HABARLAR

Sungat baýramyndan ýaýraýan ýalkym

Toýdur baýram bir gowulygyň alamaty. Asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde ýaşaýan islendik halk bagtyýarlykdan ýaňa toý toýlamaga höwesekdir. Ýylyň-ýylyna geçirilýän nobatdaky Medeniýet hepdeligi hem nowjuwan Arkadag şäherinde turuwbaşdan ykbalyny sungat ýoluna bagyşlan döredijilik işgärlerini bir supranyň başyna jemledi. 22-nji iýunda Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda Medeniýet hepdeliginiň açylyşynda, ilki bilen, hormatly Prezidentimiziň oňa gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň buýsançly sözlerinden kalplary joşa gelen ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri yzysüre özleriniň baýramçylyk konsertine başladylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň güneşli Diýarymyzyň goýnunda ýaşaýan türkmen halky üçin durmuşa geçirýän beýik tutumlarynyň waspy, ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda belentden ýaňlandy. Hususan-da, pederlerimizden bize miras galan milli däp-dessurlarymyz sahna çykyşlarynda ýaýbaňlandyryldy. Megerem, halkymyzyň: «Toýuň toý şekilli bolsun!» diýen aýtgysy, ýönelige aýdylan däl bolsa gerek. Esasan, hepdeligiň dowamynda muzeý hünärmenleriniň iş maslahaty we amaly-haşam sungatynyň sergisi, ýurdumyzyň şahyrlarynyň şygryýet agşamy, žurnalistleriň we döredijilik işgä

Serhetçiniň suratkeş gyzy

Dünýäde şeýle bir kespler bolýar welin, sen hünäri däl, hünäriň özi seni saýlaýar. Jennet Annamedowanyňky hem şeýle boldy. Serhetçiniň perzendi bolany üçin mukaddes araçägimiziň gözelliklerinden gözleri ganyp ulalan gyzjagaz sungatyň ýazylmadyk kitabyny has ir okady, dersinem mugallymy bilen birlikde, tebigatyň özi bilen özleşdirdi. Mukaddes Watanymyzyň gözbaş alýan ýerleri bolan dost-doganlyk araçäklerimiziň tebigy we taryhy ýadygärliklerini synlap, ol ýeriň baý haýwanat dünýäsini çaga ýüreginde ezizläp gezýän gyzjagaz öz-özüňi, il-ýurduňy söýmegiň hem, ilki bilen, ajaýyp tebigatymyza düşünmekden, ony söýmekden we gorap saklamakdan başlanýandygyna ynandy. Bir gezegem heniz mekdebiň gapysyndan barmanka gojaman daglara bahary buşlap gelen kebelekleriň gülleriň daşyndan perwaz urşuna öýkünip ylgaşlap barşyna ejesine şol gülleridir kebelejikleri serhet galadaky öýlerine alyp gitmegi teklip edipdi. Şonda mähriban käbesi Arzygül gelneje olaryň öýüniň tebigat gözelliklerine meňzeýändigini, eger-de Jennet islese ol suratlary öz otagyndan asyp goýsa boljakdygyny aýdanda gyzjagaz şeýle bir begenipdi. Hut şol günden soň hem eljagazyna alan reňkli galamlarydyr akja kagyzjygyny ähli zatdan eý gören gyzjagaz okuwçy bolandan soň hem wagt tapyndygy suratyna gümra bolardy. Gyz

Söz ussadynyň sarpasy

Şanly toýuň joşguny

Ýokary depginde ösýän berkarar Watanymyzda medeniýet ulgamyna aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň giňden bellenmegi hem munuň şeýlediginiň subutnamasydyr. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň baý many-mazmunly çärelere utgaşmagy ildeşlerimiziň ýüreklerini heýjana getirýär. Şu günler ajaýyp senäniň çäginde Arkadag şäherinde ilkinji gezek Medeniýet hepdeliginiň ýaýbaňlandyrylmagy has-da guwandyryjydyr. Milli medeniýetimiziň özboluşly aýratynlygyny alamatlandyrýan bu çäre baýramçylyk dabaralarynyň many-mazmunyny baýlaşdyrýar.

