Köpöwüşginli sungat baýramçylygy
Düýn ýurdumyzda dowam edýän Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň çäklerinde «Daşkent» dynç alyş seýilgähinde doganlyk döwletiň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Onuň bilen ugurdaşlykda özbek milli lybaslarynyň görkezilişi, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi hem guraldy. Dostlukly halkyň wekilleriniň Magtymguly Pyragynyň goşgularyny özbek dilinde ýerine ýetirmekleri has-da täsirli boldy. Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar ugurlaryň giň gerimi boýunça yzygiderli ösdürilýär. Ýurdumyzda goňşy döwletiň nobatdaky Medeniýet günleriniň geçirilmegi hem şunda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň aýratyn orun tutýandygyna şaýatlyk edýär. Şunda Daşkentde «Aşgabat», Aşgabatda-da «Daşkent» seýilgähiniň bardygyny aýratyn bellemelidiris. Şu gezekki konserti we beýleki çäreleri geçirmek üçinem hut dostlukly döwletiň paýtagtynyň adyny göterýän dynç alyş seýilgähiniň saýlanyp alynmagy tötänden däldir.