlygy boýunça geçirilen halkara bäsleşikleriň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Gazetimiziň şu sanynda halkara bäsleşiklerde ýeňiji bolan ýaş zehinleriň käbirleriniň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirýäris. Gülendam RAHYMOWA,Türkmenistan:

Parahatçylygyň mizemez mukamy

Çagalar sungat mekdebimizde sungata ykbalyny baglan ýaşlaryň uly topary zehinlerini taplaýar. Ýaş zehinleriň uly höwes bilen gatnaýan bagşylar bölüminde hem çagalaryň 30-a golaýy ukyp-zehinlerini ösdürýär. Milli saz gurallarymyzyň içinde dutara aýratyn sarpa goýulýar. Gudrat bolup dünýä inen, ençeme asyrlardan bäri jadyly owazy bilen haýran galdyrýan dutaryň asyrlaryň dowamynda türkmeniň ruhy syrdaşyna, durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülendigi mälimdir. Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen dutary öwrenmäge höwesek ýaşlarymyzyň sany barha artýar. Mekdebimizde sungata ykbalyny baglan ýaşlaryň zehinleriniň taplanmagy üçin sapaklardan daşary döredijilik agşamlary, söhbetdeşlikler, konsertler yzygiderli guralýar.

Dost-doganlygyň şuglasy

Bagtyýarlyga beslenen döwrümizde ata Watanymyzyň dünýäniň abraýly halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy barha işjeňleşýär. Bu gün Türki medeniýetiň halkara guramasy, TÜRKSOÝ-na agza ýurtlar bilen hoşniýetli halkara hyzmatdaşlygynyň rowaçlanýandygy has-da guwandyrýar. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çärelerde bu hakykat aýdyň dabaralandy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 16-njy noýabrynda Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda 2024-nji ýylda Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri jemlemek bilen bagly geçirilen dabaralar her birimizde begenç we buýsanç duýgusyny döretdi. Dag eteginiň gözel künjeginde ýaýbaňlandyrylan dabaranyň çäklerinde türki döwletleriň sungat ussatlarynyň konsertiniň hem bolandygyny bellemek juda ýakymly.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Bu günki gün Änew baý taryhy-medeni kuwwatly, häzirki zaman ulgamly, uly depginler bilen ösüp, geljege tarap ynamly barýan taryhy şäherdir

16-njy noýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy hem-de onuň çäklerinde türki döwletleriň sungat ussatlarynyň konserti boldy. Şol gün «Nowruz ýaýlasynda» giň gerimli baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Dabara gatnaşmak üçin bu ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri ýygnandylar. Hormatly myhmanlaryň hatarynda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň, TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylary hem bar.

Ýurdumyzda «Gorkut ata» halkara kinofestiwaly öz işini tamamlady

15-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Gorkut ata» atly IV halkara kinofestiwal öz işini tamamlady. Kinofestiwalyň üçünji güni Türkmen halysynyň milli muzeýine guralan tanyşlyk çäresi bilen başlandy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Bu günki gün Änew baý taryhy-medeni kuwwatly, häzirki zaman ulgamly, uly depginler bilen ösüp, geljege tarap ynamly barýan taryhy şäherdir

Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy Ahal welaýaty, 16-njy noýabr (TDH). Şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” «Türkmeniň ak öýi» binasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy hem-de onuň çäklerinde türki döwletleriň sungat ussatlarynyň konserti boldy.

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi

16-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyna garaldy. Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolup durýar. Duşuşykda döwletimiziň milli gymmatlyklarymyzy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça teklipleri bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna hem-de 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna laýyklykda, toparyň şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Türkmenistany 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiň agzalygyna dalaşgär hökmünde hödürlemek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, üstünlikli durmuşa geçirilen we geçirilý