HABARLAR

Milli oýunlar

«7/24.tm»: №51 (238) 16.12.2024 Türk­men hal­ky­nyň mil­li oýun­la­ry geç­miş­de hal­kyň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­nyň mö­hüm bir bö­le­gi bo­lup, ne­sil­den-nes­le ge­çi­ri­len ýö­rel­ge­le­riň we däp-des­sur­la­ryň bir bö­le­gi­dir. Bu oýun­lar di­ňe bir sy­lag-hor­mat, dost­luk we bag­la­ny­şyk gur­mak üçin däl, eý­sem ýaş­la­ry ru­hy we be­den taý­dan ter­bi­ýe­le­mek­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Mil­li oýun­la­ryň türk­men hal­ky­nyň mil­li gym­mat­lyk­la­ry­ny we te­biga­ty bi­len bag­la­ny­şyk­ly ýö­rel­ge­le­ri­ni ýaş ne­sil­le­re ýe­tir­mek­de bel­li ba­ha­sy ýok­dur.

Maksat — iň gowusy bolmak

Çagalar, hany aýdyň, haýsyňyz surat çekip bilýärsiňiz?! Şu wagt köpiňiziň «Men-de men» bolşanyňyzy bilýärin. Sebäbi biziň ýurdumyzda zehinlije, onda-da çeperçilik sungatyna ukyplyja çagalar juda kän. Ine, şolaryň birnäçesi Türkmenabat şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebinde okaýar. Bu mekdebiň Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen mundan 14 ýyl ozal täzeden açylandygyny aýratyn nygtamak gerek. Geçen ýyllaryň dowamynda häzirki wagta çenli ýurdumyza belli nakgaşlar, heýkeltaraşlar we çeperçilik sungatynyň beýleki wekilleri bolup ýetişen ýaşlaryň ençemesi hut şu mekdebiň uçurymlary.

Onore de Balzak (1799 — 1850)

Onore de Balzak fransuz halkynyň meşhur ýazyjysy hem-de dramaturgydyr. Ol 1799-njy ýylda Fransiýanyň Tur şäherinde, daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Kakasy ogluny aklawçy edip ýetişdirmekçi eken, şonuň üçin Balzak ilki Wandom kollejinde, soňra Parižiň hukuk mekdebinde bilim alýar. Emma Balzak eýýäm ýetginjek döwründe bütin ömrüni edebiýata bagyşlamak kararyna gelýär. Netijede, ol 1823-nji ýylda ilkinji eserini döredipdir. 1825 — 1828-nji ýyllarda neşirýat işi bilen meşgullanypdyr. Balzak günde 15 sagada golaý döredijilik bilen meşgullanypdyr, kofe içmegi-de halapdyr. 1830-njy ýylda neşir edilen «Gobsek» powesti onuň adyny Fransiýanyň iň öňdebaryjy ýazyjylarynyň hataryna goşýar. Balzagyň ondan soň döreden «Şagren derisi», «Gorio ata», «Ýewgeniýa Grande», «El üzülen arzuwlar», «Polkownik Şaber», «Sezar Birotto» we «Lui Lamber» eserleri eýýäm öz döwründe dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna girdi. Balzak ençeme powestdir roman ýazypdyr. Ol ähli eserlerini bir topluma düzüp, oňa «Adamzat komediýasy» diýip, umumy at goýýar, şonuň üçin eserleriniň ählisi belli bir derejede özara baglanyşýar, biri-biriniň üstüni ýetirýär. Şeýle etmek bilen Balzak öz döwrüniň taryhyny hemmetaraplaýyn açyp görkezmek isläpdir. Zehinli ýazyjy 1845-nji ýylda «Hormat

Kalby aýdymly zehin

Kiçiliginden aýdyma hiňlenýän Leýli zehinli aýdymçy bolmagy arzuw edýär. Şol sebäpden ykbalyny aýdyma baglamaga höwes edýän Leýli Jepbarowa aýdym aýtmagyň ilkinji ýollaryny başda Wekilbazar etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň aýdym-saz mugallymy Mähri Berdikulyýewadan öwrendi. Ol Mary şäherindäki «Joşgun» çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüne gatnap, bu ugurdan ilkinji bilimini özleşdirdi. 2022-nji ýyldan bäri Mary welaýatynyň Mollanepes adyndaky çagalar sungat mekdebinde tejribeli mugallym Ejeş Baýjaýewadan bagşyçylyk hünäriniň inçe syrlaryny öwrenýär. Şeýle-de Leýli Türkmenistanyň halk artistleri Zylyha Kakaýewany hem-de Läle Begnazarowany özüniň gaýybana halypasy hasaplaýar. Olaryň aýdymlaryny üns bilen diňläp, öz sungat ýoluny barha kämilleşdirýär.

Türkmen döwlet gurjak teatryna gezelenç

Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli pudaklar bilen bir hatarda medeniýet ulgamynda hem uly ösüşler gazanyldy. Şol ýyllarda gurlup ulanylmaga berlen Türkmen döwlet gurjak teatry hem il-günüň iň bir gelim-gidimli ojaklarynyň birine öwrüldi. 2005-nji ýylyň oktýabr aýynda täze kaşaň binasy açylan Türkmen döwlet gurjak teatrynyň ýerleşýän ýeri we umumy keşbi milli äheňli binagärlik sungatyny has aýdyň açyp görkezýär. Äpet uly desganyň öňünde ilki bilen asuda durmuşyň alamaty hasaplanýan «Tawus guşunyň» heýkeli, şeýle-de «Mämmetjan» ertekisiniň batyrgaý gahrymanyna bagyşlanan heýkel taslamasy garşy alýar. Bu ajaýyp heýkel eserleriň awtorlary Türkmenistanyň Gahrymany, ussat halypa heýkeltaraş Saragt Babaýew bilen onuň zehinli şägirtleridir. Reňklenen poliesterden ýasalan heýkel eserleri şadyýan hem gyzykly durmuşyň aňlatmasy hökmünde bagtyýar çagalygyň gapysyny açýar. Şonuň esasynda Türkmen döwlet gurjak teatry diňe bir çagalar üçin däl, eýsem, gyzykly teatr sahnalaryna tomaşa etmäge gelýän uly ýaşly tomaşaçylar üçin hem täsir galdyryjy ýerleriň birine öwrüldi.

Aýazbabanyň agtygy

Täze ýyl diýilse, ilki bilen, kim ýadyňyza düşýär?! Bezelen arça bilen eli uzyn hasaly Aýazbaba göz öňüňize gelýärmi?! Gelýändir. Mende-hä şeýle. Täze ýyl golaýladygy, beýleki çagalar bilen birlikde, men hem Aýazbabanyň gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşyp başlaýaryn. Aslynda, Aýazbaba garaşmaýan çaga barmy diýsene. Aýazbabanyň agtyjagy Garpamygyňkydan hezili ýok. Hemmeler Aýazbaba bilen Garpamyga garaşýarlar. Ynanmasaňyz, synap göräýiň, Täze ýylda Aýazbaba bilen birlikde hökman Garpamygyň hem adyny tutup çagyrýandyrlar. Olar nirä gitseler, hemişe bileje gidýärler, bileje şatlanýarlar. Olary bir-bireksiz göz öňüne getirmegem mümkin däl. Şol sebäpli, Garpamyk hiç wagt Aýazbaba garaşman, ak sakgally babasynyň ýanynda bolýar. Biziň hem Aýazbaba ýaly babamyz bolsady...

Gujurly ýaşlaryň döredijilik dünýäsinde

Şu günler Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda bu ýokary okuw mekdebiň mugallymlarynyň, uçurymlarynyň, şeýle-de talyplarynyň «Gujurly ýaşlar — 2024» atly döredijilik sergisi dowam edýär. 2016-njy ýyldan bäri her ýylyň dekabrynda geçirilmegi däbe öwrülen döredijilik sergisiniň nobatdaky tapgyry, adatça bolşy ýaly, bu gezek hem sungat eserleriniň köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Ýaşlaryň başarnygyny artdyrmak, şeýle-de halypa-şägirtlik ýörelgesini dowam etdirmek, şonuň bilen birlikde ýokary okuw mekdebimizi tamamlan uçurymlaryň hem sergä gatnaşmagyny gazanmak, olar bilen ýakyn aragatnaşykda bolmak maksady bilen geçirilýän döredijilik sergisinde 365 eser görkezilýär. Açylyş dabarasynda çykyş eden halypa mugallymlar, ussat suratkeşler, heýkeltaraşlar, görnükli sungat işgärleri zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagynda, sungatyň dürli ugurlary, şol sanda halyçylyk we haly önümleri, gobelen, zergärçilik, keramika ugurlary boýunça bilim alýan ýaşlaryň kämilleşmeginde serginiň uly ýardamynyň bardygyny bellediler.

Şa serpaý — ykbaldan uly paý

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli sylaglar gowşuryldy Ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly baýramçylyklar we seneler mynasybetli döredijilikli hem-de halal zähmet çekýän ildeşlerimiz döwlet sylaglary bilen sylaglanylýar. Asylly däbe eýerip, 10-njy dekabrda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmäge, dünýäde giňden wagyz etmäge, nesilleri milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza hormat goýmak ruhunda, ynsanperwer häsiýetlerde terbiýelemäge uly goşandyny goşan raýatlarymyzy hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşanlar bilen sylaglamak dabaralary geçirildi.

Döredijilikli we yhlasly zähmetiň sarpasy

10-njy dekabrda Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmäge, dünýäde giňden wagyz etmäge, nesilleri milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza hormat goýmak ruhunda, ynsanperwer häsiýetlerde terbiýelemäge uly goşant goşan, dürli ulgamlarda zähmet çekip, aýratyn tapawutlanan raýatlarymyzy hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, şeýle-de ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak dabaralary geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, biz hem döwletimiziň sylag-serpaýyna mynasyp bolan ildeşlerimiziň käbiriniň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Ömre ýakym, ýalkym şa serpaýyňyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

10-njy dekabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärlerini Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak dabarasy boldy. Bizem Şa serpaýyndan paýly halypalarymyzy tüýs ýürekden gutlap, olara söz berýäris.