Medeniýet hepdeliginiň dabaralary

Toýhanaly ýurdum toýa ulaşýar, Bagtyň mukamyna köňüller joşýar

Ruhubelentlige beslenýär

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde dabaraly bellenilýän toý-baýramlar halkymyza uly ruhubelentlik paýlaýar. Şeýle asuda, parahat, ösüşli ýurdumyzda türkmeniň toýlary goşa-goşadan gelýär. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni hem şatlyk-şowhuna beslenýär. Bu goşa baýram halkymyzyň, aýratynam, medeniýet, sungat hem-de döredijilik işgärleriniň ruhuny belende göterýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Medeniýet hepdeliginiň Arkadag şäherinde geçirilmegi aýratyn bellärliklidir. Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar ak bagtyň şäheri hasaplanylýan Arkadag şäherine myhman bolup, toý sowgatlary bilen baýramçylyk dabaralaryna joşgun paýlaýarlar. Her ýylda däp bolşy ýaly, bu gezekki Medeniýet hepdeligi hem döredijilik işgärlerine tejribe we pikir alyşmaga, halypa-şägirtlik ýoluny hem-de birek-birek bilen dostlukly gatnaşyklary giňeltmäge uly itergi berer.

27-nji iýun — Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni

Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän «Pähim- -paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Medeniýet hepdeliginiň ilkinji gezek Arkadag şäherinde geçirilmegi taryhy ýylyň buýsançly seneleriniň birine öwrüldi. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanylyp geçirilýän baýramçylyk dabaralary welaýatymyzda hem uly ruhubelentlige beslenýär.

Milletiň döredijilik kuwwaty

Bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap okgunly öňe barýan ýurdumyzda medeni mirasymyzy ylmy jähetden öwrenmek, sungatymyzy dünýä ýaýmak üçin uly aladalar edilýär. Gözbaşyny gadymyýetden alyp gelýän milli medeniýetimize, sungatymyza uly sarpa goýulmagy medeniýet we sungat işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Türkmen tans sungaty hem öz gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýar. “Küştdepdi” tansyny alyp görenimizde, ol geçmişden geljege uzaýan sungatdyr. Häzirki taryhy döwürde bu sungat täze röwüşde dowam etdirilip, toý-baýramlarymyzyň bezegidir. «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi milli tans sungatymyzyň giňden tanalýandygyny subut etmek bilen, agzybir halkymyzyň ýaşaýşynyň aýrylmaz bölegi bolan ruhy gymmatlyklarymyzyň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini görkezýär.

Äleme şugla saçýar medeniýetim, sungatym

27-nji iýun — Medeniýet we sungat işgärleriniň  hem-de Magtymguly Pyragynyň şygrýet güni Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýratyn buýsanç bilen nygtaýşy ýaly, türkmen halky beýik sungaty, nusgawy kadalary we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen giňden tanalýar. Diýmek, milli medeniýetimiziň dünýä medeniýetiniň ösüşindäki mynasyp orny nusgalykdyr. Medeniýetimiziň we sungatymyzyň şeýle wajyp orny göz öňünde tutulyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň bu ulgamy döwrebaplaşdyrmakda, milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny düýpli öwrenmekde, gorap saklamakda hem-de dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine ýetirmekde durmuşa geçiren beýik işleri, badalga beren başlangyçlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýet ulgamynda üstünliklere beslenýän ilhalar tutumlaryň berk binýadydyr. Döwlet derejesinde edilýän şeýle giň gerimli aladalaryň netijesinde, halkymyzyň şöhratly geçmişini, medeni ösüşini özünde jemleýän Gadymy Merw, Nusaý, Köneürgenç ýadygärlikler toplumlary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň, «Görogly» dessançylyk sungaty, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury, türkmen halyçylyk sungaty, dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty, türkmen keşdeçilik sungaty, ýüpekçilik we dokmaçylykda

Arkadag şäheri toýa beslenýär

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň dabaraly çäreleriniň biri-birine ulaşýan günlerinde sebitdäki ilkinji «akylly» şäherde — Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi halkymyzyň buýsançly başyny göge ýetirýär. Täze şäherde ilkinji sapar geçirilýän bu ajaýyp sungat baýramyna gatnaşmak bagty miýesser eden bagtyýar raýatlaryň biri hökmünde hepdeligiň çäginde guralýan çärelere şaýat bolanyňda, parahat ýurdumyzyň, agzybir halkymyzyň abraý-mertebesiniň, medeniýetimiziň, sungatymyzyň dünýä ýaýylýandygyna aýdyň göz ýetirmek bolýandygyny aýratyn buýsanç bilen nygtamak isleýärin.