Mälim bolşy ýaly, 13 — 15-nji noýabry aralygynda türki döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda paýtagtymyzda geçirilen «Gorkut ata» atly IV halkara kinofestiwal öz işini tamamlap, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Bu medeni çäre myhmansöýer türkmen topragynda türki döwletleriň kino sungatynyň wekillerini bir ýere jemläp, parahatçylyk, hoşniýetlilik we döredijilik ýörelgeleriniň mizemezliginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Kinofestiwalyň jemleri boýunça çeper filimler ugry boýunça «Iň gowy çeper film», «Iň gowy režissýor», «Iň gowy ssenariý», «Iň gowy erkek keşbi», «Iň gowy zenan keşbi» baýraklary gowşuryldy. Ilkinji üç orna mynasyp bolan iň gowy dokumental filmler sylaglandy. Şeýle-de aýratyn tapawulanan wekillere türki medeniýete goşan goşandy üçin baýraklar berildi.