HABARLAR

Täze kitaplar gelip gowuşdy

Kitap adamzat durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan gymmatlykdyr. Şu sebäpli ata-babalarymyz kitaba aýratyn hormat goýupdyrlar. Kitap maglumat almak üçin hem wajyp serişde. Bu gymmatly baýlygyň halkymyza has elýeterli bolmagy üçin ýurdumyzda uly tagallalar edilýär. Kitaba uly hormat goýýan mähriban Arkadagymyzyň gurduryp beren welaýat kitaphanasynda hem okyjylaryň ösen isleglerini kanagatlandyrmak üçin giň mümkinçilikler, amatly şertler döredilen. Şeýle binada zähmet çekmek, okyjylara hyzmat etmek uly bagt. Ilat arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirmek, ýaşlarda kitaba bolan söýgini döretmek, täze gelen kitaplar bilen şäher, etrap merkezi kitaphanalaryny we olaryň şahamçalaryny üpjün etmek, neşirleriň gysga wagtyň içinde okyjylaryň ellerine gowuşmagyny gazanmak biziň esasy wezipämiz bolup durýar. Golaýda kitaphanamyza «Galkynyş» kitap merkezinden täze kitaplar gelip gowuşdy. Şolaryň hatarynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň şanly menzilleri» atly türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilen kitabynyň II jiltiniň 689 sanysy, Gahryman Arkadagymyz, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XVI jiltiniň 710 sanysy bar. Ş

ÝAŇLANÝAN SAZLARYŇ HEŇI PYRAGY

Magtymguly Pyragynyň ynsan üçin juda gymmatly we pähim-parasatly garaýyşlary, onuň umman ýaly giň we örän täsirli, many-mazmunly, çeper döredijiligi dünýä halklarynyň söýgüsine, hormat-sarpasyna mynasyp bolup, ýüreklerde uly orun eýeledi. Onuň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan, edebi çeper pikirleri, kämil garaýyşlary, çeper mazmun öwüşgini siňdirilen goşgulary türkmen halkynyň medeniýetine, aýratyn-da saz sungatyna öz täsirini ýetirdi. Türkmeniň aýdym-saz sungatynda uly orun akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligine degişli bolup durýar. Halkymyzyň aýdym-saz sungatynyň soňky II-III asyrdaky ösüşini Magtymgulusyz göz öňüne getirmek kyn. Pyragynyň şahyrana mirasyna türkmen bagşy-sazandalarynyň döredijiligine ser salmak bilen göz ýetirmek mümkin. Halk bagşylarynyň, professional aýdymçylaryň repertuarynyň agramly bölegi dananyň goşgularyna degişlidir. Biziň ýaşap geçen dutarçy bagşylarymyz: Magtymguly Garlyýew, Sahy Jepbarow, Gurt Ýakubow, Mäne Garaýew, Ýagşy Wellekow we Türkmenistanyň halk artisti Öwezgeldi Tekäýew hem-de Türkmenistanyň we Özbegistanyň at gazanan artisti Babamyrat Hamdamow ýaly ussat aýdymçy-sazandalaryň Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döreden eserleri halkymyzyň toý-baýramlarynyň bezegi bolup durýar.

Maşgala terbiýesi – kämilligiň gönezligi

Halkymyzyň gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýan baý medeni mirasy, milli däp-dessurlary bar. Bu gymmatlyklar nesilden-nesle geçip has-da kämilleşipdir. Şolaryň biri hem maşgala gymmatlygydyr. Halkymyzda maşgala terbiýesine aýratyn uly ähmiýet berilýär. Watana, il-güne bolan belent söýgi maşgala terbiýesinden başlanýar. Maşgala döwletimiziň, jemgyýetimiziň ilkinji düzümidir. Hawa, halkymyzyň döwletlilik ýörelgesiniň milli aýratynlyklary bar. Ýurdumyzda doglan gününiň 300 ýyllygyna giňden bellenilýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy öz goşgy setirlerinde: “Huda berse sagadatly bir perzent, garrygan çagyňda ýaş eder seni” diýýär. Dogrudan hem, perzendiň wepalylygy maşgala ojagyndan başlanýar. Türkmen halky öz nesliniň akylly, sagdyn, ukyp-başarnykly, zähmetsöýer bolup ýetişmegine örän ünsli çemeleşipdir. Olar çagalaryna ýaşlykdan ulyny sylamak, kiçini söýmek ýaly asylly häsiýetleri öwredipdirler. Çagajyk heniz nämäniň nämedigini bilmeýän wagtlary ejesiniň ak arzuwlara eýlenen hüwdüsiniň owazy bilen ulaldylýar. Ol perzendiniň lebzi halal, tutanýerli, myhmansöýer bolup ýetişmegi üçin aladalanýar. Çaga esasan hem, ýaşlykdan gören göreldesine eýerýär. Onuň edep-terbiýesiniň düýp binýady hem terbiýäniň ilkinji basgançagy hasaplanýan hem-de kemala gelý

Aýdym-sazly duşuşyk

Güneşe baý gözel ýurdumyzda ýazyjy-şahyrlaryň we beýleki ugurlaryň görnükli wekilleriniň sarpasy belent tutulýar. Munuň şeýledigine ýakynda Gökdepe şäher medeniýet köşgünde belli şahyr Ilmyrat Pudakowyň (1924 — 2015) 100 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Ahal welaýat medeniýet müdirligi tarapyndan guralan aýdym-sazly duşuşyk hem güwä geçýär. Gyzykly geçen bu duşuşyga şahyryň öz okyjylaryna miras goýan ajaýyp goşgularynyň aşygy bolanlaryň uly topary gatnaşdy. Duşuşykda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Kompozisiýa we gurallama kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň halk artisti Daňatar Hydyrow, Konserwatoriýanyň türkmen sazy kafedrasynyň dosenti, Türkmenistanyň halk artisti, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Orazmyrat Annanepesow, Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Kakadurdy Täjimow, «Adalat» gazetiniň uly habarçysy, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi, şahyr Aşyrmät Garlyýew, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr Oguljemal Çaryýewa we beýleki ýazyjy-şahyrlar, aýdymçylar, kompozitorlar çykyş edip, şahyryň goşgularyna döredilen aýdymlar, goşgularyň çeperçiligi barada gyzykly gürrüň berdiler.

Gökdepäniň ilmyrat agasy

1-nji dekabrda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Medeniýet köşgünde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Ahal welaýat häkimligi bilen bilelikde guramagynda gökdepeli şahyr Ilmyrat Pudakowyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli edebi, aýdym-sazly duşuşyk geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlary, halypa kompozitorlardyr aýdymçylary we şahyryň dogan-garyndaşlary, obadaşlary gatnaşdylar. Duşuşykda Türkmenistanyň halk artistleri Daňatar Hydyrow, Kakadurdy Täjimow, Läle Begnazarowa, şeýle-de döwürdeş şahyrlarymyz Ilmyrat Pudakowyň halkymyza miras galdyran çeper döredijiligi dogrusynda gyzykly gürrüňleri berdiler. Dabaranyň dowamynda ussat aýdymçylaryň ýerine ýetirmeginde şahyryň sözlerine döredilen meşhur aýdymlar ýaňlandy.

Talyplaryň döredijilik sergisi

Zehin zähmet çekilende açylmak bilen bolýar. Erjel, tutanýerli bolmak zähmetiň rehnetini görmäge alyp barýar. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda okaýan talyp ýaşlar hem ajaýyp sungat eserlerini irginsiz zähmet arkaly döredýärler. 2-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda her ýylyň ahyrynda guralýan «Gujurly ýaşlar» atly talyplaryň döredijilik sergisi açyldy. Talyplaryň nakgaş, heýkel, amaly-haşam sungatynyň işleri sergä aýratyn öwüşgin çaýdy. Ussat halypalardan bilim alan ýaş suratkeşler portret, peýzaž, taryhy, durmuşy žanrlarda halkymyzyň milli aýratynlyklaryny, gözel tebigatymyzy, taryhy ýadygärliklerimizi... ussatlyk bilen suratlandyrmagy başarypdyrlar. «Gujurly ýaşlar» atly sergide M.Durdymämmedowanyň «Rowaýat, syýahatçylyk merkezi», K.Abbasowanyň «Medeniýet öýi», L.Taganowanyň «Parahatçylyk», A.Abdyllaýewiň «Arzuwlara tarap», M.Maksatmyradowanyň «Ene mähri», Y.Allanazarowyň «Dutarçy ussa Rahmannazar aga», Ş.Mämmedowyň «Güljahan» ýaly şekillendiriş sungatynyň dürli ugurlaryna degişli işleri görkezildi.

«Kinoçy kompozitor»

Sungat — ylham lybasyny geýdirip, ýürek sesiňi nesillere galdyrmagyň ylahy ýoly. Kimler kalbyndaky gözellikleri surat eserine siňdirýär, ýene birleri şygyrlarynyň ýa-da kyssalarynyň üsti bilen ýüreklerden orun alýar. Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Rejep Rejebow bolsa ajaýyp sazlarynyň üsti bilen hakydalarda hemişelik galdy. 1944-nji ýylyň 23-nji iýunynda Gyzylarbat etrabynda dünýä inen Rejep Rejebowyň saza söýgüsi çagalygyndan ýüze çykyp ugraýar. Onuň kakasy haly suratkeşi, ejesi belli halyçy bolupdyr. Öýlerinde patefon bolmagy Rejebiň çagalygyndan dünýä nusgawy sazlaryndan gulagynyň ganmagyna sebäp bolýar. Onuň saza söýgüsi ene-atasynyň nazaryndan sypmaýar. Şeýdip, Rejep 1951-nji ýylda şol wagtky Respublikan sazçylyk mekdep-internatyna okuwa gelýär. 1959-njy ýylda bolsa Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebine okuwa girip, M.Guseýnow, D.Nuryýew, G.Držewskiý ýaly ussatlardan tälim alýar.

Synagda artist bolan

1966-njy ýylyň tomsudy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde Daşkendiň A.Ostrowskiý adyndaky teatr-çeperçilik institutynyň aktýorlyk bölümine dalaşgärleriň — ýaş oglan-gyzlaryň synaglary geçirildi. Olaryň arasynda elleri hem aýaklary göwresine garanda uzyn, garaýagyz bir ýigit bardy. Ol edil ylgawa gatnaşjak türgene çalymdaşdy. Gür saçlary giň maňlaýyna düşüp duran görmegeý oba oglanyna şeýle sowal berildi: — Kino gutaransoň, oba klubundan çykyp, gijäniň ýarynda öýüňize ýetip barýarkaň, öňüňden alabaý çyksa nädersiň?

Sazlaşygyň, ruhubelentligiň kompozitory

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, kompozitor Rejep Rejebowyň doglan gününiň 80 ýyllygy mynasybetli onuň halkymyza miras galdyran saz eserleri esasynda konsert geçirildi. Konsert R.Rejebowyň «Türkmenistan» atly eseri bilen açylyp, Maýagözel Amangeldiýewanyň ýolbaşçylygyndaky hor topary bilen bilelikde Wepa Allaşow bilen Rejepmyrat Kakamyradow ýerine ýetirdi. Mekdebiň simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde kompozitoryň «Säherdäki atlylar» atly çeper filmi üçin ýazan «Armanym» atly aýdymy mugallym Ogulgerek Pirnäýewa täze öwüşgin bilen aýtdy. Halypa kompozitoryň saz eserlerinden düzülen konsertde onuň «Galkynyş», «Gara göz», «Humaý gözli», «Saňa», «Daş galdy», «Ýüregimde adyň bar», «Ýalňyz ýoda», «Bagtyýarlyk bossany» atly eserleri mekdebiň mugallymlary hem-de estrada orkestriniň dirižýory Myrat Jumaýewiň, üflenip çalynýan saz guralynyň dirižýory Amangeldi Hudaýgulyýewiň, halk saz gurallary orkestriniň dirižýory Astan ogly Baýramowyň we kanonçylar toparynyň çeper ýolbaşçysy Toýly Orazgeldiýewiň gatnaşmagynda ýerine ýetirildi. Şeýle-de konsertde mekdebiň göreldeli taly

Muzeýe wirtual gezelenç

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde medeni mirasymyz, taryhy ýadygärliklerimiz bilen bagly alnyp barylýan işleriň gerimi barha giňeýär. Häzirki wagtda Watanymyzyň taryhy bilen tanyşmak üçin virtualmuseum.gov.tm websaýtyna girip, Döwlet muzeýindäki eksponatlary wirtual görnüşde, oturan ýeriňde synlap bolýar. Täze açylan wirtual muzeýde suratlar 360 derejede (gradus) bilýän iň häzirki zaman tehnologik usul ulanylýar. Bu bolsa muzeý gymmatlyklary bilen adamlary has amatly usulda tanyşdyrmaga mümkinçilik berýär. Ýakynda Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebinde hereket edýän «Miras» gurnagynyň çäklerinde gurnagyň we mekdebiň ýaş alymlar geňeşiniň agzalary bu web saýt arkaly wirtual görnüşde Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky Magtymguly Pyragy muzeýiniň miras gymmatlyklary bilen tanyş boldular. Olar muzeýde saklanylýan şahyryň ömri we döredijiligine, onuň bilim alan ojaklaryna degişli dürli gymmatlyklar hem-de dana Pyraga goýulýan hormat-sarpa hakynda çuňňur düşünje aldylar. Muzeýe guralan wirtual gezelenç mekdep mugallymlarynda we talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy.