HABARLAR

Sungata sarpa

Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesiniň çagalar sungat mekdebinde welaýat ýörite sungat mekdebiniň «Nakgaşçylyk» bölüminiň 3-nji ýyl talyby Bibimerýem Töräýewanyň «Sungata sarpa» ady bilen şahsy sergisi guraldy. Onda ýaş suratkeşiň dürli ýyllarda ýerine ýetiren natýurmort, portret, etýud işleri görkezildi. Sergide Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ömri-döredijiligine, öwüt-nesihat häsiýetli goşgularyna bagyşlanyp döredilen eserler esasy orny eýeledi. Mundan başga-da, gyz-gelinlerimizi wasp edýän kompozisiýa eserleri, çaga portretleri sergä gelenlerde öz täsirini galdyrdy. Zehinli talyp gyz Bibimerýemiň ýerine ýetiren işlerini synlanyňda, reňk sazlaşygynyň doýgunlygyny we reňkleriň milli öwüşginliligini görmek bolýar.   

Ylmy-amaly maslahat geçirildi

Ahal welaýat kitaphanasynda «Kitap — dünýäniň açary» ady bilen geçirilen ylmy-amaly maslahat we kitap sergisi Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi, welaýat Medeniýet müdirligi we Baş bilim müdirligi tarapyndan guraldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ýurdumyzda ýaşlar döwlet syýasatyny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz-nesihat etmekde we ony üstünlikli durmuşa geçirmekde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähim-paýhasa, baý many-mazmuna ýugrulan ajaýyp kitaplary gymmatly gollanmadyr, ylym-bilim babatda görelde mekdebidir» diýen parasatly jümlelerinden ugur alnyp guralan çärä okyjy ýaşlar, şol sanda mekdep okuwçylary gatnaşdy.

Nowaýynyň ilinden Pyragyly Türkmenistana

18-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Iki dostlukly ýurduň medeniýet ulgamynyň wekilleriniň çykyşynda bu çäräniň Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dünýä bolup toýlanylýan ýylyna gabat gelýänliginiň uly ähmiýete eýedigi barada aýratyn durlup geçildi. Sahnada Gündogaryň beýik akyldary Alyşir Nowaýynyň ýaşan döwri we onuň ylmy-edebi mirasy barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezildi. Özbegistan Respublikasynyň Mukimi döwlet sazly teatrynyň artisti Azizhon Latipow Alyşir Nowaýynyň keşbini janlandyrdy. Ol bu keşp arkaly tomaşaçylara Alyşir Nowaýynyň ýaşan döwri we onuň belli «Hamsa» eseri barada gürrüň berdi. «Hamsa» eserine girýän «Leýli we Mejnun», «Perhat we Şirin», «Ýedi planeta», «Isgenderiň diwary» ýaly poemalaryň gahrymanlarynyň keşplerini, olaryň başdan geçirýän wakalaryny belli özbek artistleri O.Tillanazarow, O.Ergaşew, M.Elow, R.Mirminow, F.Norow, D.Aliýew, S.Hurammow, J.Usarowa dagy halk sazlary bilen utgaşan ajaýyp aýdymlar bilen ynandyryjy beýan etdiler. Alyşir Nowaýynyň gazallaryna döredilen aýdymlary Ýunus Rajabiý adyndaky «Makom» ansamblynyň ezber sazandalaryn

Şu gün...

Şu gün Aşgabadyň Şekillendiriş sungaty sergi merkezinde Türkmenistanyň halk suratkeşi Möjek Çaryýewiň şahsy sergisi açylýar. Sergi ussat suratkeşiň doglan gününiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp guralýar. Türkmenistanyň Suratkeşler birleşmesiniň agzasy Möjek Çaryýewiň degişme äheňindäki suratlaryny ýa-da nakgaş eserlerini synlanyňda, ussadyň tebigata, daş-töwerege özboluşly nazar bilen garandygyna göz ýetirse bolýar. Onuň türkmen multiplikasiýasynyň ilkinji ädimleriniň şaýady bolan eserleri-de sergä tomaşa etmäge baranlarda ýakymly täsirler galdyrar diýip ynam edýäris.

Parahatçylyk owazlary

Şanly ýylda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň taslamasy boýunça ilkinji gezek Aşgabat şäherinden we ýurdumyzyň welaýatlaryndan 160 sazandany özünde jemleýän «Parahatçylyk owazy» atly üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallarynyň birleşen orkestri döredildi. 16-njy noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, şeýle hem ýetip gelýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Parahatçylyk owazy» birleşen orkestriniň ilkinji konserti geçirildi. Orkestre Kowus Bäşimow we Gurbanberdi Begenjow dirižýorlyk etdiler. Baýramçylyk konserti Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hor toparynyň ýerine ýetiren «Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan» atly aýdymy bilen açyldy.

Sebitiň sungata siňen sesi

Saz söýüjilere sowgat

Ýakynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan gitaraçy mugallymlar M.Gurbanow bilen L.Nasyrowanyň bilelikde taýýarlan «Gitara» atly kitaby neşir edildi. Adyndan belli bolşy ýaly, kitap gitara saz guralynyň döreýiş taryhy, onuň Türkmenistanda öwrenilişi hem-de bu ugurda uly hyzmatlar bitiren sazandalar hakynda gyzykly maglumatlary özünde jemleýär. Kitapda türkmen we daşary ýurtly kompozitorlaryň saz eserleri, türkmen halk aýdym-sazlarynyň täzeden işlenen nusgalary hem-de ansambl düzüminde ýerine ýetirilýän sazlaryň gönükmeleri, etýudlary we olaryň ýerine ýetirilmegine degişli usuly görkezmeler ýerleşdirilipdir. Täze kitap çagalar sazçylyk we sungat mekdepleriniň mugallymlary, okuwçylary we gitara saz guraly bilen içgin gyzyklanýanlar üçin özboluşly okuw gollanmasy bolup hyzmat eder.

Sungat dostlugy berkidýär

Gadymy döwürlerden bäri goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarly bolan türkmen-özbek dostlugy häzirki wagtda täze öwüşgin bilen baýlaşdyrylýar. Ýurdumyz bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary täze üstünliklere beslenýär. Ýakynda ýurdumyzda geçirilen Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri hem bize ýatda galyjy pursatlary eçildi. Ýurduň özboluşly däp-dessurlaryny, tebigatynyň gözelligini we taryhyny beýan edýän amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi, özbek sungat ussatlarynyň konserti, özboluşly aýdym-saz we tans-etnografik çykyşlary ildeşlerimizde ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy. Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky  Medeniýet günleriniň çäklerinde Lebap welaýatynyň edara ediş merkezi Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň Ak öýi» binasynda 20-nji noýabrda öz işine başlan Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň II sebitara forumynyň hem-de özbek harytlarynyň milli sergisi hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň aýdyň dabaralanmasy boldy.

Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk

Düýn Lebap welaýatynyň edara ediş merkezi Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň II sebitara forumynyň hem-de özbek harytlarynyň milli sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Oňa ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Özbegistanyň wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar. Aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

«Kompozitor» hakda kelam

Maksat GYLYJOW,Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň Filmiň edebi esasyny düzýän bölüminiň başlygynyň orunbasary, «Kompozitor» filminiň režissýory: